8-nji iýunda Stambuldan Aşgabada ýolagçy getiren türkmen uçarynda Türkiýeden çykmaly edilen 100-e golaý migrant ýurduna dolandy diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär.
Azatlyk 2023-nji, 2024-nji ýyllarda Türkiýeden köpçülikleýin deportasiýa edilen türkmenistanlylar hakynda birnäçe gezek habar berdi, ýöne şondan soň bir günde beýle köp adamyň deport edilendigi mälim bolmandy.
Birnäçe çeşmäniň tassyklamagyna görä, deport edilen raýatlar Aşgabadyň howa menzilinde MHM işgärleri tarapyndan ‘berk soraga çekilip, elekden geçirildi’.
Uçardan düşen ýolagçylaryň ýigirmiden gowragy telekeçiler we daşary ýurtlara iş saparyna ugradylan MHM işgärleri bolup, olar dessine geçirildi diýip, howa menzilindäki ynamdar çeşme habar berdi.
Deportasiýa edilenler MHM tarapyndan 'berk soraga çekildi'
Türkiýeden deportasiýa karary bilen çykarylan adamlar 95 töweregi bolup, olar ýekelikde çagyrylyp, bäş sany otagda, birnäçe howpsuzlyk ofiseriniň gatnaşmagynda sorag edildi.
“Deport edilenleri ýeke-ýekeden çagyryp, ýanyndaky telefonyny barladylar, olar MHM işgärleriniň beren ähli soragyna jogap bermeli boldular” diýip, çeşme soragyň ençeme sagada çekendigini, ýolagçylaryň köp garaşmaly bolandygyny hem sözüne goşdy.
Degişli maglumat
Türkiýeden Türkmenistana deport edilýän raýatlar “köpelýär”“Telefonlary ellerinden alnan adamlar telefonyň gorag koduny aýtmaga mejbur edildi, onuň içindäki maglumatlar MHM işgärleri, IT hünärmenleri tarapyndan öwrenildi. ‘Türkiýede haýsy sosial torlara girip, kimler bilen gürleşdiň?; YouTube kanalynda nämelere laýk basdyň?’ diýen ýaly soraglar berildi, IP adresleri, elektron poçtalary gözden geçirildi” diýip, çeşme aýtdy.
“Şübheli, oppozisiýa diýilýän, ýurdy terk eden, öň döwlet işlerinde işlän we köp ýyl bäri türkmen hökümetini tankytlaýan adamlar bilen aragatnaşyk gurmakda güman edilen raýatlar öýlerine goýberilmän, MHM-niň etrap bölümine äkidildi” diýip, çeşme saklanan adamlaryň anyk sanyny bilmeýändigini hem sözüne goşdy.
Şol bir wagtda, soraglardan geçen raýatlaryň, MHM-niň ‘şübheli raýatlar’ sanawyna goşulyp, bellige alnandygy aýdylýar.
Resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bolmaýan maglumatlara görä, ýörite gulluklar soňky bir ýylda ‘gara sanaw’ meselesini gaýtadan berkidýärler.
Türkmenistanlylar 'iň kösençli migrantlar' hasaplanýar
Türkiýe türkmenistanlylaryň iň kän barýan we bikanun ýagdaýda ýaşaýan ýurtlarynyň biri bolup, bu ýurtdaky şertler tankydy pikirini aýtmaga synanýan ildeşlerimiziň köpelmegine getirýär diýip, ýerli synçy aýtdy.
“Türkmen hökümetiniň diplomatik ýollar arkaly ýüz tutmagy bilen, daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlarymyz Türkiýeden we beýleki ýurtlardan yzygiderli ýagdaýda yzyna ugradylýar. Olar soň bäş ýyl şol ýurtlara girmesiz edilýär” diýip, synçy aýtdy.
Anonimlik şertinde gürleşen zähmet migrantlarynyň aýtmaklaryna görä, birnäçe aýlyk wiza bilen gelen türkmenistanlylar soň köplenç kyn ýagdaýlara düşýär.
“Türkmen raýatlary Russiýa we Türkiýe ýaly ýurtlara üç aýlyk wiza bilen barýar, şondan uzak möhletli wiza berilmeýär. Üç aýdan soň olar, jeňňel adamsy ýaly, gorkuda we gaçgak ýaşap, işlemeli we maşgala eklemeli bolýar” diýip, migrant aýtdy.
Azatlygyň habarçylary geçen ýyl Polşa gelen türkmen migrantlarynyň Germaniýa geçip, bosgunlyk almaga çalyşýandyklaryny habar berdiler. Golaýda bolsa, pasport möhletleriniň dolmagy sebäpli, Germaniýada işleýän türkmenistanlylaryň kyn ýagdaýa düşendigi mälim boldy.
Degişli maglumat
Polşadaky türkmenleriň arasynda Germaniýada bosgunlyk, gaçybatalga almaga synanyşýanlar “köpelýär”Söhbetdeşlerimiziň tassyklamagyna görä, sebitdäki ýurtlaryň zähmet migrantlarynyň arasynda daşary ýurtlarda kanuny ýagdaýda işlemekde we yzyna pul ugratmakda türkmenistanlylar ýaly uly we emeli kynçylyk çekýän adam ýok.
"Ýagdaýymyzdan peýdalanyp, bizi aldaýarlar"
“Bikanun ýagdaýda ýaşamagymyz sebäpli, baran ýurtlarymyzyň işewürleri bizi işledip, hakymyzy tölemän aldaýarlar, polisiýa tabşyryp, pulumyzy sorap bilmez ýaly edýärler. Wagtlaýyn ýazga goýjak diýlip aldanýan, yzyna dolanyp, serhetden geçmeli bolanda ýazgy edilmändigini bilip, bäş ýyllyk gadagançylyga düşýän türkmen hem az däl” diýip, zähmet migranty gürrüň berdi.
Türkmenistan daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna çykan, dürli ýurtlarda kanuny ýa bikanun ýagdaýda işleýän raýatlary, şol sanda deport edilen adamlar, barha güýçlenýändigi aýdylýan migrasiýa meýilleri baradaky resmi maglumatlary çap etmeýär.
Azatlyk ýurduň Daşary işler, Içeri işler, Milli howpsuzlyk ministrliklerinden, Döwlet migrasiýa gullugyndan resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.