Region görnüşleri # 51
Katar ýaragly güýçleriniň agzalary Kataryň milli gününe gatnaşýar, Doha, 18-nji dekabr. (Reuters/Naseem Zeitoon)
Yragyň gözellik bäsleşigine gatnaşyjylar gadyny Iştar derwezesiniň öňünde surata düşýär. 19-njy dekabr. (AFP/Ahmad al-Rubaye)
Potestçi aktiwist tabydyň içinde ýatyr. Aktiwistler Pýatigorsk şäherinde emeli neşeleriň satylmagyna garşy protest geçirýär. Orsýet. (Reuters/Eduard Korniyenko)
Wagtlaýyn tussag edilen migrantlaryň polisiýa awtobusynyň äpişgesinden görünýän elleri. Tae Kwon Do stadiony, Afina. (Reuters/Alkis Konstantinidis)
Siriýa. Erkekler Idlibiň günortasynda, Marçmarinde ýasama nebit işleýän "zawodda" işleýärler. Bu "zawod" dort aý bäri aktiwleşdi. Onuň eýesi çig nebiti Yragyň YD kontrollugyndaky Deir al-Zor welaýatyndan alýandygyny aýdýar. (Reuters/Khalil Ashawi)
Saanadaky ýemenliler üçin ýerli kömek toparlary tarapyndan taýýarlanan azyk paketleri. Alty aýlyk konfliktde 6 müň çemesi adamyň ölendigi, 21 million adamyň azyk-suwlukdan kösenýändigi aýdylýar. (epa/Yahya Arhab)
Halk Azat ediş goşunynyň esgerleri Orsýet bilen serhediň golaýynda gyşky tälimden geçýär. Hytaý, Heilongjiang welaýaty. (Reuters)
Lahore, Pakistan. Peşawardaky mekdebe edilen ganly hüjümiň bir ýyllygy bellenilýär. 2014-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Pakistan "Talybanynyň" ýedi ýaraglysy Peşawarda, Goşunyň jemgyýetçilik mekdebinde 150-den gowrak adamy öldürdi. (epa/Rahat Dar)
2014-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Peşawar mekdebinde öldürilen Uzairiň ejesi oglunyň diwarda pidalar galereýasynda goýlan suratyny sypalaýar. (Reuters/Fayaz Aziz)
Şaýy musulman ruhanylary dini mekdepde ýygnanyşýar. Bagdat 15-nji dekabr. (Reuters/Alaa al-Marjani)
Metjitde namaz okaýan erkekler, Duisi obasy, Pankisi deresi, Gürjüstan. (Reuters/David Mdzinarishvili)
Srebrenisa, 1992-1995-nji ýyllaryň Bosnia-Herzegowina urşunyň pidalary hasaplanylýan adamlaryň jesetleri gazylyp çykarylýar, aýallar aglaýar. Zwornik, 15-nji dekabr.
Wilniýusda Şwesiýa we Polşa baglaýan täze energiýa baglanyşygynyň esmi açylyş dabarasy, bu elektrik liniýasy ÝB agzasy bolan baltika döwletlerini Günbatar energiýa bazaryna baglap, olaryň rus energiýasyna garaşlylygyny azaldar. (AFP/Petras Malukas)
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (sagda) Moskwada suwenir dükanynyň gapdalynda. 15-nji dekabr. (AFP/Mandel Ngan)
Fotografiýaçylar Orsýetiň Soýuz TMA-19M kosmos gämisini surata düşürýärler. Onuň bortunda britaniýaly Tim Peake, orsýetli Yuri Malençenko we amerikaly Tim Kopra bar. Gazgystan, 15-nji dekabr. (AFP/Kirill Kudryavtsev)
Diýarbekir, täze girizilen komendant sagadyna garşy durýan kürtler türk polisiýasy bilen çaknyşýar (AFP/Ilyas Akengin)
Günorta Yrakda Samawa çölünde otlap ýören düýeler. (AFP/Haidar Hamdani)
Gün ýaşar çaglary Nadir Han depesine atly çykyp barýanowgan oglany. (AFP/Shah Marai)
Aşa prawoslaw ýewreý erkegi Ýerusalimde Hannukkah baýramynda sekizinji we soňky gijede şem ýakýar. (AFP/Menahem Kahana)
Kosowanyň polisiýa ofiseri Kosowanyň parlament sessiýasynda gaz maskasyny geýýär. Bu ýerde oppozisiýa agzalary Brýusselde Kosowa bilen Serbiýanyň arasynda gelnen ylalaşyga protest bildirip, köplenç göz ýaşardyjy gaz goýberýärler. Pristina. (epa/Valdrin Xhemaj)
Douma, Damask, raketa uran ýerden goşlaryny gözleýän adamlar. Siriýa. (Reuters/Bassam Khabieh)
Hyrat, kömür howlusynda işleýän günlükçi işçi. (AFP/Aref Karimi)
Ýangyn söndürijiler Nowokhopersky psihiatrik hassahanasynda ýangyn söndürýärler. Orsýetiň Woronež regionynň Alferowka obasynda ýanan hassahanada azyndan 23 adam öldi. (TASS)