Tramp ylalaşykda Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmajagynyň ‘açyk we aýdyň’ görkezilýändigini aýdýar

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 16-njy iýunda Fransiýanyň Ewian-le-Ben şäherinde geçirilen G7 sammitiniň çäklerinde žurnalistler bilen söhbetdeşlik geçirýär.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, iki tarap hem urşy tamamlamaga çalyşýan mahaly, şu hepde Eýran bilen gol çekiljek çarçuwaly ylalaşygyň Tähranyň ýadro ýaragyny öndürmejekdigini ýa-da edinmejekdigini “açyk we aýdyň” görkezýändigini aýtdy.

“Meniň üçin hakykatdanam möhüm bolan ýeke-täk zat, Eýranyň hiç haçan ýadro ýaragyna eýe bolmajagy we ol [ylalaşyk] muny açyk we aýdyň aýdýar” diýip, Tramp 16-njy iýunda Fransiýada geçirilen G7 sammitinde žurnalistlere aýtdy.

Ol eger Eýran ýadro ýaragyny edinmäge synanyşsa, onda Yslam respublikasynyň üstüne “ähli dowzah ýagşynyň ýagjakdygyny” hem sözüniň üstüne goşdy.

“Biz Eýran bilen ylalaşygymyzy tamamladyk we ol üstünlikli bolmaly, ol ikinji tapgyra geçýär, meniň pikirimçe, bu hakykatdanam has ýeňil bolar” diýip, Tramp belledi.

Degişli maglumat

Tramp we Eýran urşuň soňuna çykmak üçin çarçuwaly ylalaşyga gelnendigini aýdýarlar

ABŞ-nyň administrasiýasynyň ýokary derejeli resmileriniň aýtmagyna görä, Birleşen Ştatlar we Eýran üç aý bäri dowam edýän urşuň soňuna çykmak we Hormuz bogazyny täzeden açmak üçin 15-nji iýunda özara düşünişmek baradaky memoranduma elektron görnüşinde gol çekdiler. Bu resminama 19-njy iýunda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçiriljek dabarada resmi taýdan gol çekiler.

Tramp çarçuwaly ylalaşygyň jikme-jiklikleri barada hiç hili maglumat bermedi. Bu ylalaşyk ok atyşygy bes etmek baradaky häzirki ylalaşygyň möhletini ýene 60 güne uzaldýar we iki tarapa 28-nji fewralda ABŞ-nyň we Ysraýylyň Eýrana howa hüjümleri amala aşyrmagy bilen başlanan çaknyşygyň hemişelik soňuna çykmak barada gepleşikleri geçirmäge mümkinçilik berýär.

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi 16-njy iýunda daşary ýurtly žurnalistleriň gatnaşmagynda geçirilen brifingde memorandumdaky “iň möhüm” meseläniň “ähli frontlarda, şol sanda Liwanda urşuň derhal we hemişelik bes edilmeginiň yglan edilmegi” bolandygyny aýtdy.

Tramp Liwanyň içinde “Hezbollah” söweşijilerine gönükdirilendigi aýdylýan hüjümleriň dowam etmegi bilen baglylykda Ysraýyla we onuň premýer-ministri Benýamin Netanýahua nägilelik hem bildirdi.

“Hezbollah” Liwanyň günortasynda köp bölegi öz gözegçiliginde saklaýan hem söweşiji topar, hem-de syýasy partiýadyr. Ýewropa Bileleşigi onuň diňe ýaragly ganatyny gara sanawa goşsa-da, Birleşen Ştatlar ony terrorçylykly gurama hasaplaýar.

Tramp 16-njy iýunda G7 duşuşygynda žurnalistlere Netanýahu bilen gowy gatnaşygynyň bardygyna garamazdan, ysraýyl lideriniň Liwan babatda has “jogapkärli” bolmalydygyny aýtdy.

Tähran bilen Waşingtonyň ikisi hem ylalaşygyň mazmuny barada dürli pikirleriň arasynda ýeňiş gazanandyklaryny yglan etdiler.

Degişli maglumat

ABŞ Eýrana uran howa zarbalaryny jemledi, Eýran ABŞ bazalaryny nyşana alýar

Eýranyň döwlet eýeçiligindäki “Mehr” habar agentligi 14 maddadan ybarat özara düşünişmek memorandumynyň jikme-jiklikleri barada maglumat çap etdi we onuň ýadro meseleleri we Tährana garşy sanksiýalaryň doly ýatyrylmagy barada gepleşikleriň geçirilmegini göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Waşington islendik giňişleýin parahatçylyk ylalaşygynyň esasy elementleriniň Eýranyň ýadro ýaragyny edinmezligini we Hormuz bogazynyň erkin gämi gatnawy üçin açyk bolmagyny üpjün etmekden ybarat boljakdygyny nygtady.

ABŞ-Ysraýyl harby kampaniýasy başlandan soň, global nebit we gaz üpjünçiliginiň esasy gatnaw damary bolan bogaz Eýran tarapyndan ýapyldy. Bu hereket energiýa bazarlaryny sarsdyr we global ykdysadyýeti gowşatdy.

Waşington memoranduma laýyklykda bogazdan gämi geçişiniň 60 günläp tölegsiz boljakdygyny we uzak möhletli ylalaşyklary kesgitlemek üçin sebitleýin gepleşikleriň geçiriljekdigini nygtady.

Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusyna ýakyn bolan “Fars” habar agentligi “Pars aýlagy arkaly deňiz gatnawynyň Eýran tarapyndan Oman bilen utgaşdyrylyp düzgünleşdiriljekdigi barada karara gelindi” diýip, Waşingtonyň beýanatlaryna ters gelýän sözleri aýtdy.

Analitikler uruşdan öň global nebit we gaz üpjünçiliginiň bäşden bir böleginiň geçýän ýeri bolan Hormuz bogazyndan geçýän ulag gatnawynyň täzeden dikeldilmegi üçin birnäçe hepde gerek boljakdygyny aýtdylar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.