Türkmenistanda bank arkaly daşary ýurt okuw töleglerini geçirip bolýan ÝOJ-laryň sanawynyň diňe 4 müň uniwersitet bilen çäklendirilmeginden soň, şu günler çagalary daşary ýurtlaryň uniwersitetlerinde taýýarlyk kurslaryny okan ýaşlaryň köpüsiniň ene-atalary öz perzentlerini ýurda getirmäge howlugýarlar.
Ene-atalaryň ençemesi munuň halkara uçar biletlerine bolan talabyň artmagyna we biletleriň satuwy bilen bagly korrupsiýanyň nobatdaky gezek möwjemegine getirendigini aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 9-njy iýulda Aşgabatdan maglumat berdi.
“Täze çäklendirme ýaýrany bäri ene-atalar çagalarynyň daşary ýurtlardaky çykdajylary sebäpli olary tizden-tiz ýurda getirmäge synanyşýarlar. Ene-atalaryň käbirleri bolsa, çagalarynyň wizalary dolýandygy sebäpli pasportlaryna deport basylmagynyň öňüni aljak bolýarlar. Olaryň aglabasy geçen okuw ýylynda daşary ýurtlaryň ÝOJ-larynda podkurs okan ýaşlardyr” diýip, çagasyny daşary ýurtdan getirmäge çalyşýan aşgabatly ene anonimlik şertinde aýtdy.
Aýry-aýrylykda söhbetdeş bolan ene-atalaryň ençemesi munuň sebäbini olaryň resminama tabşyryp, podkurs okan ÝOJ-lary Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan dört reýting sanawynda ilkinji 1000 uniwersitete girmändigi bilen düşündirdiler.
Degişli maglumat
Türkmen talyplarynyň daşary ýurtlardaky okuw töleglerini geçirmegine degişli täze çäklendirme girizildi“Çykdajylarymyz puç boldy”
“Bu ýaşlar Russiýanyň, Belarusyň, Türkiýäniň, Hytaýyň we Gazagystanyň ÝOJ-laryna okuwa kabul edilipdiler. Häzir köp hojalygyň gara bazardan dollar satyn alyp, çagasynyň okuw puluny tölemäge ýagdaýy ýok. Podkurs üçin eden çykdajylarymyz hem puç boldy” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýene bir ene anonimlik şertinde aýtdy.
Ýatlatsak, geçen aýyň üçünji ongünlüginiň başynda türkmenistanlylar daşary ýurtlaryň ÝOJ-larynda okamaga taýýarlanýan türkmen ýaşlaryna degişli täze çäklendirme barada bilip galdylar. Muňa laýyklykda, indi agzalýan dört sanawdaky ilkinji 1000 ÝOJ-a girmedik uniwersitetlerde okaýan türkmen talyplaryna ýerli banklar arkaly okuw töleglerini resmi kurs esasynda geçirmäge rugsat berilmez.
Häzire çenli daşary ýurt uniwersitetlerinde okaýan türkmenistanlylar ýurduň banklary arkaly dollaryň resmi kursy boýunça okuw töleglerini geçirip bilýärdiler. Türkmenistanyň Merkezi banky indi 11 ýyldan gowrak wagt bäri dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 3,5 manat töwereginde saklaýar. Bu aralykda, ýurtda walýutanyň gara bazary emele gelip, 1 dollar 20 manat töwereginde bahalanýar.
Habarçymyz munuň köp ene-ata agyr zarba bolandygyny aýdyp, olaryň çagalaryny yzyna getirmäge howlukmagyna we olara uçar biletlerini almak üçin “Türkmenistan” howaýollary kärhanasynyň kassalaryna ýykgyn etmegine getirendigini aýdýar.
“Häzir halkara uçar biletleri satylýan kassalaryň öňünde her gün onlarça adamy görse bolýar. Ýöne hemişeki ýaly kassalarda we onlaýn görnüşde bilet tapdyrmaýar. Bilede bolan talabyň artmagy, olaryň araçylar arkaly berilýän parasynyň hem ýokarlanmagyna getirdi. Häzir Russiýa we Belarusa döwlet bahasy 5000-6000 manat aralygynda bolan uçar biletlerini diňe araçylardan satyn alyp bolýar we ol 10000-11000 manada düşýär” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýene bir ene anonimlik şertinde aýtdy.
“Ähli pudakda hem korrupsiýa ösen, ýöne...”
Söhbetdeşlerimiz munuň hojalyklaryna goşmaça zarba urýandygyny aýdyp, häkimiýetleriň ýurduň içindäki we halkara biletleriniň töwereginde ýyllarboýy saklanyp galýan korrupsiýany çözmezligine nägilelik bildirýär.
Degişli maglumat
Maryly ene-atalar Aşgabada baryp, okuw töleglerini geçirmek meselesiniň çözülmegini talap etdi, ýöne...“Biledi başga usul bilen alyp bolmaýar, näçe bolsa-da almaga taýýar diýseň, agenstwanyň içindäki araçy adamlar gelip, biledi iki esse gymmada satýarlar. Her kim öz çagasyny alyp gaýtmak üçin bilet gymmat bolsa-da almaly bolýar. Ähli pudakda hem korrupsiýa ösen, ýöne “Türkmenistan” howaýollary bu hatarda ilkinji setirlerde ýerleşýär. Ne saýtdan bilet alyp bolýar, ne-de kassalardan” diýip, aşgabatly ýene bir ene anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda bilim we bank resmilerinden, şeýle-de “Türkmenistan” howaýollary kompaniýasyndan teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanda bank arkaly daşary ýurt okuw töleglerini geçirip bolýan ÝOJ-laryň sanawynyň diňe 4 müň uniwersitet bilen çäklendirilmeginiň türkmen ýaşlarynyň anyk näçesine täsir edendigi we mundan beýläk nähili täsir etjekdigi barada anyk sanla, maglumatlar häzirlikçe elýeterli däl.
Bu barada türkmen häkimiýetleri hem resmi beýanat etmeýärler. Döwlet metbugaty hem bu barada kelam agyz söz aýtmaýar.
Ýöne ene-atalaryň we ýerli synçylaryň ençemesi muny häkimiýetleriň daşary ýurtlara gidýän ýaşlaryň sanyny çäklendirmek tagallalary atlandyrýar.
2-nji iýulda maryly ene-atalaryň onlarçasy Aşgabada baryp, ýurduň Bilim we Adalat ministrliklerindäki häkimiýetlerden çagalarynyň daşary ýurtlardaky okuw töleglerini geçirmegine degişli täze çäklendirmäni çözüp bermegi talap etdi. Ýöne resmiler olary kabul etmän, ene-atalara ýerli häkimiýetlere ýüzlenmegi tabşyrdylar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.