Türk parlamentiniň agzasy Türkiýede ýitirim bolan türkmen aktiwistleriniň ykbalyna ýene alada bildirdi. Ömer Faruk Gergerlioglu 11-nji martda özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda çap eden wideo ýazgysynda türk häkimiýetlerinden "Alişer Sahatow we Abdylla Orusow alnyp gaçyldymy?" diýip, olaryň nirededigini anyklamagy sorady. Şeýle-de, ol Azatlyk Radiosyna beren ýazmaça interwýusynda türk häkimiýetlerini aýdyň we kanagatlanarly düşündiriş bermäge çagyrdy.
Gergerlioglu öz çykyşynda Konstitusion suduň türkmen bloggerleriniň boşadylmalydygy baradaky kararyna garamazdan, Edirnedäki döwlet edarasyndan boşadylandygy aýdylýan güni ýitirim bolandygyny aýtdy.
Degişli maglumat Türkiýäniň parlament agzasy ýitirim bolan türkmen aktiwistleriniň ykbalyna alada bildirdi“Olar Konstitusion suduň karary bilen boşadylan badyna, ýagny 24-nji iýulda (2025-nji ýyl) bir zatlar bolýar we ikisinden hem sekiz aý bäri habar ýok. Bu bolar ýaly zat däl. Biz [Sahatowyň] aýaly we aklawçysy bilen gürleşdik. Eşiden zatlarymyza gulaklarymyz ynanyp bilmedi. Muny Konstitusion sud, Içeri işler ministrligi, Migrasiýa dolandyryş müdirligi, Edirne häkimligi, Edirne deportasiýa merkezi hem eşidýärmi? Bu adamlar Edirne deportasiýa merkezinde mahaly, boşadylan badyna kimdir birilerine tabşyryldymy?” diýip, Gergerlioglu öz çykyşynda soraýar.
Türkiýede ýaşaýan we türkmen hökümetini açyk tankyt eden iki türkmen bloggeri 2025-nji ýylyň aprelinde tussag edilip, üç aýa golaý wagtlap deportasiýa merkezinde saklandy.
Iýun aýynda Türkiýäniň Samsun şäheriniň sudy olary Türkmenistana deportasiýa etmek hakynda karar çykardy, emma 13-nji iýunda çykarylan bu karar barada olaryň aklawçysyna 27-nji iýunda habar berildi. 2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda Türkiýäniň Konstitusion sudy olaryň deportasiýasyny ýatyrmak barada karar çykardy.
"Hamala, ýokardan buýruk gelen ýaly"
Sahatowyň aýaly Gülala Hasanowa adamsy bilen soňky gezek 24-nji iýulda gepleşendigini we şondan soň 7 ýarym aýdan gowrak wagt bäri onuň ykbalyndan doly bihabar galýandygyny aýtdy. Azatlyk Radiosy bilen gepleşen Hasanowa Türkiýäniň kanun goraýjy edaralaryna yzygiderli ýüzlenýändigini, emma hiç hili jogap alyp bilmeýändigini hem belledi.
Gergerlioglu çykyşynda türk Içeri işler ministrliginden, Adalat ministrliginden, Edirne häkimliginden, Migrasiýa dolandyryş müdirliginden, Edirne deportasiýa merkezinden “bu adamlar sekiz aý bäri nirede?” diýip sorady.
“Aklawçysynyň ýüzlenmedik edarasy ýok. Ýöne sud edaralary derňewi dessine ýapýarlar. Hamala, ýokardan buýruk gelen ýaly. Ýitirim edilmek we alyp gaçmak wakalarynda bolşy ýaly, derňew işleriniň dessine ýapylýandygyny görýäris. Nämeler bolýar?” diýip, Gergerliogu sowal berýär.
Türk parlamentiniň agzasy Azatlyk Radiosyna ýazmaça beren interwýusynda “adamlaryň ykbaly barada Adalat ministrligine we Içeri işler ministrligine beren soraglaryma hiç hili jogap alyp bilmedim” diýdi.
Degişli maglumat Ýitirim edilen aktiwistler Sahatowyň we Orusowyň işi boýunça sud diňlenişigi geçirildi“Bu örän geň bolup, alada döredýär... Adamlaryň nirededigi belli däl, olar birden ýitip gidýär. Bu ýagdaý bolsa, olaryň maşgalalarynyň habary bolmazdan Türkmenistana gaýtarylyp berlendigi baradaky garaňky senariýni ýada salýar” diýip, ol Azatlyga beren interwýusynda aýtdy.
Şeýle-de, ol soraglaryma ençeme aý bäri jogaplaryň berilmezligi käbir faktlaryň gizlenýändigi baradaky pikirleri güýçlendirýär hem diýdi.
“Şonuň üçin men Türkiýäniň häkimiýetlerini aýdyň we kanagatlanarly düşündiriş bermäge ýene-de bir gezek berk çagyrýaryn” diýip, ol belledi.
Türk parlamentiniň agzasy Gergerlioglu Sahatowyň we Orusowyň ykbalyna degişli meseläni geçen ýylyň tomus paslyndan bäri ençeme gezek gozgady.
39 ýaşly Sahatow “Erkin Garaýyş" YouTube kanalynda türkmen hökümetini tankytlap çykyş edipdi we ýurtda polisiýanyň eden-etdiligi, korrupsiýa ýaly problemalary gozgapdy. Orusowyň TikTok blogynda we 2024-nji ýyldan bäri alyp barýan YouTube kanalynda türkmen raýatlary türkmen jemgyýetiniň derwaýys meselelerini diskussiýa edipdi.
Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary Sahatowyň we Orusowyň Türkmenistana deportasiýa edilen ýagdaýynda olara çynlakaý howp abanýandygyna aladalanma bildirip gelýärler.
"Human Rights Watch" (HRW) guramasy Sahatowyň we Orusowyň Türkmenistana alnyp gidilendigi hakykata laýyk bolan ýagdaýynda, munuň Türkiýäniň öz üstüne alan halkara borçlaryny bozandygyny aňladýandygyny belledi.
Türkmenistanyň häkimiýetleri we Ankaradaky türkmen ilçihanasy aktiwistleriň ykbaly baradaky mesele hakynda häzire çenli haýsydyr bir beýanat bilen çykyş etmän gelýärler.
Degişli maglumat Sahatow we Orusow ýitirim boldy. Olaryň aklawçysy we Sahatowyň aýaly türk häkimiýetlerine ýüz tutdyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.