Ukrainanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Emine Japarowa Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçisi Toýly Ataýew bilen duşuşdy diýip, Ukkrainanyň Daşary işler ministrligi 9-njy awgustda habar berdi. Türkmen metbugaty bu habary bermedi.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky ykdysady, maddy-tehniki, bilim we ynsanperwer gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrmagyň anyk çärelerini ara alyp maslahatlaşdylar, Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasynda baglaşmak üçin taýýarlanan ikitaraplaýyn şertnamalaryň taslamalaryny täzeden gözden geçirdiler.
Ukrain tarapy Türkmenistanyň ukrain halkyna iberen ynsanperwer kömegi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Japarowa Russiýanyň Hazar sebitinden ukrain şäherleriniň raýat infrastrukturasyna urýan raketa zarbalarynyň Hazar deňziniň kanuny ýagdaýy baradaky konwensiýanyň düzgünlerini gödek bozýandygyny aýtdy.
Şeýle-de, Emine Japarowanyň ukrain eksportynyň bu ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygyndaky paýyny artdyrmak meselesine aýratyn üns berendigi aýdylýar.
Ukrainanyň Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny gowulandyrmak üçin özboluşly mümkinçilikleri bar we türkmen tarapynyň Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň “Ukrain gallasy” maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagyna bil baglaýar, Türkmenistanyň TRACECA guramasyna girmegi möhüm türkmen harytlarynyň Ukraina getirilmegini üpjün etmek üçin täze mümkinçilikleri döreder diýip, ukrain DIM-niň habarynda bellenýär.
TRACECA halkara ulag programmasy bolup, Ýewropa Bileleşigini Gündogar Ýewropanyň, Kawkazyň we Merkezi Aziýa sebitiniň 12 sany agza döwletini öz içine alýar. Obuň maksady Gara deňiz basseýni, Günorta Kawkaz we Merkezi Aziýa sebitlerinde ykdysady gatnaşyklary, söwdany we transporty güýçlendirmekden ybarat.