Tanymal žurnalist Amangeldi Nurmyradow 17-nji noýabrda Aşgabatda, 64 ýaşynyň içinde aradan çykdy, onuň dogduk mekany Bäherdende topraga tabşyrylandygy habar berilýär.
Düýbi Pakistanda ýerleşýän “News Central Asia”, nCa neşiri onuň Türkmenistanyň media ulgamynda tanyş we hormatlanýan ses bolup, ýerli žurnalistika bilen halkara habar beriş serişdeleriniň arasyndaky birleşdiriji köpri bolandygyny belleýär.
Şeýle-de, neşir onuň köp ýyllaryň dowamynda Russiýanyň “RIA Nowosti” habar agentliginiň Aşgabatdaky habarçysy bolup işländigini, beýleki hyzmatlaryny agzaýar.
Türkmen metbugaty, adatça milli medeniýete hyzmat eden tanymal raýatlaryň ölümi barada dymmagy saýlaýan “Türkmenistan Altyn Asyr” saýty hem bir gün soň, 18-nji noýabrda “ömrüniň 40 ýyla golaýyny žurnalistika bagyş eden’ Nurmyradowyň ýogalandygyny aýdyňlaşdyrman habar berdi.
Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetini tamamlanyndan soň gysga wagt türkmen telewideniýesinde işlän Nurmyradow 1992-nji ýylda Türkmenistanyň prezidentiniň metbugat gullugynda işlemäge çagyrylan ýaş žurnalistleriň biri bolup, kärdeşleriniň arasynda Saparmyrat Nyýazowyň sözlejek sözleriniň tekstini, onuň daşary ýurt neşirlerine berýän interwýulary üçin gelen soraglara prezidentiň adyndan taýýarlaýan jogaplary bilen tanalýardy.
Türkmen metbugatynyň habarynda žurnalistiň 1980-nji ýyllaryň aýagyndaky, 1990-njy ýyllaryň başyndaky işleri, soňra daşary ýurt habar serişdeleri bilen eden hyzmatdaşlygy agzalman, baş redaktor wezipesine çenli döredijilik ýoluny geçendigi aýdylýar, emma bu wezipesinden näme üçin aýrylandygy aýdylmaýar.
Ýagdaýy gowy bilýän žurnalistleriň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, Nurmyradow soň “Daýanç” žurnalyny çykaran Muhammetmyrat Salamatow, daşary işler ministri bolan Batyr Berdiýew ýaly rus dilinde ýazýan we hakyky garaşsyz metbugatyň döremegini islän, emma ‘bady alnan zehinli, bilimli žurnalistleriň biri’ boldy.
Degişli maglumat
Türkmenistan metbugat azatlygynda 180 ýurduň arasynda 176-njy orny eýeledi“Onuň makalalary …töweregindäki dünýäniň has adalatly bolmagy ugrunda yzygiderli tagalla etmegi bilen tapawutlanýardy” diýip, “Türkmen Altyn Asyr” saýty hem Nurmyradowyň ‘aýratyn zehinini’ boýun alypdyr.
Maglumat üçin aýdylsa, türkmen metbugaty ýurduň tanymal raýatlarynyň ölüm habarlaryny örän seýrek ýagdaýda çap edýär we synçylar muny berk döwlet senzurasy bilen baglanyşdyrýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.