Eýran ABŞ-nyň soňky teklibini gözden geçirýändigini aýtdy, çeşmeleriň aýtmagyna görä, bu söweşleri bes edip biler, emma birnäçe uly meseläni açyk goýar. ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ylalaşygyň "gaty mümkindigini" öňe sürdi, ýöne Tähran ylalaşygy ret etse, söweşleriň täzeden başlanjakdygy barada duýduryş berdi.
Eýranyň döwlet eýeçiligindäki ISNA habar agentligi Daşary işler ministrliginiň metbugat wekiline salgylanyp, Tähranyň ABŞ-nyň teklibini alandygyny we jikme-jiklikleri öwrenýändigini aýtdy, emma onda yslam respublikasynyň liderleri üçin kabul ederliksiz düzgünleriň bardygyny belledi.
Esmaeil Bakaeiniň aýtmagyna görä, ABŞ-nyň urşy bes etmek baradaky teklibi henizem "gözden geçirilýär" we Tähran "pikirini gutarnykly kesgitländen" soň ol araçy Pakistana öz jogabyny ýetirer.
Şeýle-de bolsa, Tramp Pakistanyň araçylyk edýän gepleşikleriniň gowy dowam edýändigini aýtdy.
"Olar ylalaşyk gazanmak isleýärler. Soňky 24 sagadyň dowamynda örän gowy gepleşikleri geçirdik we ylalaşyk gazanmagymyz örän mümkin" diýip, Tramp 6-njy maýda Owal kabinetinde žurnalistlere aýtdy.
Soňra, Respublikan partiýasynyň mitingine eden wideo ýüzlenmesinde Tramp urşuň "çalt gutarjakdygyny" tassyklady.
Degişli maglumat
Tramp ABŞ-nyň Hormuz bogazyndan gämileri geçirmek operasiýasyny wagtlaýyn togtadjakdygyny aýtdyBu sözler Trampyň şol gün irden sosial mediada ABŞ-nyň Eýrana garşy bombalaýyş kampaniýasyny täzeden başlatmagy bilen haýbat atyp, Tähranyň ABŞ-nyň teklibine razy bolmagynyň mümkinçiligini "uly çaklama" diýip atlandyrmagyndan soň has optimistik ýaňlandy.
Iki tarap Eýranyň urany baýlaşdyrmak ukyby we 28-nji fewralda başlanan uruşdan öň dünýäniň nebit we gaz üpjünçiliginiň 20 göteriminiň geçýän möhüm suw ýoly bolan Hormuz bogazyna gözegçilik etmek ýaly dürli meseleler boýunça gapma-garşylyklara duçar bolýar.
Bir sahypalyk Memorandum
“Reuters” pakistanly çeşmesine we araçylyk barada habarly başga bir çeşmä salgylanyp, konflikti resmi taýdan soňlajak bir sahypalyk memorandum boýunça ylalaşygyň golaýdygyny aýtdy.
“Reuters” agentliginiň çeşmeleriniň habaryna görä, bogazdan geçýän gämi gatnawlarynyň açylmagy, Tährana garşy ABŞ-nyň sanksiýalarynyň ýatyrylmagy we Eýranyň ýadro programmasyna çäklendirmeleri goýmak barada pikir alyşmalar ýola goýlar.
Tähran hemişe ýadro programmasynyň diňe raýat maksatlary üçin niýetlenendigini öňe sürdi, ABŞ, Ysraýyl we Günbataryň beýleki ýurtlary bolsa, ony ýadro bombasyny döretmäge synanyşmakda aýyplaýarlar.
Eýranyň ýarym resmi “Tasnim” habar agentligi ady agzalmaýan çeşmä salgylanyp, ABŞ-nyň teklibinde käbir kabul ederliksiz düzgünleriň bardygyny aýtdy, emma haýsylarynyň bardygyny anyklaşdyrmady.
Eýran parlamentiniň daşary syýasat we milli howpsuzlyk komitetiniň metbugat wekili we eýranly kanun çykaryjy Ebrahim Rezaei ABŞ-nyň teklibiniň öňki tekstini “hakykatda amerikan arzuwlarynyň sanawy” diýip atlandyrypdy.
Degişli maglumat
Eýranda uruş we ABŞ-nyň blokadasy ykdysadyýeti sarsdyrýan mahaly, walýuta rekord derejede pese gaçdy"Amerikalylar ýüzbe-ýüz gepleşiklerde näme gazansa-da, ýitgi çekýän uruşda hiç zat gazanmazlar" diýip, ol sosial mediada ýazdy.
"Reuters" agentligi araçylyk bilen tanyş çeşmä salgylanyp, ABŞ-nyň gepleşiklerine Trampyň wekili Stiw Witkoffyň we giýewisi Jared Kuşneryň ýolbaşçylyk edýändigini aýtdy.
Çeşmäniň aýtmagyna görä, häzirki bir sahypalyk memorandum iki tarapdan kabul edilse, doly ylalaşyga gelmek üçin 30 günlük jikme-jik gepleşikler başlanar.
Doly ylalaşyk bogazda ABŞ-nyň we Eýranyň blokadalaryny bes eder, ABŞ-nyň sanksiýalaryny aýrar we Eýranyň doňdurylan maliýe serişdelerini boşadar. Şeýle hem, çeşme Eýranyň urany baýlaşdyrmagyna arakesme ýa-da moratoriý goýmak maksady bilen Eýranyň ýadro programmasyna käbir çäklendirmeleriň boljagyny sözüne goşdy.
Şol bir wagtyň özünde, Fransiýanyň ýolbaşçylygy Hormuz bogazynda gämi gatnawyny dikeltmek boýunça mümkin bolan missiýa üçin öňünden taýýarlyk görmek maksatly Günorta Gyzyl deňze uçar gämisini iberýändigini aýtdy.
Onuň missiýasy "diňe bir Hormuz bogazynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge taýýardygymyzy däl, eýsem muny etmäge ukyplydygymyzy hem görkezýär" diýlip, prezidentiň administrasiýasynyň beýanatynda aýdyldy.