Region görnüşleri # 27
Adamlar Stambulda, Atatürk aeroportynda bolan hüjümde we partlamada ýogalan Mohammad Eýmen Demirçiniň tabydyny göterip barýarlar. Bu hüjümde başga-da 40 adam öldi. (AFP/Ozan Kose)
Gyzjagazyň başyna gonan guş. Wasilýewskoýe obasy, Moskwadan 90 km günbatarda. (AFP/Sergei Gapon)
Agzaçara garaşýan aýal. Pristina. (AFP/Armend Nimani)
Pakistan, Karaçi, maliýe alyş-çalyş biržasynyň işgärleri söwda sessiýasy mahalynda dynç alýar. (AFP/Rizwan Tabassum)
"Yslam döwleti" toparynyň zorluklary zerarly ýaşaýan ýerinden bosan aýallar Ramadidäki harby baza gelýärler. Yrak. (Reuters)
Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jean-Claude Juncker Angliýanyň Garaşsyzlyk partiýasynyň lideri Nigel Farage bilen ÝB-niň parlament sessiýasynda "Breksit" netijeleri baradaky ses berişlikden öň özara pikir alyşýar. Brýussel. (Reuters/Eric Vidal)
Musulman Karaçidäki Ýoum Ali ýörişinden öň yssyda salkynlamak üçin ýüzüne sowuk suw sepýär. Pakistan. (Reuters/Akhtar Soomro)
Tähran, Ymam Homeneýi metjidinde namaz wagty telefonyny barlaýan aýal. (AFP/Atta Kenare)
Ukrain hökümet esgeri orsýetçi separatistler bilen söweşde pulemýotdan ok atýar. Awdiýiwka, gündogar Donetsk regiony. (AFP/Anatolii Stepanov)
Stambulyň Istiklal prospektinde LGBT jemgyýetçiligine goldaw üçin geçirilen demonstrasiýa mahalaynda, göz ýaşardyjy gaz sepilen ýerde duran žurnalist (AFP/Ozan Kose)
Owgan esgeri Kot etrabynda YD jeňçileri bilen çaknyşykda top atýar. Nangarhar welaýaty. (epa/Ghulamullah Habibi)