Region görnüşleri # 12

Siriýaly bosgun serhetleriň açylmagyny talap edip, grek-makedon serhediniň golaýynda protest bildirýär. 18-nji mart. (Reuters/Alkis Konstantinidis)

Orsýet Krymyň anneksiýa edilmeginiň ikinji ýyl dönümini belleýär. Gyzyl meýdan, Moskwa, 18-nji mart.  (Reuters/Maxim Shemetov)

Gyrgyz atlylary Gökböri oýnuny oýnaýar. Bişkek, 18-nji mart, 2016.

Moskwa ötüginden geçip barýan atly aýal. (AFP/Vasily Maximov)

Damaskyň eteginde, uruş ýagdaýynda goýun bakýan siriýaly çopan. (epa/Mohammed Badra)

Orsýetiň prowaslaw ruhanysy Soyuz TMA-20M kosmos gämisine ak pata berýär. Baýkonur kosmodromy,  Gazagystan, 17-nji mart. (AFP/Kirill Kudryavstev)

Protest mahalynda pitnä garşy polisiýanyň hatarynyň öňünde dyza çöküp, aglaýan aýal, Plehanowo, Orsýetiň Tula regiony. 17-nji mart. (TASS/Sergei Starikov)

Owgan aktýorlary 2015-nji ýylda Kabulda Farkhunda Malikzadanyň urlup öldürilişini suratlandyrýan oýunda çykyş edýärler. (AFP/Shah Marai)

Gresiýa bilen Mekedoniýanyň arasyndaky bosgun lagerinde palçykda aýakýalaňaç duran oglan.  16-njy mart. (epa/Nake Batev)

Peşawarda 16-njy martda awtobusy nyşana alan ganly bomba hüjüminden soň ýolda ýatan aýna jäçleri. Pakistan. (epa/Bilawal Arbab)

Orsýetçi jeňçi aýal ýaragyny taýýar edip, zyýan ýeten mekdebiň içinde pozisiýasyny saklaýar.   Zaytsewe obasy, Donetsk regiony. (epa/Alexander Ermochenko)

Jaýş al-Islam (Yslamyň goşuny) toparynyň söweşijisi Jobar mähellesinde front liniýasynda buka ylgaýar, Damaskyň günortasy. (AFP/Amer Almohibany)

 Brokkoli hasylyny ýygnaýan daýhan, Al-Ansariyeh, Sidonyň günortasy. (Reuters/Ali Hashisho)

Gyrgyz awçulary Alyş obasynda (Narynyň ýanynda, Bişkekden 350 uzaklykda) aw bürgütleri bilen Salburun festiwalyna gatnaşýar. (AFP/Vyacheslav Oseledko)

Migrantlar grek-makedon serhediniň ýanyndaky derýandan geçýärler.  (Reuters/Stoyan Nenov)

Grek-makedon serhedinde, Gresiýanyň Idomeni obasynyň ýanynda oturan bosgun gyz. Balkan ugry ýapylanyndan soň, müňlerçe bolsgun we migrant ýolda galdy. . (AFP/Daniel Mihailescu)

Baýkonur şäherinde Maslenitsa baýramynda çykyş etjek ýaş artistler penjireden daşaryk seredýär.  (AFP/Kirill Kudryavtsev)

Moskwada Maslenitsa baýramynda agaja dyrmaşan adam. (Reuters/Maxim Shemetov)