Tramp Eýrana garşy harby hereket arkaly “işi tamamlamak” haýbatyny gaýtalady

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýrana garşy goşmaça harby hereket haýbatyny gaýtalap, ABŞ-nyň ýa Tähran bilen ylalaşyk gazanjakdygyny, ýa-da fewralyň ahyrynda ABŞ we Ysraýyl howa zarbalary bilen başlan “işi tamamljakdygyny” aýtdy.

“Biz ýa ylalaşyk baglaşarys, ýa-da işi tamamlaýarys. OK. Işi tamamlamak kyn bolmaz. Men ylalaşyk baglaşmagy has islärdim, sebäbi 91 million adama täsir etmek islämok” diýip, Tramp 6-njy iýulda Ak tamda žurnalistlere aýtdy.

“Biz olaryň köprülerini bir sagadyň içinde ýumrup bileris, olaryň energiýa üpjünçiligini hatardan çykaryp bileris… Olaryň häzir puly ýok. Biz olara hiç hili pul bermedik” diýip, Tramp sözüniň üstüni ýetirdi.

Bu beýanatlar Eýranda konfliktiň ilkinji gününde öldürilen ýokary lider, aýatolla Ali Hameneýiniň jynaza dabaralary geçirilýän mahaly, ýurduň ABŞ prezidentiniň sözlerine garşy berk äheňde jogap berýän wagtyna gabat geldi.

Eýranyň Ýokary milli howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Mohammad Baker Zolkadr Trampyň haýbatyny “hyýaly” diýip atlandyrdy.

“Eýranlylar haýbat dilini tanamaýar. Şonuň üçin Eýran halky bilen hormat bilen gepleşiň, ýogsam biz başga dilde jogap bereris” diýip, Zolkadr döwlet mediasynda ýaýradylan çykyşynda aýtdy.

ABŞ-Eýran gepleşikleri diplomatiýa üçin wagt döretmäge niýetlenen 60 günlük ýaraşygyň fonunda bir hepde ozal, öňegidişlik alamatlary görünmän tamamlandy.

3-nji iýulda Tramp Eýran bilen çarçuwalaýyn parahatçylyk ylalaşygyny durmuşa geçirmek boýunça gytaklaýyn gepleşikler gaýtadan başlamazdan öň, Waşingtonyň Tährana jynaza çäreleri üçin “bir hepde dynçlyk” berendigini aýtdy.

Reuters maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.