ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Wenesuelanyň prezidenti Nikolas Maduronyň tutulandygyny we uly möçberli zarbalardan soň ýurtdan uçurylandygyny yglan etdi. Bu, Eýran we Russiýa tarapyndan berk ýazgaryldy.
Wenesuelanyň hökümeti Maduronyň tutulandygyny tassyklamady, ýöne wise-prezident Delsi Rodrigez lideriň we birinji hanym Siliýa Floresiň niredediginiň belli däldigini aýtdy. Telewideniýede berlen beýanatlarda Rodrigez Waşingtondan Maduronyň diridigini subut etmegi talap etdi we 3-nji ýanwardaky hüjümiň ýurduň ähli ýerinde resmileriň, harby gullukçylaryň we raýatlaryň ölümine sebäp bolandygyny aýtdy.
Hüjümler we Wenesuelanyň içinde bolup geçýän wakalar henizem aýdyň däl, ABŞ-nyň Baş prokurory Pam Bondi Maduro we Florese Nýu-Ýorkuň Günorta etrabynda aýyplamalaryň öňe sürlendigini we olaryň "tizden Amerikanyň sudlarynda Amerikanyň topragynda Amerikanyň adalatynyň doly gazaby bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny" aýtdy.
"Maduro ABŞ garşy neşe terrorçylygy bilen bagly dildüwşükde, kokain gaçakçylygy bilen bagly dildüwüşikde, pulemýot we weýran ediji enjamlary saklamakda, şeýle hem pulemýotlary we weýran ediji enjamlary saklamak üçin dildüwşükde aýyplanýar" diýip, Bondi beýanatynda aýtdy.
Wenesuelada mundan beýläk nämeleriň boljakdygy belli däl, ýöne ABŞ-nyň hüjümleri we Maduronyň tussag edilmegi Karakasyň iň güýçli hyzmatdaşlarynyň käbiri tarapyndan eýýäm berk ýazgaryldy.
Wenesuela bilen ýakyn gatnaşyklary saklaýan Moskwa, Waşingtonyň "agressiw hereketleri" wagtynda Maduronyň we onuň aýalynyň ýurtdan zor bilen çykarylandygy baradaky habarlardan örän aladalanýandygyny aýtdy.
Degişli maglumat ABŞ Nikolas Madurony tussag etmekde berlen kömek üçin $50 million berer"Biz bu ýagdaýy derhal düşündirmäge çagyrýarys" diýip, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.
"Eger şeýle hereketler, hakykatdanam bolan bolsa, bu, garaşsyz döwletiň özygtyýarlylygynyň kabul ederliksiz bozulmasydyr, oňa hormat goýmak halkara hukugynyň esasy ýörelgesidir" diýip, ministrlik beýanatynda aýtdy.
Tramp "Truth Social" arkaly eden ýazgysynda goşmaça maglumatlaryň 3-nji ýanwarda geçiriljek metbugat ýygnagynda yglan ediljekdigini aýtdy.
ABŞ-nyň Wenesuelanyň paýtagty Karakasdaky harby hereketi Waşingtonyň Günorta Amerika ýurduna aýlarboýy artýan ykdysady we harby basyşyndan, şol sanda Wenesuelanyň nebit tankerleriniň saklanmagyndan we bu ýurduň suw giňişliginiň golaýynda neşe daşaýandygy aýdylýan gaýyklara hüjümlerde onlarça adamyň öldürilmeginden soň boldy.
Waşington 2013-nji ýylda Hugo Çawesiň ornuna geçen Maduronyň prezident hökmünde kanunylygyna hem şübhe bildirip, oppozisiýanyň we beýlekileriň ses berişligiň onuň peýdasyna galplaşdyrylandygy baradaky maglumatlaryna ünsi çekdi.
Eýran we Russiýa ABŞ-nyň Wenesuelaga hüjümini ýazgarýarlar.
Wenesuela Moskwanyň Latyn Amerikasyndaky iň möhüm hyzmatdaşydyr. Russiýa Maduronyň režimine ýyllaryň dowamynda diplomatik goldaw we harby goldaw berdi, sebäbi ol jedelli saýlawlar we dowam edýän ykdysady krizis sebäpli halkara we içerki basyşlara duçar boldy.
Orsýetiň Daşary işler ministrligi 3-nji ýanwardaky hüjümleri ABŞ-nyň "Wenesuelanyň garşysyna ýaragly agressiýa hereketi" diýip atlandyrdy we şeýle hereketleri aklamak üçin aýdylýan islendik "bahanalaryň" "esassyzdygyny” aýtdy.
"Biz Wenesuela halky bilen raýdaşlygymyzy we ýurduň milli bähbitlerini we özygtyýarlylygyny goramaga gönükdirilen boliwar ýolbaşçylarynyň hereketlerine goldaw berýändigimizi tassyklaýarys" diýlip, ministrligiň beýanatynda aýdylýar.
Ministrlik Latyn Amerikasynyň "parahatçylyk zolagy bolmagynda galmalydygyny" hem sözüne goşdy.
Eýranyň döwlet habar gullugy "Press TV"-niň maglumatyna görä, Wenesuelanyň başga bir möhüm ýarany Eýran hem ABŞ-nyň harby hüjümini ýazgardy.
Eýranyň Daşary işler ministrligi hüjümiň Wenesuelanyň özygtyýarlylygyny we territorial bitewüligini, şeýle hem BMG-niň düzgünnamasyny bozýandygyny aýtdy.
"ABŞ-nyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolan garaşsyz döwlete garşy harby çozuşlary sebitleýin we halkara parahatçylygynyň we howpsuzlygynyň gödek bozulmagydyr, onuň netijeleri tutuş halkara ulgamyna täsir eder" diýip, ministrlik aýtdy.
Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça baş wekili Kaja Kallas öz beýanatynda Maduronyň "kanuny däldigini" aýtdy we onuň tussag edilmeginden soň "parahatçylykly geçişe” çagyrdy.