ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp telewideniýe interwýularynda eden çykyşlaryndan soň, “Truth Social” sosial ulgamynda Eýran bilen ylalaşyga gelmek üçin diplomatik tagallalaryň dowam edýändigini nygtady.
“Eýran Yslam Respublikasy bilen gepleşikler çalt depginde dowam edýär” diýip, Tramp jikme-jiklik maglumat ýazmazdan aýtdy.
Sosial mediadaky bu ýazgy 1-nji iýunda gepleşikleriň bilen baglanyşykly näbelliligiň dörän döwründe peýda boldy.
Eýranyň “Tasnim” habar agentligi mundan ozal Eýranyň araçylar arkaly maglumat alyş-çalşygyna gatnaşmagyny bes etjekdigini habar berdi, bu hereket Ysraýylyň Liwanda Eýranyň wekili “Hezbuollah” toparyna garşy hüjümleriniň köpelmegi bilen baglanyşykly bolup göründi.
Eýranyň Daşary işler ministrligi Ysraýylyň ok atyşygy bes etmek baradaky şertnamasyny bozandygyny ýazgarýan we Waşingtonyň "bu ýagdaýyň netijelerine we täsirlerine" jogapkärdigini aýdan beýanaty ýaýratdy.
Degişli maglumat
Tähran hüjümleriň täze tolkunynyň arasynda, ABŞ-ny "gapma-garşylykly talaplarda" aýyplaýarSoňra, "Truth Social" sosial ulgamynda paýlaşylan aýratyn maglumatda Tramp Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu we araçylar arkaly “Hezbuollah” topary bilen gürleşendigini aýtdy.
“Ysraýyl olara hüjüm etmez we olar hem Ysraýyla hüjüm etmezler” diýip, Tramp ýazdy.
Tähran bilen Waşingtonyň arasynda ylalaşyga gelmäge gönükdirilen we häzire çenli netijesiz bolan diplomatik tagallalar, Eýranyň Yslam rewolýusiýa goragçylary korpusy bilen baglanyşykly "Tasnim" habar agentliginiň gepleşikleriň togtadylandygy baradaky habaryndan soň, has-da näbelli ýagdaýa öwrüldi.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp habar barada soralanda, NBC News-a beren maglumatynda Eýrandan bu mesele boýunça resmi habaryň gelip gowuşmandygyny aýtdy.
Mundan ozal, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Esmail Bakaýi 1-nji iýunda geçiren hepdelik metbugat brifinginde Birleşen Ştatlaryň "şu gün irden hem atyşygy bes etmek şertnamasyny bozýandygyny" aýtdy.
Ol Tähranyň "Eýranyň milli howpsuzlygyny goramak üçin zerur hasaplanýan ähli çäreleri görjekdigini" sözüne goşdy.
Bakaýi Birleşen Ştatlar bilen aragatnaşygyň "aşa şübhe we pessimizm şertlerinde" dowam edýändigini, sebäbi "beýleki tarapyň öz garaýyşlaryny yzygiderli üýtgedip we täze ýa-da gapma-garşylykly talaplary öňe sürýändigini" aýtdy.
Bakaýi metbugat ýygnagynda Ysraýyl hüjümini giňeldýän we Waşington tarapyndan terrorçy diýlip yglan edilen Liwandaky "Hezbollah" toparynyň agzalaryny nyşana alýan mahaly, Liwanda ok atyşygy bes etmegiň Birleşen Ştatlar bilen baglaşyljak "islendik ylalaşyk üçin hökmany şert" bolup durýandygyny aýtdy.
Eýranyň parlamentiniň spikeri we ýadro gepleşikleriniň başlygy Mohammad Baker Kalibaf “X” sosial ulgamynda paýlaşan maglumatynda Tähranyň pozisiýasyny gaýtalap, ABŞ-nyň Eýranyň portlaryny deňiz arkaly blokada etmegini we Ysraýylyň “Liwanda uruş jenaýatlaryny köpeltmegini” “ABŞ-nyň atyşygy bes etmek şertnamasyna boýun egmezligi” hökmünde aýyplady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.