Region görnüşleri #16

Ermeni paýtagty Ýerewanda 20-nji aprelde müňlerçe adam tapgyr sekizinji gün proteste çykyp, ozalky prezident Serž Sarkisýanyň premýer-ministr saýlanmagyna garşylyk bildirdi.  6- ýaşyndaky Lucine Burtoýan hökümetine binasyny goraýan polisiýa ofiserine ýüzlenip: "Gel bize goşul. Sen näme üçin [Sarkisýan] bilen? Sen näme üçin öz halkyň bilen däl" diýdi. (RFE/RL/Amos Chapple)

20-nji aprelde ermeni paýtagtynda 200 çemesi protestçi tussag edildi. Olar Serž Sarkisýanyň premýer-ministr saýlanmagyna garşy protest bildirýärdiler.  (RFE/RL/Amos Chapple)

Seul, Günorta Koreýa. Işçiler 22-nji maýda Buddanyň doglan gününi baýram etmäge taýýarlanyp, Jogye ybadathanasynda çyralary düzedýärler. (AP/Ahn Young-joon)

19-njy aprelde Ýerewanda ozalky prezident Serž Sarkisýanyň premýer-ministr saýlanmagyna garşy guralan protestleriň ýedinji gününde 100-den gowrak adam tussag edildi. (Amos Chapple/RFE/RL)

Sankt-Peterburg, Newa derýasyndan agyr duman içinde ýüzüp gelýän gämi. Orsýet. (AP/Dmitri Lovetsky)

Eýran, Ýezd, gara ýel gözýetimi tutýar. (Matthias Schmidt via Reuters)

Owgan milli goşunynyň esgerleri tälim merkezinde gutardyş dabarasyna taýýarlanýarlar. Hyrat welaýaty. (AFP/Hoshang Hashimi)

Damaskyň golaýyndaky Duma şäheri. Weýran bolan köçedäki kürsüde oturan oglan. Siriýa. (Reuters/Ali Hashisho)

Ýol ýakasynda hiňňildik uçýan gyz. Rawalpindi, Pakistan. (Reuters/Faisal Mahmood)

Ermeni paýtagtynda onlarça müň adam ozalky prezident Serž Sarkisýanyň premýer-ministr bolmagyna garşy tapgyr on gün proteste çykdy. (Amos Chapple/RFE/RL)

Moskwa. Adamlar alty gatly jaýyň garaşylmadyk ýerden çöküp başlamagyna reaksiýa bildirýär. Töwerekdäki jaýlaryň ýaşaýjylary ewakuasiýa edildi, pida ýok. (epa-EFE/Maksim Shipenkov)

Merkezi Ýerewan. 16-njy aprel. Ermenistanyň ýöriteleşdirilen polisiýa güýçleri yşarat edýän protestçi aýal.  (AFP/Karen Minasian)

Tussag edilen belarus modeli Anastasia Waşukewiç,  Nastýa Rybka lakamy bilen tanalýar, Taýlanda Pattaýadaky sud binasyndan alnyp gaýdylan wagty polisiýa ulagynda media bilen gürleşýär. Ol  orsýetiň 2016-njy ýyllardaky amerikan saýlawlaryna gatyşy diýilýän babatda bilýän zatlarynyň bardygyny aýdýar.  Waşukewiç 17-nji aprelde sud jaýyna getirildi. (AFP/Lillian Suwanrumpha)

Sankt-Peterburg, pitnä garşy polisiýa 2018-nji ýylda futbol ýaryşy geçiriljek täze stadionda praktika geçýär.  (AP Photo/Dmitri Lovetsky)

Modeller sahnanyň arkasynda belarus dizaýneri Tatýana Ýefremowanyň döreden lybaslaryny Belarus Moda hepdeliginde görkezmäge taýýarlyk görýärler.  Minsk. (epa-EFE/Tatyana Zenkovich)

Ýogalanlaryň ýatlama gününde Çernobyl ýadro reaktorynyň  töweregindäki zona girýän Orewiçi obasynda ýerleşýän gonamçylykda jaýlanan ýakynynyň suratyny ogşaýan aýal.  Bu oba Minskden 390 km uzaklykda ýerleşýär. (AFP/ Maksim Malinovsky)