Summary
- ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ABŞ-nyň harby hereketi bilen bagly haýbatlaryndan soň Eýranyň gepleşikler geçirmek üçin ýüz tutandygyny aýtdy.
- Tramp eýranly hökümdarlara protestçileriň öldürilmegi barada duýduryş berenden soň, özüniň we harbylaryň Eýran bilen baglanyşykly käbir "güýçli wariantlary" gözden geçirýändigini aýtdy.
- Hukuk goraýjy toparlaryň aýtmagyna görä, müňlerçe adam tussag edilipdir, emma howpsuzlyk güýçleriniň basyşlaryna garamazdan, ýüzlerçe ýerde protestler dowam edýär.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Tähranyň köpçülikleýin hökümete garşy protestleri rehimsiz basyp ýatyrmagyna jogap hökmünde harby hereket etmek baradaky öz habatyndan soň Eýranyň ýolbaşçylarynyň Waşington bilen gepleşik geçirmek üçin çagyryş edendigini aýtdy.
"Eýranyň liderleri jaň etdiler" diýip, Tramp 11-nji ýanwarda "Air Force One" uçarynda žurnalistlere aýtdy. Ol "duşuşyk bellenilýär... Olar gepleşik geçirmek isleýärler" diýip sözüne goşdy.
Şeýle-de bolsa, "duşuşykdan öň hereket etmeli bolmagymyz mümkin" diýip, ol anyk bir zat aýtman sözüne goşdy.
Tähran Trampyň sözleri barada derrew düşündiriş bermedi.
Eýranyň näme barada gepleşik geçirmek isleýändigi dessine belli bolmady. Iki ýurt ozal Tähranyň jedelli ýadro programmasy barada gytaklaýyn gepleşikler geçiripdi.
ABŞ we beýleki Günbatar ýurtlary eýran hökümetiniň protestçilere garşy basyşyny ýazgaryp, Eýranyň ret edýän ýadro ýaraglaryny öndürmek boýunça synanyşygy sebäpli Tährana garşy sanksiýa girizdiler.
11-nji ýanwarda Tramp soňky 15 günüň dowamynda demonstrasiýalaryň basylyp ýatyrylmagynda 500-den gowrak adamyň öldürilendigi baradaky tassyklanmadyk habarlaryň arasynda Eýranda protestçileri goldamak üçin mümkinçilikleri öwrenýändigini aýtdy.
"Harbylar muňa garaýar we biz örän güýçli wariantlara seredýäris" diýip, ol žurnalistlere aýtdy we Eýranyň oppozisiýa liderleri bilen aragatnaşykda bolandygyny hem sözüne goşdy, emma anyk zat aýtmady.
Trampyň bu sözleri ABŞ-nyň metbugatynda ABŞ-ny[ lideriniň Tähranyň protestlere garşy berk howpsuzlyk çärelerine jogap bermegi barada maglumat çap edilmeginiň yzýany beýan edildi.
Degişli maglumat Eýranda iň uly protestler geçirilýär, demonstrantlar taktikany üýtgedýärOnuň aýdanlary "Axios", "The New York Times" we "Wall Street Journal" ýaly gazetleriň Eýrandaky protestleri goldamak üçin birnäçe mümkinçiligi göz öňünde tutýandygy baradaky habarlary tassyklaýan ýaly.
"The journal" neşiri anyk wariantlaryň 13-nji ýanwarda prezidente hödürlenjekdigini ýazdy.
"Indiki ädimler harby hüjümleri, Eýranyň harbylaryna garşy gizlin kiber ýaraglarynyň ulanylmagy we Eýranyň hökümetine has köp sanksiýalary girizmegi öz içine alyp biler" diýip, WSJ neşiri ýazdy.
Bu wakalar hukuk goraýjy toparlaryň we hökümet metbugatynyň 11-nji ýanwarda Eýranyň onlarça şäherlerinde we etraplarynda protestleriň, tussag etmeleriň we zorlukly hereketleriň bolandygyny habar bermeginiň arasynda ýüze çykdy, howpsuzlyk güýçleriniň artýan basyşyna garamazdan, demonstrasiýalar üçünji hepde dowam edýär.
12-nji ýanwarda eýran hökümeti öz tarapdarlaryny "ABŞ-nyň we Ysraýylyň terrorçylykly hereketlerini" ýazgarmak üçin umumymilli mitinglere gatnaşmaga çagyrandan soň, zorlukly wakalaryň ähtimallygy ýene güýçlendi.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Scores Of Bodies Outside Morgue In Tehran Amid Deadly Iran Protests
ABŞ-da ýerleşýän eýranly aktiwistleriň guramasy bolan Adam hukuklary boýunça habar gullugy (HRANA) soňky 15 günüň dowamynda geçirilen protestlerde 544 adamyň öldürilendigini 11-nji ýanwarda aýtdy.
HRANA azyndan 10 061 adamyň tussag edilendigini we 31 welaýatyň 186 şäherçesinde we obalarynda 585 ýerde demonstrasiýalaryň geçirilendigini habar berdi.
