Tramp: Eýrana garşy operasiýa 2-3 hepdede tamamlanyp biler

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ABŞ-nyň we Ysraýylyň Eýrana garşy alyp barýan harby operasiýasynyň "iki-üç hepdede" tamamlanyp biljekdigini aýtdy.

Tramp Ak Tamda žurnalistler bilen eden gürrüňinde munuň üçin Eýran bilen parahatçylyk ylalaşygyny baglaşmagyň zerur däldigini belledi.

Prezident Eýranyň "daş asyryna gaýtarylyp" eltilendigi we ýadro ýaraglaryny hiç haçan edinip bilmejekdigi belli bolanda, ABŞ-nyň oňa garşy hüjümlerini bes etjekdigini aýtdy.

"Biz işi soňuna çenli dowam edýäris we, meniň pikirimçe, bu, belki, iki hepde, belki-de birnäçe gün artyk wagt alar. Biz olaryň elindäki ähli zady ýok etmek isleýäris" diýip, Tramp aýtdy.

Geçen hepde Tramp ABŞ-nyň Eýran bilen gepleşik geçirýändigini we "ylalaşygyň" golaýlandygyny aýdypdy. Şol bir wagtda, onuň sözlerine görä, bu "ylalaşygy" Eýran hökümetiniň özi sorady.

Tähran bu aýdylýanlary ret etdi, şol bir wagtda, ABŞ bilen gatnaşyklaryň araçylar arkaly amala aşyrylýandygyny tassyk etdi.

Degişli maglumat

WSJ: Tramp Hormuz bogazy ýapyk galsa-da, Eýrana garşy urşy soňlamaga taýýar