GULAG awçylary. Çehiýaly dostlar sowet türmelerindäki durmuşy öwrenýär

Zabaýkalýe. Kodar daglaryndaky uran käninde ýerleşen zähmet-düzediş lägerinden tussaglaryň ulanan gurallary. 

 

Taşlanan zähmet-düzediş lagerindäki köne araba tas 67 ýyllap ellenmedi.

Bu suratlar Stalin döwrüniň GULAG lagerlerini derňemek bilen meşgullanýan çeh topary tarapyndan düşürildi. 

2009-njy ýylda Orsýete ýüzleý syýahat eden Ştepan Çernouşek taşlanan sowet türmelerine baryp görmek ideýasy bilen hyjuwlandy. Şeýdip onuň dostlary bilen Sibire edýän "zyýaratlary" başlandy. 

Çernouşek AÝ/AR-a bu saparlaryň öüi üçin açyş bolandygyny gürrüň berdi. "Ol ýerde tussaglaryň hatlary, haýsydyr bir goşlary bar. Bu ynanar ýaly däl. Men, mysal üçin, Ýewropada nasist lagerleriniň şeýle taşlanmagyny göz öňüne getirip bilmeýärin" diýip, ol aýtdy. 

Şeýlelikde, "Gulag.cz" taslamasy doguldy, ol dolulygyna sowet giňişligindäki GULAG-y öwrenmäge bagyşlandy.

Olar 2009-njy ýyldan soň taşlanan türmelere azyndan üç gezek sapar etdiler.  

Bu hili külbelerde itler saklanypdyr. 

Uzaga gurnalan ekspedisiýalar hemişe aňsat geçmeýär.

Çernouşek we onuň topary 2013-nji ýylda ozalky GULAG territoriýasyna geldi, emma ol tokaý ýangynynda weýran bolan eken. Soňra olaryň bu ýere gelen gaýygy orta ýolda döwüldi we syýahat dört gün uzaga çekdi.

Çernouşek golaýdaky ilatly nokatdan ýüzlerçe km uzakda, öýjükli aragatnaşyk ýok halatynda syýahatçylaryň özlerini "taýganyň ýesiri" ýaly duýandyklaryny gürrüň berýär. Bagtlaryna, golaýdan geçip barýan motorly gaýyk kömege geldi.
 

Käte barýan ýerlerinde aýylar we beýleki jandarlar hem duşýar, emma olar hiç wagt özlerini goramak üçin tüpeň almaýarlar. 
 

Tokaýyň ortasynda taşlanan lokomotiw. 

Tussaglaryň ýaşan baraklarynyň bir bölegi. 

Çernouşegiň sözlerine görä, bu hili ekspediaýalar we barlaglar örän möhüm: "Adamzat taryhynyň garaňky döwürlerini ýatda saklamak zerur" diýip, ol aýtdy.

2009 ý. Derýanyň kenarynda. "Biz adamlara bu lagerleriň uzak geçmiş däldigini, olaryň hakyktadanam bolandygyny görkezmek isledik" diýip, Çernouşek aýtdy.