Region görnüşleri #22

Owgan paýtagty Kabulda bolan ganly hüjümden soň hassahananyň daşynda oturan aýal, 31-nji maý. (Reuters/Mohammad Ismail)

Kabul, remezan aýynda metjitde Kuran okaýan gyz. 30-njy maý. (epa/Hedayatullah Amid)

Karaçi, agyz açylýan wagty ýaşaýjylar üçin goýlan naharly tabaklaryň gapdalyndan geçip barýan motorlylar.  Pakistan. (AFP/Asif Hassan)

Mosulda hökümet güýçleri bilen YD jeňçileriniň arasynda barýan uruş zerarly ýaşaýan ýerinden göçürilen yrakly aýal bäbegini göterip, howpsuz ýere gelýär.  (AFP/Karim Sahib)

Moskwanyň Aleksandr bagynda 29-njy maýda bolan uly tupandan soň "baky ody" barlaýan işçi.(AFP/Kirill Kudryavetsev)

Moskwada syýasy repressiýanyň ähli pidalaryna bagyşlanan Gussa diwary ýadygärliginiň bir bölegi. Onuň beýikligi 6 metr bolmaly we ýadygärlik 600 sany bürünç figurany özünde jemlemeli. (TASS/Mikhail Japaridze)

Karaçide yssy howada salkynlýan oglan. , Pakistan. (Reuters/Akhtar Soomro)

Moskwadaky tupanda saýawana duwlanan jübüt. 29-njy maýda bolan harasatda azyndan 16 adam öldi. (AFP/Kirill Kudryavtsev)

Demirgazyk Koreýanyň Merkezi habar gullugynyň 28-nji maýda ýaýradan suraty ýurduň lideri  Kim Jong Unyň (ortada) täze uçara garşy ýarag sistemasyny gözden geçirişini görkezýär. Suratyň alnan wagty, ýeri belli däl.

Owgan oglanlary remezan aýynda medresede Kuran okaýarlar. Kabul. (Reuters/Omar Sobhani)

Yrak, Erbil bilen Mosulyň aralygyndaky Al-Hazir bosgun lageri, içerki bosgunlaryň oýnap ýören çagalary. (AFP/Karim Sahib)

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong-Un (ortada, ak köýnekli) ady aýdylmaýan ýerde täze raketa sistemasynyň synag edilişini synlaýar. 28-nji maý.  (AFP)