Tramp Eýranyň Hormuz boýunça teklibini ret edenden soň, üstümizdäki hepdede has köp gepleşikleriň geçirilmegine garaşýar

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranyň birnäçe gün ozal hödürlän teklibini ret etmegine garamazdan, Tähran bilen gepleşikleriň üstümizdäki hepdede täzeden başlanmagyna garaşýandygyny aýtdy.

“Olar ylalaşyk baglaşmak isleýärler, ýöne bu meniň baglaşmak isleýän ylalaşygym däl” diýip, Tramp 27-nji sentýabrda “Axios” neşirine telefon arkaly beren interwýusynda jikme-jik maglumat bermekden saklandy.

“Bu, belki-de, biziň bir ýyl mundan ozal ylalaşjak bolan zadymyzdyr” diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

25-nji sentýabrda Tramp Tähranyň birnäçe sagat öň hödürlän möhüm Hormuz bogazyny açmak baradaky teklibini ret etdi we Eýranyň bu teklibi “olaryň agyr ýeňlişlere sezewar bolýandygy” üçin edendigini aýtdy.

“Olar öz mümkinçiliklerinden artyk hereket etdiler” diýip, Tramp "Axios" neşirine aýtdy.

Degişli maglumat

Eýranyň DIM-i Hormuz bogazyny açmak boýunça ABŞ-a meýilnama hödürlenendigini aýtdy

“Axios” neşiri gepleşiklerden habarly bolan çeşmelere salgylanyp, katarly araçylar arkaly geçirilýän gytaklaýyn gepleşikleriň iň irki möhlet bilen 28-nji sentýabrda gaýtadan başlanyp biljekdigini habar berdi.

ABŞ-nyň wekilleri Stiw Witkoff we Jared Kuşner geçen hepde Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi bilen duşuşdylar, emma haýsydyr bir öňegidişlikleriň bolandygy barada habar berilmedi.

“The Wall Street Journal” gazetiniň habaryna görä, Tramp ABŞ-da we dünýäde ýangyjyň bahalarynyň ýokarlanmagyna sebäp bolan urşa jemgyýetçilik garşylygynyň artýan mahaly, 3-nji noýabrda geçirilen aralyk saýlawlardan soň Eýrana howa hüjümlerini gaýtadan başlatmagy göz öňünde tutýar.

Eýran 27-nji sentýabrda Hormuz bogazyny gaýtadan açmak baradaky talaplarynyň üýtgemändigini we munuň Eýranyň doňdurylan aktiwleriniň boşadylmagyny, Eýranyň nebitine girizilen sanksiýalaryň ýatyrylmagyny we ABŞ-nyň deňiz blokadasynyň bes edilmegini öz içine alýandygyny aýtdy.

“Biziň şertlerimiz aýdyň we Hormuz bogazyny gaýtadan açmak üçin edilýän islendik ädim şu şertleriň ýerine ýetirilmegine baglydyr. Biz bu talaplardan yza çekilmeris” diýip, Eýranyň IRIB döwlet teleýaýlymynyň habaryna görä, Arakçi aýtdy.

24-nji sentýabrda Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi Tähranyň Birleşen Ştatlara, iýun aýynda baglaşylan özara düşünişmek memorandumynda iki tarapyň ylalaşan şertlerine gabat gelýän, Hormuz bogazyny täzeden açmak boýunça meýilnama hödürländigini aýtdy.

“Biz Birleşen Ştatlara araçylar arkaly meýilnama hödürledik, oňa görä, eger belli bir şertler ýerine ýetirilse, ýedi günden soň Hormuz bogazy açylyp, gepleşikler dowam etdiriler” diýip, Arakçi 24-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisine gatnaşýan mahaly žurnalistlere beren maglumatynda aýtdy.

Degişli maglumat

Arakçiniň we Witkoffyň Nýu-Ýorkdaky duşuşygy Eýranda berk syýasatyň tarapdarlarynda gahar döretdi


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.