Tramp Putini Ýewropadaky harby agressiýany bes etmäge çagyrdy. ABŞ goşunlarynyň ýerleşişi baradaky hasabaty yza süýşürýär

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we birinji hanym Melaniýa

WAŞINGTON — ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ukraina boýunça parahatçylyk ylalaşygyna ýol açmak üçin Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini Ýewropadaky ähli harby agressiýany bes etmäge çagyrdy. Şol bir wagtda Waşington Ýewropadaky harby güýçleriniň ýerleşişini düýpli üýtgetmek baradaky işi yza süýşürýär.

Tramp Truth Social ulgamynda Putin bilen ýakynda Hytaýda geçiren gepleşiklerinde, «Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda tiz wagtda ylalaşyk gazanylar diýen umyt bilen, Ýewropanyň ähli ýerlerine garşy gönükdirilen harby agressiýany bes etmegi» rus liderinden talap edendigini ýazdy.

Tramp 26-njy noýabrdaky ýazgysynda her aý müňlerçe adamyň ölümine sebäp bolýan urşy «aýylganç gan döküşik» diýip häsiýetlendirdi. Ol bary-ýogy birnäçe gün öň Putini «meniň dostum» diýip atlandyrandygy üçin tankyt edilipdi. Bu gezek ol Moskwa babatda has berk äheňde çykyş etdi.

Şol gün soňrak žurnalistler we amerikan harby gullukçylary bilen söhbetdeşlikde Tramp çykyşlarynyň äheňini üýtgetmeginiň gepleşiklerde ulanýan amaly usulydygyny aýtdy. Ol NATO-nyň baş sekretary Mark Rýutte bilen bir gün öň agşam Floridadaky Mar-a-Lago rezidensiýasynda Ýewropadaky harby güýçleriň ýerleşişini «jikme-jik» ara alyp maslahatlaşandygyny hem aýtdy.

«Men Russiýa babatda örän berk pozisiýada boldum, ýöne ylalaşyk gazanmak isleýärin» diýip, Tramp aýtdy. Onuň pikiriçe, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen Putin ylalaşyga gelip bilmeýän mahaly şahsy gatnaşyklaryň ähmiýeti uly.

Trampdan esasan Germaniýada, Italiýada we Britaniýada ýerleşýän, Ýewropadaky 80 müňe golaý amerikan harby gullukçysynyň sanyny azaldyp-azaltmajakdygy soraldy. Ol ýewropaly ýaranlaryň ilkibaşda Eýran meselesinde «kän kömek etmändigini» aýtdy. Ýöne Grenlandiýa meselesindäki soňky öňegidişlikleriň, NATO-nyň Eýran boýunça goldawynyň artmagynyň, şeýle hem ýaranlaryň goranyş çykdajylaryny 5 göterime çenli ýokarlandyrmagy we 750 sany F-35 kysymly hüjüm uçaryny satyn almagy wada bermekleriniň «garaýşymy birneme üýtgedendigini» belledi.

NATO-nyň baş sekretary Mark Rýutte

Şol bir wagtda ABŞ-nyň NATO-daky ilçisiniň orunbasary Skott Oudkirk şu hepde Brýusselde ýapyk duşuşykda ýaran ýurtlaryň wekillerine Waşingtonyň Ýewropadaky harby güýçleriniň ýerleşişi boýunça seljermäniň netijelerini deslapky bellenen 1-nji dekabrdan soň çap etjekdigini habar berdi. Şeýlelikde, hasabat NATO agzalarynyň daşary işler ministrleriniň indiki hepde geçiriljek duşuşygyna çenli çap edilmez.

ABŞ-nyň ýokary wezipeli resmileri 26-njy noýabrda Azatlyk Radiosyna Pentagonyň bäş warianty gutarnykly taýýarlaýandygyny we olaryň ýakyn wagtda Trampa hödürlenjekdigini aýtdylar. Her warianta NATO-nyň Ýewropadaky birleşen güýçleriniň baş serkerdesiniň pikirleri göz öňünde tutulyp taýýarlanan resmi harby baha goşular. Resmiler bu maslahatlaşyklar barada açyk gürlemäge ygtyýarlarynyň ýokdugy sebäpli, atlarynyň agzalmazlygy şerti bilen çykyş etdiler.

Resmiler gutarnykly kararyň ýakynda Floridada geçiriljek G20 sammitine çenli yglan edilip-edilmejekdigini aýdyp bilmediler. Tramp Putiniň bu sammite gatnaşmagyny hoşal garşylajakdygyny aýtdy.

