Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskini Ukrainanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady.
TDH türkmen lideriniň 23-nji awgustda ukrain liderine “ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny” iberendigini habar berdi.
“Döwlet Baştutanymyz, mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Wladimir Zelenskä berk jan saglyk, abadançylyk we döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi” diýip, habarda aýdylýar.
Adatça bolşy ýaly, türkmen tarapynyň hatynda Ukrainada barýan 18 aýlyk uruş agzalmaýar.
Degişli maglumat Türkmen ilçisi Ukraina bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy