Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi Tähranyň Birleşen Ştatlara, iýun aýynda baglaşylan özara düşünişmek memorandumynda iki tarapyň ylalaşan şertlerine gabat gelýän, Hormuz bogazyny täzeden açmak boýunça meýilnama hödürländigini aýtdy.
"Biz Birleşen Ştatlara araçylar arkaly meýilnama hödürledik, oňa görä, eger belli bir şertler ýerine ýetirilse, ýedi günden soň Hormuz bogazy açylyp, gepleşikler dowam etdiriler" diýip, Arakçi 24-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisine gatnaşýan mahaly žurnalistlere beren maglumatynda aýtdy.
Ol başga jikme-jik maglumat bermedi. CNN neşiri Ak Tamyň metbugat wekiline salgylanyp, taraplaryň "araçylar arkaly oňyn we konstruktiw gepleşikleri" geçirýändigini habar berdi.
Täzeden janlanan diplomatik tagallalara garamazdan, iki tarap takmynan ýedi aýa golaý wagt bäri dowam edýän urşuň soňuna çykmak meselesinde biri-birinden henizem ep-esli daşda durýan ýaly bolup görünýär.
Olar 23-nji sentýabrda birnäçe aý arakesmeden soňky ilkinji göni däl gepleşikleri geçirdiler. Ýöne bu gepleşikleriň netijesinde köpçülige haýsydyr bir ylalaşyklar mälim edilmedi.
Şu hepde BMG-niň münberinde edilen çykyşlarda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen onuň eýranly kärdeşi Masud Pezeşkian biri-birine garşy kesgin beýanatlary alyşdylar.
22-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda Tramp, eger çaknyşygy bes etmek barada ylalaşyga gelinmese, "Yslam Respublikasyny ýok edip biljekdigini" duýdurdy. Şol bir wagtda, ol ylalaşygyň mümkindigine ynanýandygyny sözüne goşdy. Pezeşkian bolsa, BMG-de eden çykyşynda Eýranyň basyş astynda "dyza çökmejekdigini" aýtdy.
Muňa garamazdan, iki lider gepleşiklere henizem açykdyklaryny hem aýtdy.
Waşington we Tähran 17-nji iýunda taraplara giňişleýin parahatçylyk ylalaşygyny baglaşmak üçin 60 gün möhlet berýän, şol sanda harby hereketleri bes etmäge we bogazy gaýtadan açmaga gönükdirilen özara düşünişmek baradaky memoranduma gol çekildiler.
Ýöne ylalaşykdaky şertleriň manysy boýunça jedeller iki tarapyň hem täze hüjümlere başlamagyna sebäp boldy. Şeýlelik-de, memorandum bozuldy we esasan hem energiýa we sarp ediş harytlary üçin möhüm global üstaşyr ýoly bolan Hormuz bogazynyň töwereginde söweşler täzeden başlady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum