Region görnüşleri #22
Guki adasyndaky çümmeýän belgileriň arasyndan geçip barýan balykçy. Hytaý. (AFP/Johannes Eisele)
9 ýaşyndaky owgan telekeçisi Rafi satýan sübseleriniň arasynda surata düşýär. Mazary-Şarif. (AFP/Farshad Usyan)
Gürjüstan. Tbilisi. Parlament binasynyň öňünde proteste gatnaşyp, telefonlarynyň çyrasyny ýakyp duran adamlar. 31-nji maý. (Reuters/David Mdzinarishvili)
Ukrainanyň Çernobyl sebitiniň çagalary Germaniýanyň Hanower şäherine gelen uaçyň penjiresinden daşaryk seredýärler. Çernobyl ýadro hadysasy zerarly saglyk meselesi bolan çagalar regional ybadathana tarapyndan Germaniýa çagyryldy we dört hepdeläp myhman alan maşgalalarda galarlar. (AFP/dpa/Ole Spata)
Buharest. Hökümet binasynyň öňündäki protestçiler anti-hökümet şygarlara gygyrýarlar. Ruminiýanyň Konstitusiýa sudy ýurduň korrupsiýa garşy baş prokurory Laura Kovesiň hökümet tarapyndan işden boşadylmagyny prezident Klaus Iohannisiň tassyklamalydygy barada karar çykardy. Hökümet Kovesi konstitusiýany bozmakda aýyplaýar, emma tarapdarlary onuň rumin syýasy elitasynyň arasyndaky korrupsiýany derňäni üçin ýanalýandygyny aýdýarlar. (AFP/Daniel Mihailescu)
Kiýew. 31-nji maý. Rus dissidenti Arkadiý Babçenko (sagda) ATR Krym tatar telekanalynyň başlygynyň orunbasary Aýder Muždabaýew bilen, ölüm habaryndan soň žurnalistiň işleýän ýerinde kärdeşleriniň galdyran hatyra ýazgylaryny synalaýar. (AFP/Genya Savilov)
Goşlary bilen hatara duran migrantlar. Fransuz polisiýasy Pariždäki ýasama lagerlerde ýaşaýan ýüzlerçe migranty ewakuasiýa edýär. 30-njy maý. (Reuters/Benoit Tessier)
29-njy maýda atylyp öldürilendigi habar berlen rus žurnalisti Arkadiý Babçenko (ortada) Ukrainanyň baş prokuroy Ýuriiý Lutsenkonyň (sagda) we döwlet howpsuzlyk gullugynyň (SBU) başlygy Wasiliý Gritsagyň ýanynda dur. Metbugat ýygnagynda onuň ölüminiň kast ediş synanyşygyndan halas etmek üçin sahnalaşdyrylandygy aýdyldy.
Suw turbasynyň astynda salkynlaýan adam. Peşewaryň etegi, Pakistan. (Reuters/Fayaz Aziz)
Kabulyň eteginde öz jigisi bilen oýnaýan çaga. (AP/Rahmat Gul)
Hawaýi. Kilauea lawalarynyň akymyndan asmana galýan wulkan gazlary. (Reuters/Marco Gracia)
Figuralaýyn taýmak boýunça Olimpiýa altyn medalyny gazanan Alina Zagitowa (Orsýet) Masaru atly Akita Inu güjügini gujagyna alyp dur. Bu güjügi oňa Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe Moskwa sapary mahalynda berdi. (AP/Alexander Zemlianichenko)
Mukaddes Remezan aýynda Kabuldaky medressä Kuran okamaga gelen owgan gyzlary. (Reuters/Mohammad Ismail)
Hindistan, Jammunyň etegi. Yssy howada demirýol wagonynyň ýanynda suwa düşýän adam. (AP/Channi Anand)
Ýol ýakasynda agyz açylýan wagt üçin taýynlanan stollar. Karaçi, Pakistan. (epa-EFE/Shahzaib Akber)
Pakistanly ýaşlar basseýnde suwa düşýär. Lahore. (AFP/Arif Ali)
Kabul. Ýol ýakasyndaky çilim dükanynyň satyjysy alyjylaryna garaşýar. (AFP/Wakil Kohsar)