'Dowzaha hoş geldiňiz, II bölüm': Ikinji çeçen urşy

1995-nji ýylda regionyň paýtagty Groznyýda bir adam separatist çeçen baýdagyny galgadýar. 1994-96-njy ýyllarda federal goşun bilen çeçen pitneçileriniň arasyndaky söweşde rus bombalary we beýleki ýaraglary tarapyndan köp jaýlara zyýan ýetipdi. Bu söweş hakykatda Çeçenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen tamamlandy.

1994-nji ýylda çeçen adamy. Kremliň çeçenler bilen asyrlar boýy dowam edýän taryhy konflikti we olara garşy genoside golaý repressiýasy bar. Aleksandr Solženitsyn sowet Gulagyndaky çeçen tussaglaryny "boýun bolmak psihologiýasyny kabul etmegi ret edýän" bir etniki toparyň agzalary diýip häsiýetlendirýär.

1996-njy ýylda Groznyýda taýak bilen urulýan bir adam. Urşuň weýrançylygy we ony belli bir derejede yzarlan izolýasiýa Çeçenistany ekstremizmi iýmitlendirýän gurşawa öwürdi.Köçe ýowuzlygy uly problema boldy. 1997-nji ýylda region şerigat kanunyny kabul etdi we jemgyýetçiligiň öňünde temmi beriş çärelerini amala aşyryp başlady.

Gozgalaňçylar goňşy Dagystana geçenden soňra, söweşijiler bilen uruşýan rus esgerleri hüjümlere başladylar. Bu Çeçenistanyň ikinji post-sowet urşuny öjükdirijileriň biridi.

Urşuň esasy öjükdirijileriniň ýene biri Moskwadaky we başga-da iki şäherdäki köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesine edilen bomba hüjümleri boldy. Bu hüjümlerde 300-den gowrak adam ölüpdi. Putin bu wakany amala aşyrmakda Çeçenistandaky "terroristleri" aýyplap, uly göwrümli howa kampaniýalaryna başlamagy tabşyrdy. Syrly ýagdaýlar, boljak wakany aklamak üçin bomba hüjümleriniň Kreml tarapyndan planlaşdyrylan bolmagy mümkindigi baradaky hemişelik şübheleriň döremegine sebäp boldy.

1999-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda Putin Çeçenistana gury ýery hüjümlerini amala aşyrmagy tabşyrdy. Bu harby güýçler 2-nji oktýabrda surata düşürildi.

Russiýanyň federal esgerleri çeçen pitneçileriniň pozisiýalaryna ot açýar. Gury ýer hüjümleri artilleriýa oklarynyň güýçli ulanylmagy we howa güýçleri tarapyndan goldanyldy.

17-nji oktýabrda çeçen söweşijileri öz tüpeňleri bilen federal güýçleri nyşana alýarlar.

Russiýanyň hüjüm edijji dikuçarlary Çeçenistanda bir oba hüjüm etdi. Wakada parahat ilatdan ençeme adam öldi.

1999-njy ýylyň noýabrynda Russiýanyň ýarym tonna partladyjy serişdäni götermäge ukyply "Toçka" raketasy çeçen gozgalaňçylary tarapyndan ulanylýan ýola tarap atyldy. 21-nji oktýabrda rus harby güýçleri birnäçe taktiki ballistik raketalary Groznyýnyň merkezine atyp, bir bada 100-den gowrak adamy öldürdi. Bu waka halkara derejesinde närazylygyň döremegine sebäp boldy.

Çeçenistanyň nebit ýataklary Russiýadaky nebit öndürýän birnäçe regionyň biri bolup, onuň territoriýasyndan gaz geçiriji hem geçýär. 1990-njy ýyllaryň dowamynda Russiýanyň harbylarynyň Çeçenistanyň nebit baýlygyndan girdeji almaga gatnaşandygy aýdylýar.

Groznyýnyň çetindäki döwük beton bölegine gyzyl boýag bilen ýazylan "Dowzaha hoş geldiňiz, II bölüm" ýazgysy. Beýleki ýazgy Russiýanyň gündogaryndaky Irkutsk regionyndan bolan federal güýçlere degişli bolup, onda şeýle ýazylypdyr: "Biz dolandyk".

2000-nji ýylyň ýanwarynda Groznyýda federal güýçler ot açýar.

