Region görnüşleri #27
Däp bolan lybaslary geýen aýallar Tokioda Akwarium sungaty -2018-de t altyn balykly gaplary synlaýarlar. (Reuters/Kim Kyung-Hoon)
Skuterli (motorly) adamlar Sançuňdan Taýpeýe işe gitmek üçin Taýpeý köprüsinden geçýärler. Taýwan. 23 million ilatly Taýwanda 14 million motosikletli bar. (EPA-EFE/David Chang)
Köne ýüň zawodynda işleýän owgan zenany, Hyrat. Geçi ýüňleri Hytaýa eksport edilýäfr.(AFP/Hoshang Hashimi)
Bazarda gök ekin satýan aýal, Kazan, Orsýet. (AFP/Benjamin Cremel)
Ispaniýanyň "Proactiva Open Arms" sahawatçylyk guramasynyň aktiwistleri "Open Armsyň" gämileri Liwiýdanyň kenarlarynda halas edilen migrantlary Barselona portuna alyp gelenden soň Kristofor Koumbyň heýkeline halas ediş penjeklerini dakýarlar. (Reuters/Albert Gea)
Pamplonada san Fermin festiwaly başlanmazyndan öň öküz söweşine garşy proteste çykan deonstrasiýaçylar. Ispaniýa. (Reuters/Vincent West)
Sil basan skwerden atarabasy bilen geçip barýan pakistanly. Lahor. (AFP/Arif Ali)
Siriýanyň Al-Rafid obasyndan bolan bosgun ýaşlar ysraýyl tarapyndan anneksiýa edilen Golan belentliginiň golaýynda siriýa hökümetine garşy protest mahalynda tikenli sim çekip, özleriniň halkara goragyna alynmagyny soraýarlar. (AFP/Jawad Abu Hamza)
LGBT jemgyýetiniň agzalary 1-nji iýulda Stambuldaky geý paradynda şygarlara gygyrýarlar. (EPA-EFE/Sedat Suna)
70 ýaşyndaky Abdul Gani Hyrat welaýatyndaky jaýynyň üçeginde kepderi iýmleýär. 1-nji iýul. (AFP/Hoshang Hashimi)
Daraa welaýatyndan göçmäge mejbur bolan siriýaly çaga iordan serhediniň golaýyndaky Nasip şäheriniň alkymynda gurlan wagtlaýyn bosgun lagerinde hökümet güýçleriniň top oklaryndan gaçýar. 1-nji iýul. (AFP/Mohamad Abazeed)
Rus janköýeri Moskwanyň merkezinde Orsýetiň 1-nji iýulda Futbol çempionatynda Ispaniýadan üstün çykmagyny belleýär.. (AFP/Konstantin Chalabov)