Owganystanyň ykrar edilmedik "Talyban" hökümetiniň resmileriniň Moldowa sapary kiçijik Gündogar Ýewropa ýurdunda syýasy dartgynlylyk döretdi.
"Talybanyň" Oba hojalyk ministrliginiň üç resmisi, wiza berlenden soň, birnäçe günlük sapar bilen 3-nji awgustda Kişinewe geldi.
2021-nji ýylda halkara goşunlary Owganystandan çykarylandan soň häkimiýeti ele geçiren yslamçy söweşiji topar bu sapary öz halkara abraýyny we kanunylygyny ýokarlandyrmak üçin ulanmaga synanyşdy.
"Talyban" hökümeti dünýäde iň repressiw režimleriň biri hasaplanýar. Halkara jemgyýetçiligi "Talyban" liderlerini gara sanawa goşdy we topary global maliýe ulgamyndan çykardy.
"Talybanyň Ýewropa resmi sapary"
3-nji awgustda "Talybanyň" Oba hojalyk ministrligi X sosial ulgamyndaky sahypasynda aeroportda, "Türk howa ýollary" kompaniýasynyň uçarynyň gapdalynda däp bolan eşiklerde "Talybanyň" üç resmisiniň suratyny paýlaşdy. Suratyň aşagyndaky düşündirişde saparyň "resmi" häsiýetini bir gezek däl-de, iki gezek nygtalyp, bu saparyň ýokary derejeli döwlet çäresi hökmünde görkezilmegi üpjün edildi.
Bu maglumat çap edilenden soň, "Talybana" degişli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri saparyň gidişi barada sagatma-sagat täzelikleri habar berdiler.
Degişli maglumat
"Talyban" Brýusselde: dünýä näme üçin Owganystanyň täze režimi bilen gepleşik geçirýär?"The Kabul Tribune" neşiri oba hojalyk ministriniň orunbasary Sadr Azam Osmaniniň "iki ýurduň arasyndaky amaly we tehniki hyzmatdaşlygy giňeltmegi ara alyp maslahatlaşmak üçin" Moldowa gelendigini habar berdi.
“Ariana News” neşiri has-da öňe gidip, ministrligiň metbugat wekiline salgylanyp, delegasiýanyň “oba hojalygyny ösdürmek, ylmy barlaglar, ösümlikleri goramak, zyýankeşlere garşy göreşmek, döwrebap oba hojalyk tehnologiýalary we bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny durmuşa geçirmek” barada maslahatlaşmak üçin moldawaly kärdeşleri bilen duşuşjakdygyny aýtdy.
Owganystanyň döwlet telewideniýesi 3-nji awgustda agşamky esasy ýaýlymyna sapar baradaky maglumatlary bilen başlady.
'Oňaýsyz we kabul ederliksiz'
Bu jedeliň merkezinde "Talybanyň" üç wekilini çagyran Moldowanyň resmisi Wasile Sarban durýar. Ol bu karary Owganystana eksport etmek isleýän Moldowanyň hususy kompaniýalarynyň haýyşy boýunça kabul edendigini aýtdy.
“Men Moldowanyň häkimiýetleriniň Moldowanyň ykdysady guramalarynyň aladasyny etmeginiň dogrudygyna ynanýaryn” diýip, Moldowanyň Oba hojalyk we azyk senagaty ministrliginiň resmisi Sarban aýtdy.
“Eger biziň önüm öndürijilerimiz satjak ýerleriniň ýokdugyny aýtsalar, döwlet olara bazar tapmaga kömek etmelidir” diýip, ol sözüne goşdy.
Emma Sarbanyň bu sözleri sapar bilen baglanyşykly artýan nägilelikleri basyp ýatyryp bilmedi.
“Talyban” toparynyň delegasiýasy Kişinewe gelen mahaly, Moldowanyň Daşary işler ministrligi wizalaryň hakykatdanam berlendigini tassyklaýan, ýöne “Talybanyň” aýdýan wersiýasyndan daşlaşýan mazmundaky beýanaty ýaýratdy.
Ministrlik sapara gelen owgan wekilleriniň "halkara sanksiýalary arkaly nyşana alynmaýandygyny" nygtady we "Moldowa Respublikasynyň halkara sanksiýa režimlerine berk eýerýändigini we Owganystandaky "Talyban" hökümetini ykrar etmeýändigini" tekrarlady.
Delegasiýa wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar ýa-da resmi gatnaşyklar bolmaz" diýlip, beýanatda bellendi.
Degişli maglumat
Owgan Talybany aýallary tussag etmek we ýençmek bilen 'hijaby dogry' dakynmak talabyny berjaý edýärŞeýle-de, Moldowanyň hökümeti wizalaryň nähili berlendigi barada derňew geçirip başlaýandygyny hem yglan etdi.
Premýer-ministr Wasile Tofan Facebook sosial ulgamynda paýlaşan maglumatynda wakany "oňaýsyz we kabul ederliksiz" diýip atlandyrdy we ony administratiw şowsuzlyk hökmünde häsiýetlendirdi.
“Prosedura resmi taýdan ýerine ýetirildi, ýöne zerur syýasy we diplomatik baha berilmedi” diýip, Tofan maglumatda aýtdy. “Aýdyň duýgur bir meselä adaty administratiw iş hökmünde garaldy. Netijede ýalňyş karar kabul edildi” diýip, ol sözüne goşdy.
Hyzmatdaşlaryň gözleginde
Russiýa "Talybany" Owganystanyň kanuny hökümeti hökmünde resmi taýdan ykrar eden ýeke-täk ýurtdur. Ol muny 2025-nji ýylda, ABŞ-nyň we NATO-nyň güýçleriniň 2021-nji ýylda Owganystandan çykarylmagynyň yz ýanynda toparyň häkimiýete gaýdyp gelmeginden dört ýyl soň amala aşyrdy.
Hytaý, Gazagystan we Özbegistan ýaly birnäçe ýurt "Talyban" hökümetini resmi taýdan ykrar etmezden, onuň bilen diplomatik, söwda we ykdysady gatnaşyklary saklaýar.
"Talyban" dünýäniň dürli ýurtlary bilen gatnaşyklary ýola goýmaga synanyşdy, bilermenler bu tagallanyň onuň daşarky kanunylygyny talap etmäge we ýurduň içinde jemgyýetçilik pikirine täsir etmäge niýetlenendigini aýdýarlar.
Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlaryň ýiti tankytlaryna garamazdan, iýun aýynda "Talyban" resmileri ilkinji gezek Brýusselde owganlaryň öz ýurtlaryna gaýtarylmagy barada gepleşik geçirdiler. Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlar Ýewropa Bileleşiginiň owganlaryň, esasanam zenanlaryň esasy hukuklaryny berk çäklendirmekde aýyplanýan "Talyban" toparyny kanunlaşdyrýandygyny aýtdylar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.