2000-nji ýylyň fewralynda Russiýanyň esgerleri Groznyýnyň merkezinde rus baýdagyny dikýär. Federal güýçler Groznyýny gaýtadan basyp alanda, söweşiň dowamynda atylan rus bombalarynyň we beýleki ýaraglaryň şäheri harabaçylyga öwürendigini görse bolýar.

Groznyýdaky harabaçylykdan geçip barýan zenan. Groznyý 10 ýyldan hem az wagtyň dowamynda iki gezek nyşana alnandan soňra, Çeçenistanyň paýtagty dünýäde iň köp weýran edilen şähere öwrülipdi.
 

2000-nji ýylyň fewralynda Russiýanyň deňiz pyýada goşuny patrullyk edýär. Urşuň täze tapgyrynda, ýagny Groznyý basylyp alnandan soňra, söweşijiler daglarda we tokaýlarda hereket etdiler. 

1999-njy ýylyň dekabrynda çeçen söweşijileri Groznyýnyň golaýyndaky tokaýda dem-dynç alýarlar.

2000-nji ýylyň aprelinde Çeçenistanyň daglaryndaky rus harby pozisiýasy.

Federal goşunyň daga çykyp barýan tanky.

2000-nji ýylyň martynda Komsomolskoýe obasyndaky söweş döwründe rus harby gullukçysy. Bu obadaky söweşde algabasy parahat ýaşaýjylardan ybarat 700-den gowrak adam öldürildi. Şol ýylyň ýaz paslynda, has takygy martynda Putin prezidentlige saýlandy we maý aýynda ol prezidentlige kasam etdi. Şondan soňra Putin Çeçenistanyň göni Kreml tarapyndan dolandyrylmalydygyny yglan etdi.

2002-nji ýylyň oktýabrynda yslamçy söweşijiler Moskwanyň teatryna kürsäp girip, 1000-e golaý tomaşaçyny, aktýory we beýleki adamlary zamun alyp, Çeçenistandan federal güýçleriň çykarylmagyny talap etdiler. Üç gün soň Russiýanyň howpsuzlyk güýçleri teatra kürsäp girende, häkimiýetler hüjümçileriň ählisiniň öldürilendigini aýtdylar. Şonda zamun alnan adamlaryň 130 sanysy hem öldürilipdi.
 

2002-nji ýyldaky teatr gabawynyň yzýany, söweşijiler Kremliň bu ýerdäki operasiýasyna salgylanyp, Çeçenistanyň daşynda parahat ilata garşy birnäçe hüjümi amala aşyrdylar. 2004-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda söweşijiler Çeçenistan bilen serhetleşýän Demirgazyk Ossetiýadaky bir mekdebe kürsäp girip, 1100-den gowrak okuwçyny, ene-atany we mekdep işgärini zamun aldy. Olar beýleki zatlar bilen bir hatarda, Çeçenistandan federal goşunyň çykarylmagyny talap etdiler. Russiýanyň ýörite güýçleri, tankytçylar tarapyndan şowsuz bolandygy aýdylýan halas ediş operasiýalaryna başladylar. Üç gün dowam eden Beslan horlugy 334 adamyň, şol sanda 186 çaganyň ölümi bilen tamamlandy.

 

2000-nji ýylyň martynda Ahmad Kadyrow Çeçen administrasiýasynyň wagtlaýyn ýolbaşçysy edip bellenildi. Kremle tarapdar syýasatça öwrülen separatist söweşiji 2004-nji ýylda öldürildi. 2007-nji ýylda onuň ogly Ramzan Putin tarapyndan Çeçenistanyň prezidenti edip bellenildi. Çeçenistan Moskwa tarapyndan iberilen maliýe serişdesiniň netijesinde gaýtadan dikeldildi. Emma hukuk goraýjy toparlar Kadyrowyň Çeçenistanyň ýowuzlyk we adam gorkuzmak bilen dolandyrýandygyny aýdyp, onuň ençeme ýyl bäri dowam edýän ýowuzlyklara, şol sanda adam alyp gaçmalara, gynamalara we öldürmelere jogakärdigini belleýärler.

2009-njy ýylyň aprelinde Moskwa özüniň Çeçenistandaky "terrorçylyga garşy operasiýalaryny" bes etdi. Bu konfliktde aglabasy parahat ýaşaýjylardan ybarat 50 müňden 80 müňe çenli adamyň öldürilendigi çaklanylýar. 

20 ýyl ozal Russiýanyň premýeri ministri Wladimir Putin Çeçenistana harby operasiýany başlatdy.