ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Tähran bilen gepleşiklerde uly öňegidişligiň bolandygyny öňe sürdi we Birleşen Ştatlaryň Eýrana garşy ýakynda amala aşyran urşy bilen baglylykda ýewropaly ýaranlaryna garşy nägileliklerini täzeden beýan etdi.
24-nji iýunda Ak Tamda NATO-nyň baş sekretary Mark Rutte bilen duşuşan Tramp žurnalistlere beren maglumatynda Eýran bilen gepleşikleriň çalt depginde öňe gidýändigini aýtdy we “Eýran köp eglişikleri edýär we biz uly ara tapawut bilen ýeňiş gazanýarys” diýdi.
Şeýle-de, Tramp Eýranyň Hormuz bogazyndan geçýän gämiler üçin ýol töleglerini girizmek boýunça etjek islendik synanyşygynyň kabul ederliksiz boljakdygyny hem tekrarlady.
Eýran resmileri ABŞ-nyň wekilleriniň özleriniň zyýan çeken ýadro desgalaryna derhal girmegine rugsat bermeýän mahaly, Tramp Tähranyň ABŞ we Halkara ýadro energiýasy agentliginiň (HÝEA) bilelikdäki barlaglaryny öz içine alýan gözegçiliklere boýun bolandygyny öňe sürdi.
Degişli maglumat
Eýran, ABŞ parahatçylyk ylalaşygyna gelmekde oňyn, jikme-jikliklerde başga pikirde"Olar meniň isleýän ähli zadyma razy bolýarlar we olar razy bolmaly; ýogsam, biz yzymyza gaýdyp gelip, zerur bolan zady ederis" diýip, Tramp 24-nji iýunda Waşingtonda žurnalistlere beren aýrybaşga beýanatynda duýdurdy.
Tramp Rutte bilen bolan duşuşygy NATO-nyň konflikte garşy çykan ýa-da özüni ondan daşlaşdyran agzalaryna nägilelik bildirmek üçin hem ulanyp, baş sekretara Eýran meselesinde köp ýaranlar "meni lapykeç etdi" diýdi.
Rutte Ýewropa hyzmatdaşlygyny gorap, möhüm logistik goldawyna we howa giňişligine elýeterlilige ünsi çeken hem bolsa, Tramp duşuşygy geçirýän Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bolmadyk bolsa, 7-8-nji iýulda Ankarada geçiriljek NATO-nyň duşuşygyna barmazdym hem diýdi.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio geçen hepde gol çekilen we Ýakyn Gündogardaky çaknyşygy bes etmäge gönükdirilen ABŞ-Eýran özara düşünişmek memorandumy boýunça tehniki gepleşikler dowam edýän mahaly, Waşingtonyň sebitdäki hyzmatdaşlary bilen "doly raýdaşlykda" galjakdygyna Pars aýlagyndaky ýaranlaryny ynandyrmaga synanyşdy.
24-nji iýunda Kuweýtde Pars aýlagyndaky döwletlere saparynyň dowamynda eden çykyşynda Rubio gepleşikleriň öňe tarap gidýän wagtynda Birleşen Ştatlaryň "ýaranlarynyň howpsuzlygyna zyýan ýetirýän hiç zat etmejekdigini" nygtady.
Onuň Birleşen Arap Emirliklerine, Kuweýte we Bahreýne edýän sapary, käbir Pars aýlagy hökümetleriniň teklip edilýän ylalaşygyň Tährana garşy aşa köp eglişiklidigi baradaky aladalarynyň fonunda bolýar.
1979-njy ýyldaky Yslam rewolýusiýasyndan bäri ABŞ-nyň we Eýranyň prezidentleri tarapyndan gol çekilen ilkinji şeýle ylalaşyk bolan bu memorandum Eýrana garşy käbir sanksiýalaryň ýeňilleşdirilmegini we Eýranyň uruşdan soňky dikeldilmegi üçin 300 milliard dollarlyk gaznany teklip edýär.
Rubio tehniki gepleşikçileriň ylalaşygyň durmuşa geçirilmeginiň jikme-jikliklerini işläp düzmek üçin şu aýyň ahyrynda, ähtimal, Şweýsariýada gepleşikleri täzeden geçirip başlajakdygyny hem aýtdy.
“Eger Eýran gowy we hakyky ylalaşyk baglaşmak islese, Birleşen Ştatlar muňa açyk” diýip, ol diplomatiýa başa barmasa, onda prezident Donald Trampyň henizem “wariantlarynyň” bardygyny duýdurdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.