Ýaranlaryň tekliplerine baha berilýär, ileri tutulýan ugurlar üýtgeýär

NATO wekilleriniň şu hepde Brýusselde geçiren duşuşyklary barada maglumat alan diplomatlaryň aýtmagyna görä, gijikmäniň esasy sebäpleriniň biri Waşingtonyň ýewropaly ýaranlaryň tekliplerine heniz baha berýändigidir. Ýaranlar ABŞ-nyň häzirki harby güýçleriniň we enjamlarynyň ornuny tutup biljek mümkinçiliklerden peýdalanmagy teklip edýärler.

ABŞ-nyň goranmak ministriniň orunbasary Elbrij Kolbi geçen hepde Brýusselde gutarnykly hasabaty bellenen möhlete, ýagny 1-nji dekabra çenli goranmak ministri Pit Hegsete ýetirmäge umyt edýändigini aýdypdy. Ol Germaniýanyň, Polşanyň, Niderlandlaryň we Skandinawiýa ýurtlarynyň goranyş çykdajylaryny artdyrmakda «örän uly öňegidişlik» gazanandygyny belledi.

Kolbi bu üýtgeşmelere taýýarlyk görmek üçin ýakynda Rumyniýa, Polşa we Germaniýa sapar etdi. Waşington ünsüni Hindi-Ýuwaş umman sebitine we Günbatar ýarymşara gönükdirýärkä, Hegset goşunlaryň sanyny, harby bazalardan peýdalanmak hukuklaryny we beýleki ýurtlaryň howa giňişliginden uçup geçmek üçin berilýän rugsatlary gözden geçirmek işine iýunda başlapdy.

Ýöne syýasy ýagdaý we dowam edýän harby operasiýalar bellenen möhleti berjaý etmegi kynlaşdyrdy. ABŞ-daky aralyk saýlawlardan soň Kongresde Hegseti wezipesinden aýyrmak synanyşygy başa barmady. Şonuň bilen bagly syýasy dartgynlylyk sebäpli ýaranlar hasabatyň gijikmegine öňünden garaşýardylar.

Şol bir wagtda ABŞ-nyň Eýrana garşy dowam edýän harby operasiýalary we Ukraina boýunça Russiýa bilen geçiriljek gepleşikler Ýewropanyň howpsuzlyk ulgamyny üýtgetmegiň nähili çylşyrymlydygyny görkezdi.

Atlantik geňeşiniň Ýewropa merkeziniň müdiriniň orunbasary Jeýms Batçik Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna gijikmä haýsy dolandyryş, syýasy we harby sebäpleriň nähili derejede täsir edendiginiň heniz aýdyň däldigini aýtdy. Onuň pikiriçe, möhletiň yza süýşürilmegi administrasiýanyň esasy maksadyny üýtgetmeýär.

«Meniň pikirimçe, bu gijikme administrasiýanyň Ýewropanyň howpsuzlyk ulgamynda amala aşyrmak isleýän düýpli üýtgeşmesine täsir etmeýär» diýip, Batçik aýtdy. «Goşunlaryň ýerleşişini gözden geçirmek, meniň pikirimçe, häzirki “NATO 3.0” düşünjesiniň harby taýdan nähili durmuşa geçiriljekdigini görkezýär».

Batçigiň aýtmagyna görä, Trampyň nähili karar kabul etjekdigini öňünden bilmegiň kyndygy Ýewropa ýurtlaryna seresaply bolmaga esas berýär. Ol eýýäm görülýän käbir çäreleri mysal getirdi: Rumyniýadan çykarylan amerikan pyýada goşun brigadasynyň ornuna başga bölüm iberilmedi, Germaniýadaky 5 müň harby gullukçyny bolsa Polşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle-de bolsa, Batçik ABŞ-nyň Eýrandaky operasiýalarynyň Waşingtona Ýewropadaky bazalara we bu ýurtlaryň howa giňişliginden uçup geçmek hukugyna näderejede daýanýandygyny ýatladandygyny aýtdy. Bu ýagdaý goşunlary giň gerimde çykarmak baradaky çagyryşlara ters gelýär.

«Ýewropa bu kararlary we şol bäş warianty ýakyndan yzarlamaly» diýip, Batçik aýtdy. Ol ýaranlary artdyrylan goranyş býujetlerini harby operasiýalar üçin zerur «strategik goldaw mümkinçiliklerine» öwürmegi dowam etdirmäge çagyrdy. Ýewropanyň ýakyn wagtda bu mümkinçilikleri özbaşdak üpjün etmeli bolmagy mümkin.

