Transparency International: Türkmenistan Merkezi Aziýanyň “iň korrumpirlenen” ýurdy

Hasabatda Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda iň korrumpirlenen ýurt boldy.

10-njy fewralda Transparency International guramasy 2025-nji ýyl üçin, iň soňky Korrupsiýa indeksini (Corruption Perception Index) çap etdi. Onda Türkmenistan ýene-de iň ýaramaz orunlarda ýerleşdirilip, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda iň korrumpirlenen ýurt boldy.

Hasabatda 182 ýurt we territoriýa seljerilýär we 100 ballyk ölçegdäki derejä laýyklykda, azat hasaplanýana 100 baldan, iň parahor hasaplanýana 0-a çenli bal berilýär we sanawa ýerleşdirilýär. Muňa laýyklykda, Türkmenistan 17 bal bilen 167-nji orunda ýerleşdirildi. Sanawda 17 bala şeýle-de Burundi eýe boldy.

Merkezi Aziýanyň beýleki ýutlarynyň arasynda: Gazagystan 38 bal (96-njy ýer), Özbegistan 31 bal (124-nji ýer), Gyrgyzystan 26 bal (142-nji ýer) we Täjigistan 19 bal (166-njy ýer) aldy.

Russiýa 22 bal berlip, 157-nji orunda ýerleşdirildi.

Sanawda iň gowy görkeziji görkezen ýurtlar Daniýa (89), Finlýandiýa (88) we Singapur (84) boldy; iň erbet görezijini bolsa Günorta Sudan (9), Somali (9) we Wenesuella (10) görkezdi.