Ýurtda internetiň tas doly ýapylmagy sebäpli maglumat almak kyn bolansoň bu sanlary garaşsyz taýdan tassyklap bolmady. Ýurtda telefon hyzmatlary hem çäklendirildi.
Hukuk goraýjy toparlar Eýranda sanly aragatnaşyk ulgamynyň kesilmeginiň döwletiň howpsuzlyk çäreleriniň dowamynda zorlugy gizlemek üçin edýän tagallalarynyň bir bölegidigini aýdýarlar.
Tramp 11-nji ýanwarda milliarder Elon Mask bilen Eýranda interneti dikeltmek barada gürleşmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Maskyň SpaceX kompaniýasy Ukraina ýaly uruş barýan ýerlerde ulanylan Starlink sputnik internet hyzmatyny hödürleýär.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
'Hundreds Of Gunshots': Witness Tells RFE/RL Of Iran Protest Violence
Geçen hepdede Tramp birnäçe berk duýduryşlary berdi we Birleşen Ştatlaryň "ýagdaýa örän üns bilen gözegçilik edýändigini" aýtdy, şeýle hem häkimiýetlerden protestçileri öldürmezligi talap etdi.
"Eýran uly kynçylyk çekýär. Maňa şeýle görünýär, adamlar käbir şäherleri basyp alýarlar, birnäçe hepde mundan ozal hiç kim bu hakykatdanam mümkin diýip pikir etmändi" diýip, Tramp 9-njy ýanwarda Ak Tamda geçirilen duşuşykda aýtdy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Iranians Abroad Lose Contact With Loved Ones Amid Dayslong Digital Blackout
Trampyň bu sözleri Eýranyň öňki mirasdüşer şazadasy we oppozisiýa wekili Reza Pahlawi tarapyndan açyk goldaw bilen garşylandy.
“Prezident Tramp, azat dünýäniň lideri hökmünde, siziň beýan edip bolmajak batyrlygyňyzy ýakyndan synlady we size kömek etmäge taýýardygyny yglan etdi” diýip, Pahlawi 11-nji ýanwarda ýaýradylan wideo çykyşynda aýtdy.
“Dünýä şu gün siziň milli rewolýusiýaňyzy goldaýar we batyrlygyňyza guwanýar” diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.
BMG, ÝB Eýranyň basyşyny ýazgarýar
BMG, ÝB we Günbatar hökümetleri Eýrandaky protest hereketini goldaýandyklaryny aýtdylar.
BMG-niň baş sekretary Antonio Guterres 11-nji ýanwarda protestçilere garşy zorluk baradaky habarlardan “şok bolandygyny” aýtdy we hökümeti seresaply bolmaga we “gereksiz ýa-da deňsiz güýç ulanmakdan saklanmaga” çagyrdy.
ÝB-niň daşary syýasat boýunça başlygy Kaja Kallas protestçilere garşy basyşlara jogap hökmünde Tährana täze sanksiýalary teklip etmäge taýýardygyny aýtdy.
"ÝB Eýrana garşy giň gerimli sanksiýalary girizdi - adam hukuklaryny bozmakda, ýadro ýaraglaryny ýaýratmakda we Tähranyň Orsýetiň Ukrainadaky urşuna goldaw bermeginde jogapkärlere garşy" diýip, Kallas Germaniýanyň "Die Welt" gazetine beren interwýusynda aýtdy.
Tährandaky "Uruş sahnalary"
Tähranyň gündogarynda protestleriň basylyp ýatyrylmagyna şaýat bolan bir adam 10-njy ýanwarda giçlik Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Farda radiosyna beren interwýusynda demonstrantlaryň basylyp ýatyrylmagynyň has-da güýçlenendigini aýtdy we şäherdäki ýagdaýy "uruş sahnalaryna" meňzetdi.
Howpsuzlyk sebäpli adyny aýtmazlygy haýyş eden bu adam soňky gijelerde Eýranyň paýtagtynda tüpeň sesiniň dowamly eşidilýändigini, dronlaryň bolsa köçelere we ýollara gözegçilik etmek üçin etraplaryň üstünden yzygiderli uçýandygyny gürrüň berdi.
Bahalaryň ýokarlanmagy, ýokary inflýasiýa we milli walýutanyň pese gaçmagy sebäpli başlanan bu protest çykyşlary soňky ýyllarda Yslam respublikasy üçin iň çynlakaý mesele hökmünde ýüze çykdy.
Iranians President Masud Pezeshkian speaks during an interview with state TV.
Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian bu protestleriň sebäbini daşary ýurtlar bilen baglanyşykly "terrorçylar" diýip atlandyran güýçleriň üstüne atdy we Birleşen Ştatlary hem-de Ysraýyly ýurtda "bulaşyklyk we tertipsizlik döretmegi" islmekde aýyplady.
"Eger halkyň aladasy bar bolsa, olaryň aladasyny çözmek biziň borjumyz, ýöne iň esasy borjumyz, bir toparyň gelip, tutuş jemgyýeti bozmagyna ýol bermeli däldiris" diýip, ol 11-nji ýanwarda telewideniýede eden çykyşynda aýtdy.