Region görnüşleri # 10

Çeçen çagalary 8-nji mart baýramynda ejelerini gutlamak üçin taýýarlyk görýärler. (RFE/RL)

Türk polisiýasy Stambulda "Zaman" gazetiniň ofisisniň öňündäki goldawçy protestçileri dargydandan soň ýol ýakasynda ýatan adam. (AFP/Ozan Kose)

Kabula bakyp, baýyrda ertir maäkyny edýän adam. (Reuters/Mohammad Ismail)

Idomeni, grek-makedon serhedindäki grek obasynyň ýanynda guralan bosgun lageriniň gapdalyndaky meýdandan barýan çagalar. (AFP/Louisa Gouliamaki)

Yrak, şaýy ruhanysy Muktada al-Sadryň goldawçylary hökümet korrupsiýasyna garşy protestde  şygara gygyrýar. Bagdat, Ýaşyl zonanyň daşy.  (Reuters/Ahmed Saad)

Pekin, Hytaý Halk syýasy konsultasiýa konferensiýasynyň açylyşyndan öň Mejlisler zalyynyň öňünde oturan howpsuzlyk esgerleri. 3-nji mart. (AFP/Johannes Eisele)

Yrak, howpsuzlyk güýçleriniň harby operasiýasy mahalynda maşgalasy bilen gaçyp barýan gyzlar ýasama ak baýdaklary galdyrýarlar.   (AFP/Ahmad Al-Rubaye)

Fransiýanyň port şäheri Galaisde Jeňňel migrant lageri diýilýäniň ýanyşyna syn edip duran adamlar. 3-nji mart. 

Hindi goşunyna kandidatlar, ekzamende galplyk etmez ýaly, tursili ýazmaça synagdan geçýärler. (AFP)

Sowukda, Egeý deňzinden geçip, Türkiýeden grek adasy Lesbosa gelen migrantlar. (AFP/Aris Messinis)

Kişinýow, masgarabaz eşigini geýip, Martisor festiwalyna gatnaäýan adam, 1-nji mart. (epa/Dumitru Doru)

Migrantlar we bosgunlar grek-makedon serhedinde. (AFP/Dimitar Diloff)

Türkiýe, kürt şäheri Jizre, Siriýa we Yrak serhediniň golaýynda hökümet güýçleri bilen kürt söweşijileriniň agyr söweşinden soň, zyýan gören bina reaksiýa bildirýän aýal. 2-nji mart. (AFP/Yasin Akgul)

Sankt Peterburg, güne çoýunýan aýallar.   (AFP/Olga Maltseva)

Rus kosmonawty Mihail Kornienko Soýuz TMA-18M kosmos kapsulasynyň içinde görünýär, Jezkazgan, Gazagystan, Kornienko we ABŞ astronawty Skott Kelli 340 gün Halkara Kosmos stansiýasynda bolup geldi.  (AFP/Kirill Kudryavtsev)

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Tähranda halkara maşyn öndürijiler konferensiýasynda maşyn barlaýar.1-nji mart. (ISNA)

Ukrainanyň meýletinçi Azow batolýonynyň agzalary Kiýewde, Howpsuzlyk gullugynyň türmesiniň daşynda, Azow-Krym milletçi guramasynyň başlygy Stanislaw Krasnowyň boşadylmagyny talap edýärler.

Grek-makedon serhedinden geçmäge garaşýan migrant çagalar. (Reuters/Marko Djurica)

Ghouta regiony, Daumadaky söweş mahalynda bugdaý satýanyň ýanyndan geçip barýan tigirili siriýaly. (AFP/Sameer al-Doumy)

Mangoliýa, Tsagaan Khutulda, Ulan Batoryň daşynda at çapýan çapyksuwarlar. (Reuters/Rentsendorj Bazarsukh) 

Bagdat, Sadr şäher etraby, 28-nji fewarlda YD tarapyndan gurnalan partlamalaryň pidalarynyň ýasyny tutýan aýal. Bu partlamalarda azyndan 73 adam öldi. (AFP/Haidar Hamdani)

Belaruslar ýurtda ýaramazlaşýan ykdysady ýagdaýlara garşy protest bildirýärler. Minsk. (AFP/Sergei Gapon)

Mumtaz Kadriniň goldawçylary we maşgala agzalary Rawalpindide jezalandyrylyp öldürileninden soň, onuň jesediniň ýanynda otyrlar. Kadri Penjap welaýatynyň gubernatoryny ýurduň hudaýa şek ýetirmek baradaky berk kanunlaryny reforma etmäge çagyrandygy sebäpli öldürdi. 29-njy fewral, Pakistan. (Reuters/Faisal Mahmood)

Grek-makedon serhedinde Idomeni geçelgesiniň açylmagyny talap edip, demirýol liniýasynda ýatan siriýaly we yrakly bosgunlar.   (AFP/Louisa Goulimaki)