Tramp, Si we Putin taryhy duşuşyk geçirdiler, ýöne düýpli öňegidişlik bolmady: üçtaraplaýyn sammitden dört netije

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (çepde), Hytaýyň prezidenti Si Szinpin (ortada) we ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 19-njy noýabrda Hytaýyň Şençžen şäherindäki APEC sammitinde surata düşýärler.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Hytaýyň lideri Si Szinpin we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Şençžende Aziýa-Ýuwaş ummany ykdysady hyzmatdaşlyk forumynyň (APEC) sammitiniň çäginde taryhy duşuşyk geçirdiler. Üç lideriň hersi duşuşykdan belli bir utuş gazandy, ýöne ýagdaýy düýpgöter üýtgedip biljek ylalaşyk baglaşylmady.

19-njy noýabrda geçirilen bu duşuşyk dünýäniň iň iri üç ýadro döwletiniň häzirki baştutanlarynyň beýleki liderler gatnaşmazdan geçiren ilkinji üçtaraplaýyn duşuşygy boldy. Putin bilen Si bolsa mundan öň özara 50-ä golaý gezek duşuşypdylar.

Duşuşygyň dabarasy onuň anyk netijelerinden has köp üns çekdi. Şeýle-de bolsa, bu duşuşygyň ABŞ-nyň, Hytaýyň we Russiýanyň daşary syýasaty üçin ähmiýeti bar. Ol üç döwletiň dünýä derejesindäki täsirini hem, şol täsiriň nirede çäklenýändigini hem görkezdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň alymlar we seljerijiler bilen geçiren söhbetdeşlikleri sammit barada dört esasy netijäni öňe çykarýar.

Iň köp utuş gazanan Putin boldy

Russiýa 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina giň gerimli çozuşa başlaly bäri, Putin halkara derejesinde esasan üzňelikde galdy. Şonuň üçin sammitden utuşly çykmak üçin oňa beýleki iki lidere garanyňda az zat ýeterlikdi. 2017-nji ýyldan bäri ilkinji gezek APEC sammitine gatnaşmagynyň we Tramp hem-de Si bilen dünýä howpsuzlygy barada gönüden-göni gepleşmeginiň özi Putine bu üzňelikden çykmaga ýol açdy.

“Putin bu duşuşykdan köp zat gazanyp gaýtdy. Duşuşykda iň köp utuş gazanan hut şoldy” diýip, ABŞ-nyň Wirjiniýa ştatyndaky CNA goranyş seljeriş merkeziniň Hytaý-Russiýa gatnaşyklary boýunça bilermeni Elizabet Wişnik Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.

“Rus lideriniň üzňeligi daşyndan seredeniňde ep-esli gowşady. Duşuşykdan soňky bilelikdäki 'parahatçylyk jarnamasy' sebäpli, belki, iş ýüzünde-de şeýle bolandyr” diýip, Britaniýanyň howpsuzlyk meselelerini öwrenýän Korollyk birleşen gulluklar institutynyň (RUSI) ylmy işgäri Sari Arho Hawren aýtdy.

Degişli maglumat

Trampyň, Siniň we Putiniň ilkinji üçtaraplaýyn duşuşygyndan soň dört bentli jarnama çap edildi

Bilelikdäki jarnamada ýadro töwekgelçiliklerini azaltmaga we halkara durnuklylygyny berkitmäge çagyryldy. Ýöne resminamada anyk borçnamalar azdy.

Hawreniň bellemegine görä, üç ýurt Halkara jenaýat kazyýetiniň (HJK) kanunylygyny şübhe astyna aldy. Bu kazyýet 2023-nji ýylyň martynda Ukrainada harby jenaýatlary etmekde güman edilýän Putini tussag etmek barada order çykarypdy. Beýanatda üç lideriň “döwletleriň razylygy ýörelgesiniň we döwlet wezipeli adamlarynyň eldegrilmesizligine hormat goýmagyň aýratyn möhümdigini ykrar edendikleri, şeýle hem Halkara jenaýat kazyýetiniň we şoňa meňzeş beýleki edaralaryň öz ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmaly däldigi barada ylalaşandyklary” aýdylýar.

Duşuşygyň köpçülige açyk böleginde Tramp HJK-ni “eden-etdilik edýän globalist gurama” diýip atlandyrdy.

Beýanatda ABŞ-nyň, Hytaýyň we Russiýanyň “ähli ýurtlaryň bähbidi üçin gaýtadan işlenen nebit önümleriniň öndürilişini we üpjünçiligini artdyrmagy” meýilleşdirýändigi hem aýdylýar. Munuň özi kynçylyk çekýän rus nebit pudagyny iş ýüzünde goldamakdy.

Siniň “oýlanyşykly guran” duşuşygy Hytaýa peýda getirdi

Putin bilen deňeşdirilende, Si Szinpiniň üçtaraplaýyn duşuşykdan gazanyp biljek zady azdy. Hytaý Russiýanyňky ýaly diplomatik ýa-da ykdysady kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz däl. ABŞ bilen gatnaşyklarda dartgynlylyk saklansa-da, Si “konstruktiw strategik durnuklylyk” çarçuwasyny öňe sürüp, iki ýurduň gatnaşyklarynyň häzirki ugruny kesgitlemegi başardy.

Şeýle-de bolsa, Si Hytaýyň Aziýanyň iň möhüm ykdysady sammitiniň çäginde uly ähmiýetli duşuşygy esasy çäräni kölegede galdyrmazdan geçirip bilýändigini görkezmelidi.

“Duşuşyk uly üns çekdi we oýlanyşykly guralypdy. Muny Hytaý üçin üstünlik diýip bolar” diýip, Waşingtondaky Stimson merkeziniň Hytaý boýunça maksatnamasynyň müdiri Ýun Sun Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Ol “üç tarapyň hem kabul etjek bilelikdäki beýanaty barada ylalaşyga gelmegiň aňsat däldigini” belledi. “Ýöne munuň öwezine beýanatda bu meseleleriň jikme-jiklerine kän girilmedi” diýip, Sun aýtdy.

“Meniň pikirimçe, Si Szinpin isleýän zadyna ýetdi: ol dünýä işlerinde öňbaşçylyk edýändigini görkezdi” diýip, Hawren aýtdy.

Hytaýyň döwlet habar gullugy “Sinhua” agentliginiň maglumatyna görä, Si duşuşygy “oňyn, konstruktiw we netijeli” diýip häsiýetlendirdi.

Si Trampyň ýadro ýaragsyzlanmasy barada gepleşmek islegini nazara aldy, ýöne anyk ädim ätmäge borçlanmady. Hasaplamalara görä, Hytaýda 620 töweregi ýadro okbaşy bar. ABŞ-nyň-da, Russiýanyň-da hersinde olaryň sany 5 müňden geçýär. Pekiniň pikiriçe, Hytaýyň ýaragsyzlanmak baradaky gepleşiklere goşulmagy entek ir we bu ýurduň milli howpsuzlygyna zyýan ýetirip biler.

Bilelikdäki beýanatda Si, Tramp we Putin “ýadro urşunda ýeňiş gazanyp bolmajakdygyny we beýle urşy hiç haçan alyp barmaly däldigini ýene bir gezek tassykladylar”. Hytaýyň lideri bu jümläni ençeme ýyl bäri ulanyp gelýär. Üç lideriň “ýadro töwekgelçiliklerini azaltmak we ýadro ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüni almak barada gepleşik geçirmek” wadasy bolsa umumy häsiýetli bolup, anyk borçnama döretmeýär.

Tramp sammitden garaşan netijesini aldy

Seljerijileriň pikiriçe, ABŞ-nyň prezidenti sammitiň öňüsyrasynda uly netije gazanmagy göz öňünde tutmandy we öňünde goýan maksadyna ýetdi.

“Prezident Tramp dünýäniň ünsi özüne gönügen pursatda beýleki iki iri ýadro döwleti bilen ýadro ýaraglaryna gözegçilik etmek ugrunda tagalla edýändigini açyk mälim etmek isleýärdi. Ol muny başardy” diýip, Taýpeýde işleýän hukukçy we syýasy töwekgelçilikler boýunça seljeriji Ross Darrell Faýngold Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Tramp sammitiň öňüsyrasynda Eýran bilen urşy ara alyp maslahatlaşmak isleýändigini aýdypdy. Emma üç lideriň bilelikdäki beýanatynda bu uruş agzalmady. Putin-de, Si-de APEC sammitinde bu barada açyk çykyşlarynda hiç zat aýtmady.

“Hytaý bilen Russiýa Eýran bilen urşy bes etmekde Trampa hiç hili kömek edip bilmezler we etmezler. Olar Eýrany ABŞ-a garşy söweşmäge-de çagyrmazlar” diýip, Faýngold aýtdy. “Hytaý bilen Russiýa üçin iň howpsuz ýol parahatçylyga çagyrmakdyr. Olar häzir hem şol ýoly tutýarlar”.

ABŞ-nyň Söwda ministrliginde Hytaý meseleleri bilen meşgullanan öňki ýokary wezipeli resminiň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, diplomatiýada düýpli netije gazanylmasa-da, Tramp sammiti üstünlik hökmünde görkezip biler.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (çepde) we Hytaýyň prezidenti Si Szinpin 19-njy noýabrda Şençžende APEC sammitiniň çäginde guralan dabaraly günortanlyk naharyna barýarlar.

Ýagdaý barada açyk gürlemek üçin adynyň agzalmazlygy şerti bilen söhbetdeş bolan öňki resmi şeýle diýdi: “Si Szinpin prezident Trampyň göwnüni mazaly tapdy. Hatda ony howa menzilinde gujaklap garşylady. Tramp hut şular ýaly zatlara uly ähmiýet berýär”.

Tramp Siniň özüni gujaklap garşylamagyny “biziň üçin uly ýeňiş” we “uly hormatyň” alamaty diýip häsiýetlendirdi.

Jo Baýdeniň prezidentligi we Trampyň ilkinji prezidentlik möhleti döwründe ABŞ bilen Hytaýyň gatnaşyklary dartgynlydy. Şondan soň Tramp bilen mähirli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy Si üçin oňyn özgeriş boldy. Waşingtonyň basyşynyň gowşamagy Pekine daşary syýasatdaky strategik maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin has giň mümkinçilik berdi.

“Si munuň hemişe dowam edip bilmejekdigini bilse-de, netijelerden diýseň hoşal bolsa gerek” diýip, öňki resmi aýtdy.

Iri döwletleriň diplomatiýasynyň hem çägi bar

Seljerijileriň pikiriçe, bu üçtaraplaýyn sammit dünýäniň ünsüni çeken pursatlary bilen birlikde, çözülmän galan meseleleri bilen hem ýatda galyp biler.

Putin geçen aý sammit geçirmek pikirini ilkinji gezek orta atanda, Ukraina we Ýewropa rus lideriniň olaryň gatnaşmazlygynda parahatçylyk ylalaşygy barada gepleşmäge synanyşmagyndan alada bildiripdiler.

Ýöne Pekiniň Ýewropa bilen gatnaşyklaryna zyýan ýetirmek islemeýändigini nazara alanyňda, beýle netijä başdan garaşmak kyndy. “Hytaýa Ýewropa ykdysady taýdan henizem gerek. Hytaý özüni bitarap döwlet hökmünde görkezmäge çalyşýar” diýip, Hawren aýtdy. Onuň sözlerine görä, Ukraina meselesini gün tertibine goşmazlyk Pekiniň “strategik saýlawydy”.

Wişnigiň pikiriçe, Ukrainanyň APEC sammitiniň öňüsyrasynda Krym köprüsine dronlar we raketalar bilen zarba urmagy tötänlik däldi. Hüjümde köpriniň üstünden geçýän awtoulag ýolunyň bir bölegi ýykyldy.

“Bu dünýä liderlerine aýdyň bir habar berýär: Ukraina we Ýewropa ýurtlarynyň ýolbaşçylary gatnaşmasa, olar bu urşy tamamlap bilmezler” diýip, Wişnik aýtdy.

Bu aralykda, 18-nji noýabrda Eýran Pars aýlagyndaky döwletlere zarba urdy. Bu, iki aýa golaý arakesmeden soň, Bahreýne we Kuweýte dronlar hem-de raketalar bilen edilen ilkinji hüjümlerdi.

Russiýanyň Ukraina garşy urşy üçin ýarag hem esger iberen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn bolsa Tramp bilen duşuşmazdan APEC sammitinden gaýtdy. ABŞ-nyň prezidenti mundan öň iki lideriň duşuşmagynyň mümkindigini aýdypdy.

“Iri döwletleriň täsiri uly, ýöne olar ýerlerde bolup geçýän wakalary dolandyryp bilmeýärler” diýip, Wişnik aýtdy. “Liderleriň bir stoluň başyna ýygnanyp, dünýäniň ykbalyny çözýän döwri geçdi. Meseleleri çözmek üçin olar has köp döwlet bilen işleşmeli bolarlar”.