ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Tähranyň ABŞ-nyň parahatçylyk ylalaşygyny kabul etmekden ýüz öwürendigi üçin nägilelik bildirdi, ýöne ol Eýranyň baýlaşdyrylan uran üpjünçiligini ýurtdan çykarmaga rugsat bermegi baradaky talaplaryndan ýüz öwüren ýaly boldy.
"Men mundan artyk sabyrly bolmaryn. Olar ylalaşyk baglaşmaly" diýip, Tramp Hytaýyň lideri Si Szinpin bilen duşuşmak üçin Hytaýda saparda bolan wagty "Fox News" teleýaýlymynyň alyp baryjysy Şon Hannitiniň geçiren we 14-nji maýda efire berlen söhbetdeşlikde aýtdy.
"Islendik akylly adam ylalaşyk baglaşardy, ýöne olar däli bolmagy mümkin" diýip, ol ABŞ-nyň prezidenti sözüniň üstüne goşdy.
Eýranyň baýlaşdyrylan uran üpjünçiligi barada Tramp şeýle diýdi: "Aslynda, ony alsam, özümi has gowy duýýaryn, ýöne bu - başga zatlara garanda jemgyýetiň pikiri üçin has möhüm".
Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu ýakynda eden beýanatlarynda Eýran bilen urşuň "gutarmandygyny" aýtdy, sebäbi ýadro materialy ýurtdan "çykarylmaly" diýdi.
Öňki teswirlerinde Tramp Tähranyň ýadro bombasyny ýasamak üçin ulanylyp bilinjek baýlaşdyrylan uran üpjünçiliginiň hökümetiň rugsady bilen ýa-da bolmazdan Eýrandan alnyp çykaryljakdygyny aýdypdy.
Degişli maglumat
Tramp ABŞ-nyň Eýran meselesinde Hytaýyň kömegine mätäç däldigini aýtdyŞeýle-de bolsa, Tramp Tähran bilen ylalaşygyň ýoklugyndan şikaýat etse-de, häzirki liderleriň "akylly" adamlardygyny aýtdy. Eýranyň öňki ýolbaşçylarynyň köpüsi 28-nji fewralda başlanan ABŞ-Ysraýyl howa hüjümlerinde öldürildi.
Şol bir wagtyň özünde, 14-nji maýda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio "NBC News"-a beren interwýusynda Hytaýyň we ABŞ-nyň Hormuz bogazynyň "harbylaşdyrylmaly däldigi" barada ylalaşýandyklaryny aýtdy.
Rubio Tom Llamasyň "NBC Nightly News" gepleşiginde eden çykyşynda Trampyň 14-nji maýda Pekindäki duşuşykda Si bilen bogaz barada pikir alyşandygyny aýtdy.
“Hytaý tarapy Hormuz bogazyny harbylaşdyrmagyň tarapdary däldigini we salgyt girizmegiň tarapdary däldigini aýtdy we bu biziň pozisiýamyz” diýip, Rubio belledi.
28-nji fewralda Eýran bilen ABŞ-Ysraýyl urşunyň başlanmagyndan bäri, Tähran bogazy ýapdy we käbir gämileriň geçmegi üçin 2 million dollara çenli töleg girizdi. ABŞ hem Eýrana barýan we Eýrandan gelýän gämilere deňiz blokadasyny girizdi.
Degişli maglumat
Rubio: Hormuz bogazyny açmak üçin Eýrana basyş etmek Hytaýyň bähbidine bolarHytaý Ýakyn Gündogarda "ok atyşygy berk bes etmäge" çagyrdy.
Hytaýyň Daşary işler ministrligi 15-nji maýda Ýakyn Gündogarda uzak möhletli ýaraşyk baglaşmaga çagyrdy we gämi gatnawlarynyň "mümkin boldugyça tiz wagtda" gaýtadan açylmalydygyny aýtdy.
"Ýakyn Gündogarda we Pars aýlagy sebitinde parahatçylygyň we durnuklylygyň çalt dikeldilmegine ýardam bermek üçin giň gerimli we uzak möhletli ýaraşyk baglaşylmaly" diýlip, ministrligiň beýanatda aýdyldy.
"Halkara jemgyýetçiliginiň çagyryşlaryna jogap hökmünde gämi gatnawlary mümkin boldugyça tiz wagtda gaýtadan açylmaly" diýlip, beýanatda Eýran tarapyndan 28-nji fewralda uruş başlanaly bäri berk ýapylan Hormuz bogazy göni agzalmazdan bellendi.