Region görnüşleri # 9
Merkezi London, atly polkuň agzasy hökümet binasynyň öňünde dur, gar ýagýar. (AFP/Tolga Akmen)
Warşawa, güneşli, emma sowuk gün. Belka guşlar üçin goýlan iými iýýär. (AP/Alik Keplicz)
Çennaý. Hindileriň meşhur ýazdaky reňlker festiwalynda reňkli suw sepilen hindi oglany. Bu baýram şu ýyl 2-nji martda bellendi. (AFP/Arun Sankar)
Taýwan, Taýçung, güllän üljeleri surata düşürýän adam. (epa-EFE/Ritchie B. Tongo)
Germaniýa, darajyk Hars demirýoly bilen Şirkäniň golaýyndaky Broken daglaryna tarap barýan bug otlusy. (Reuters/Fabian Bimmer)
Giza piramidalarynyň görnüşi, Müsüriň paýtagty Kairiň günorta-günbatar etegi, 28-nji fewral. (AFP/Khaled Desouki)
Taýwan, Taýnanda motosikletçiniň başgabyny geýip, "Beehive Firecrackers" festiwalyna gatnaşyjylar. (Reuters/Tyrone Siu)
Günorta-günbatar Fransiýada, La Teste-de-Buchda 28jni fewralda düşen gardan soň bölekleýin gar basan Pilat (ýa-da Pyla) gum depelerinden barýan adamlar. (AFP/Nicolas Tucat)
Budapeştiň demirgazgynda, Pomazyň golaýynda görlen gök geçiguş (Cyanistes caeruleus). (epa-EFE/Attila Kovacs)
Berlin, aýazly howada gyzgyn suw sepýän aýal. Gyzgyn suw derhal ýalpyldawuk gar buludyna öwrülýär. (AFP/dpa/Paul Zinken)
Orsýet, Soçidäki Fişt stadionynyň umumy görnüşi. Soçi FIFA-nyň 2018-nji ýylda, 14-nji iýundan 15-nji iýula çenli aralykda Orsýetde geçjek Dünýä futbol çempionatynyň beýemçi şäherleriniň biri bolar. (epa-EFE/Yuri Kochetkov)
Dünýäniň iň sowuk günleriniň birinde Minskden 35 kilometr uzaklykdaky Družnyý obasyndaky kölçeden asmana göterilen ördekler. (AP/Sergei Grits)
Balaton kölüniň kenarynda suwa düşýänleriň suwa girip-çykýan doňan basgançagyndan ýöräp barýan it. Fonyod, Budapeştden 148 kilometer günorta-günbatarda. (epa-EFE/Gyorgy Varga)
Moskwa, doňan Moskwa derýasynda ýörite gyşky gezelenç üçin niýetlenen gämiiň burnunda duran adamlar. (AP/Alexander Zemlianichenko)
Kiýew, 26-njy fewral. Garaşsyzlyk skweri. Ukrain we krym tatar aktiwistleri Ukrainany goldan, ýitirim bolan ýa-da rus häkimiýetleri tarapyndan Krymda tussag edilen adamlaryň portretlerini we atlary ýazylan plakatlary göterip durlar. Aktiwistler Orsýet basyp alyşyna Krym garşy duruş gününi belleýärler. (epa-EFE/Sergei Dolzhenko)
Gazagystan, 28-nji fewral. "Soyuz MS-06" hemrasy paraşýut bilen ýere gonýar. Ol amerikaly Joe Acaba we Mark Vande Heýden, orsýetli Aleksander Misurkinden ybarat ekipažy alty aýa golaý kosmos missiýasyndan soň Ýere alyp gelýär. (Reuters/Bill Ingalls/NASA)
Polisiýa Kiýewde, parlament binasynyň golýaynda gurlan protetçiler lagerinde ozalky gürji prezidenti Mihail Saakaşwilini goldaýjylar bilen çaknyşýar. (AFP/Stringer)
Belarus obasy Dukoranyň (Minskden 40 km uzaklykda) golýanynda guran otlaryň arasyndan uçup barýan gök geçiguşy. (AP/Sergei Grits)
Iýerusalim, Köne şäher. Mukaddes Kesimin (Holy Sepulchre) kelisesiniň ýapyk derwezesiniň agzynda oturan zyýaratçy. Bu kelise, Ysraýylyň salgyt çärelerine we yeklip edilen emläk kanunyna garşy protest hökmünde, Isanyň jaýlanan diýip bilinýän ýerinde guruldy. (AFP/Gali Tibbon)
Ženewa, Şweýsariýa. Leman kölüniň ýanynda gyş ýelinde uçýan çarlaklar. (Reuters/Denis Balibouse)
Agyr gar düşen Rimde garyň aşagynda galan tigriň gapdalyndan geçip barýan dindar aýallar. (Reuters/Max Rossi)
Merkezi Praga, howanyň sowuklygy minus 12-ä düşende Çarlz köprüsiniň golýayndaky jaýlaryň üçeklerinden ýokary galýan tüsse we bug. (AFP/Michal Cizek)