Geçiş döwründe Russiýany hüjümden saklamak

Waşington Ýewropanyň howpsuzlygy baradaky borçnamalaryna ygrarlydygyny aýtsa-da, ABŞ-nyň harby güýçleriniň azaldylmak ähtimallygy NATO-nyň gündogar ganatynda Russiýany hüjümden saklamak mümkinçiligi babatda alada döredýär.

Hadson institutynyň uly ylmy işgäri Tsipora Frid Azatl Ýewropa/Azatlyk Radiosyna esasy howpuň «ABŞ-nyň öz harby güýçlerini azaltmagynyň depgini bilen Ýewropanyň şol mümkinçilikleriň öwezini dolmak ukybynyň gabat gelmezligidigini» aýtdy. Ýewropaly ýaranlar goranyş çykdajylaryny artdyrýarlar. Ýöne Fridiň bellemegine görä, şol serişdäniň hasabyna harby gullukçylary taýýarlamak, howa goranyş ulgamlaryny ýola goýmak we ok-däri ätiýaçlyklaryny toplamak üçin ençeme ýyl gerek.

«Ýewropadaky amerikan güýçleri diňe harby serişdeleri üpjün etmek bilen çäklenmeýär. Olar ABŞ-nyň Ýewropany goramaga ilkibaşdan gatnaşmagyny üpjün edýär. Amerikan adaty ýaragly güýçleriniň Ýewropada bolmagy ABŞ-nyň ýadro kepilliginiň ygtybarlylygyny artdyrýar» diýip, Frid aýtdy. «Bu ýaranlaryň bilelikde hereket etmek ukybyny güýçlendirýär we ABŞ-nyň Ýewropanyň howpsuzlygy baradaky borçnamasynyň diňe syýasy derejede galman, iş ýüzünde hem ýerine ýetirilmegini üpjün edýär».

Frid Russiýanyň ýaragly çaknyşyk derejesine ýetmeýän hereketler arkaly NATO-ny tas her gün synagdan geçirýändigini duýdurdy. Ol Russiýanyň ýakynda «Koalicja» türgenleşiginiň dowamynda Polşanyň howa giňişligini bozmagyny bilkastlaýyn prowokasiýa hökmünde häsiýetlendirdi. Bu türgenleşige Ukrainada amala aşyrylmagy mümkin bolan missiýa taýýarlanýan Ýewropa güýçleri gatnaşdy.

«Moskwa ýaranlaryň erjelligini, hyzmatdaşlygyny we basyşa döz gelmek ukybyny häzir synap görýär. Ol NATO-a geljekde näçe çykdajy etjekdigi baradaky wadalaryna görä däl-de, şu gün herekete getirip biljek güýçlerine, mümkinçiliklerine we harby taýýarlygyna görä baha berer» diýip, ol aýtdy.

Fridiň pikiriçe, ýaranlar diňe goşunlaryň umumy sanyna seretmek bilen çäklenmän, haýsy harby mümkinçilikleriň saklanyp galýandygyny we olaryň nirede ýerleşýändigini hem seljermeli. Bu esasan aňtaw, howa goranyşy, harby üpjünçilik we goşmaça güýçleri çalt getirmek üçin zerur infrastruktura ýaly öwezini dolmak kyn bolan mümkinçiliklere degişlidir. Onuň aýtmagyna görä, goşunlaryň sanynyň çäkli derejede azaldylmagy we käbir güýçleriň Germaniýadan Polşa ýaly gündogar ýaranlara geçirilmegi, bu ädimler degişli yzygiderlilikde amala aşyrylsa, NATO-ny hatda güýçlendirip biler.

«Ilkinji möhletiň yza süýşürilmegi Waşingtona we onuň ýaranlaryna wariantlara, olaryň harby netijelerine hem-de ýewropalylaryň goşmaça jogapkärçiligi nähili depginde öz üstüne alyp biljekdigine baha bermek üçin has köp wagt berýär» diýip, Frid aýtdy. «Bu geçişi diňe syýasy maksatlara ýa-da san görkezijilerine däl-de, harby taýdan iş ýüzünde mümkin bolan zatlara daýanyp amala aşyrmaga mümkinçilik berýär».

NATO ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň indiki hepde Brýusselde geçiriljek duşuşygynda resmi teklipler entek hödürlenmese-de, ýaran ýurtlaryň diplomatlarynyň bu seljermäniň mundan beýläk nähili dowam etjekdigini ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar.