Region görnüşleri # 49
Rim papasy Fransise özüniň Watikanda, Pol VI zalda bolan umumy diňlenişikde sowgat beren ýaglygyny daňynmakda kömek edýän adam. (Reuters/Alessandro Bianchi)
Ukraina. Gury ýer goşunlarynyň türgenleşiginde ot açýan yank. Honçariwskeniň golýayndaky tälim merkezi. Çernihiw regiony. (Reuters/Valentyn Ogirenko)
Soýuz MS-11 kosmos hemrasy kanadaly Daýwid Saint-Jaky, orsýetli Oleg Kononenkony we ABŞ-ly Anne MakKlainy Gazagystandaky Baýkonur kosmodromyndan Halkara kosmos stansiýasyna alyp barýar. 3-nji dekabr. (Reuters/Shamil Zhumatov)
Azow deňziniň boýunda, gündogar Ukarainadaky Maripol portunda çagasy bilen gezim edýän aýal. (AP/Evgeniy Maloletka)
Phenýan. Kim Il Sung skweri. Demirgazyk Koreýanyň merhum liderleriniň portretleriniň ýanyndan geçip barýan adamlar. (AFP/Ed Jones)
ABŞ-nyň ozalky prezidenti Jorj Buş bilen hoşlaşyk pursaty. 4-nji dekabr, Waşington. Buş 30-njy noýabrda, Hýustondaky öýünde 94 ýaşynda aradan çykdy. (Reuters/Morry Gash)
Ozalky ABŞ senatory, II Jahan urşunyň weterany, 95 ýaşyndaky Bob Dole ozalky prezident Jorj Buşuň baýdaga dolanan tabydyna salýut bermek üçin maýyp arabasyndan galmakda kömek sorady. 4-nji dekabr, Waşington. ABŞ-nyň 41-nji prezidenti Jorj Buş 30-njy noýabrda, 94 ýaşynda aradan çykdy. (AFP/Alex Edelman / AFP)
Selsiýa boýunça -30 dereje sowukda doňan Ýeneseý derýasynda oýnaýan ýabany ördekler. Krasnoýarsk, Orsýet. (Reuters/Ilya Naymushin)
Duman gaplan Saraýewo şäheri. Bosnia-Herzegovina, 3-nji dekabr. (Reuters/Dado Ruvic)
Soýuz MS-11 hemrasy rus, amerikan we kanada astronawtlaryndan ybabart ekipaž agzalaryny Gazagystanyň Baýkonur kosmdromyndan kosmosa alyp barýar. 3-nji dekabr. (AFP/Kirill Kudryavtsev)
Ukrain harby gullukçysy Azow deňziniň Maripol portundaky gäminiň üstünde dur. Gündogar Ukraina. (AP/Evgeniy Maloletka)
Almaty, Gazagystan. Eldeki edilen bürgütler we laçynlar bilen aw-şikar ýaryşyna gatnaşýan atly. (Reuters/Pavel Mikheyev)
Rus prowaslaw ruhanysy Gazagystanyň Baýkonur kosmodromynda kosmosa uçuryljak Soýuz MS-11 hemrasyna ak ýol arzuwlaýar. 2-nji dekabr. (AFP/Kirill Kudryavtsev)
Saýut Gurka instituty tarapyndan guralan hususy fiziki tälim sessiýasyna agtnaşýan nepally gyzlar. Kathmandu, Nepal. 18-21 ýaş arasyndaky ýüzlerçe gyz ýurtda guralýan sekiz aýlyk tälim kurslaryna gatnaşýar. (EPA-EFE/Narendra Shrestha)
Azow deňziniň Maripol portundan görünýän gämiler. (Reuters/Gleb Garanich)