Kuril adalary: Näme üçin Ikinji Jahan urşy hiç haçan tamamlanmady?

Kunaşir adasynda bir güjüjek “Reuters” habar agentliginiň suratçysynyň ýanyndan aýlanyp gaçyp barýar. Bu ada ruslaryň ýerleşen dört adasyndan birisi, emma Ýaponiýa bu ýeri özüniň demirgazyk territoriýasy hasaplaýar. Kunaşir adasy Ýaponiýadan 20 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Kunaşir adasynda rus zenan dodagyny boýaýar. Adalaryň üstündäki dawalar Ikinji Jahan urşundaky duşmançylygy resmi ýagdaýda ýok etmek üçin, Russiýa we Ýaponiýa arasynda şertnama baglaşylmandygyny aňladýar. Ýerli bir zenanyň belläp geçişi ýaly: “Söweşem ýok, ylalaşygam ýok”.

Kuril adalary (ortada) Ýaponiýa we Russiýa arasynda suw damjajyklarynyň yzyna meňzeýär. Iki ýurduň arasyndaky taryhy serhet ýokarky we aşaky ada zynjyrlaryna aýyrýardy. Ýöne Ikinji Jahan urşundan soňra serhet Ýaponiýanyň esasy adasyna tarap süýşürildi.

Urşuň soňky günlerinde Birleşen Ştatlar we Beýik Britaniýa Kuril adalaryny Ýaponiýa garşy söweşe girmeginiň öwezine Moskwa bermäge söz berdi.

Kuril adalaryny 1945-nji ýylda ele geçirmek üçin amala aşyrylan operasiýada, öldürilen sowet esgeriniň galyndysy. Ýaponiýa özüniň esasy topraklaryna ýakyn 4 adany – Kuril zynjyrynyň bölegine we SSSR-e degişli däldigini öňe sürýär. Şol sebäpden hem olary ele geçirmäge hakynyň ýokdugyny aýdýar.

Kunaşir adasyndaky ýapon mazar daşy. 1945-nji ýylda adalar ele salnanda, Iosef Staliniň ýapon ilatyny 1947-nji ýylda Ýaponiýa mejbury göçürmeginden ozal, biynjalykly ýaşaýyş (2014-nji ýyldaky animasiýa filminiň temasynda) döwri boldy.

Iturup adasynda gyş pasly. Häzirki wagtda bu dawaly adada 19 müň töweregi rus ilaty ýaşaýar.

Kunaşir adasyndaky portda agşamara wagty. Balykçylyk, bu ýerdäki ruslar üçin esasy gazanç çeşmesi. Ýöne infrastruktura gözgyny ýagdaýda. Ýerliler üçin ykdysady ýagdaý, umuman, ýaramaz. 1947-nji ýylda kowlan ýaponlar 2005-nji ýyldaky zyýaratynda, özüniň ozalky diýaryny “yrýa giden toprak” diýip atlandyrdy.

1989-njy ýylda Kunaşir adasynda sowet esgeri. Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soňra, Kuril adasyndaky ýaşaýjylary bilen adalaryň eýeçiliginiň Ýaponiýa berilmegi hakynda ýasama referendum  geçirildi. Adalardaky bir rus resmisi: “Ol adamlaryň köpüsi hiç kim, hiç zat” diýip, gahar bilen ýatlady.

Düwlenler Kunaşir adasynda ýüzýärler. Dawaly adalaryň kenaryndaky suwlarda, potensial balykçylyk pudagynda ýylda takmynan 4 milliard dollar gymmatlygynda deňiz durmuşy bar.

1990-njy ýyllarda günorta Kuril adalarynyň Russiýanyň eýeçiliginde bolmagynyň peýdasyny gorap çykyş edýän mitinginde rus balykçysy.

Ýapon tanky günorta Kuril adalarynyň birinde poslap ýatyr. Söweşde 20 million sowet raýatynyň ölmeginden soňra, nasist Germaniýanyň ýaranyna topraklaryň yzyna berilmek ideýasy, aglaba ruslar üçin pikir edilip bilinmejek zatdy.

1998-nji ýylda Kuril adalarynyň ýakynynda ýadro suwasty gämisi. Russiýany günortadaky adalara baglaýan beýleki faktor hem häzirki harby strategiýa. Günorta Kuril adalarynyň arasyndaky çuň suw kanallary rus suwasty gämilerine Ýuwaş okeanyna çykmak üçin ýaşyryn ýol bolup hyzmat edýär.

Ozalky ýapon ýaşaýjylary Kunaşir adasyndaky ýakyn-garyndaşlarynyň mazarlaryny zyýarat edýärler. Synçylar, “alfanyň” içine ýa ýaponlara iki uly adanyň ýakynlarynda balyk tutmak hukugy ýa-da ýapon raýatlarynyň jedelli adalara syýahat we biznes etmek hukugynyň goşulmagyny teklip edýärler.