Türkmen talyplarynyň daşary ýurtlardaky okuw töleglerini geçirmegine degişli täze çäklendirme girizildi

Türkmenistandaky banklaryň birinde nobata duran raýatlar (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda şu günler daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda okamaga taýýarlanýan türkmen ýaşlaryna degişli täze çäklendirme güýje girdi. Muňa laýyklykda, indi türkmen banklary arkaly daşary ýurt ÝOJ-laryna okuw töleglerini amala aşyryp bolýan uniwersitetleriň sanawy ýiti çäklendirildi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 23-nji iýunda Balkan welaýatyndan maglumat berdi.

“Mundan beýläk diňe Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanylan uniwersitetleriň dört sanawyndaky ilkinji 1000 ÝOJ-a kabul edilen türkmen talyplaryna ýerli banklar arkaly okuw töleglerini resmi kurs esasynda geçirmäge rugsat berler. Galan daşary ýurt ÝOJ-larynyň ählisine bank arkaly töleg geçirmek mümkinçiliginiň ýatyrylýandygy duýdurylýar” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri häzire çenli daşary ýurt uniwersitetlerinde okaýan türkmenistanlylara ýurduň banklary arkaly dollaryň resmi kursy boýunça okuw töleglerini geçirmek mümkinçiligini hödürleýärdi.

Bu mümkinçilik häkimiýetleriň 2015-nji ýylyň başynda walýutanyň söwdasyny berk çäklendirmeginiň yz ýanynda güýje girizilipdi.

Degişli maglumat

Ene-atalar: Çagalarymyzyň okuw tölegini geçirmek üçin $3400-e çenli para bermäge razy bolýarys

Türkmenistanyň Merkezi banky indi 11 ýyldan gowrak wagt bäri dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 3,5 manat töwereginde saklaýar. Bu aralykda, ýurtda walýutanyň gara bazary emele gelip, 1 dollar 20 manat töwereginde bahalanýar.

Balkanly ene-atalaryň ençemesi bu çäklendirme barada daşary ýurt ÝOJ-laryna okuwa girmäge kömek edýän ýarym-resmi ýerli agenstwalaryň resmileriniň mälim edendigini aýdýar.

Okuwa kabul edilen ýaşlar we ene-atalar çykgynsyz ýagdaýda

Olaryň sözlerine görä, çäklendirme häzirlikçe diňe şu ýyl täze okuwa kabul edilen we ýaňy-ýakynda okuwa çakylyk hatlaryny ellerine alan ýaşlara degişli.

“Agenstwalar eýýäm daşary ýurtlarda okap ýören türkmen talyplarynyň ýagdaýynyň heniz belli däldigini aýdýarlar. Olar çagalarynyň okuw töleglerini türkmen banklary arkaly resmi kurs esasynda tölemek isleýän ene-atalara tiz wagtyň dowamynda şol sanawlarda ilkinji müňlüge girýän uniwersitetlere dokumentleri tabşyrmagy maslahat berýärler. Başga çykalga hödürlenmeýär” diýip, balkanly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Ene-atalar munuň eýýäm daşary ýurt uniwersitetlerine resminama tabşyryp, bir giden çykdajy eden, hatda sentýabr aýy üçin uçar biletlerini hem satyn alan ýaşlaryň ýüzlerçesini örän çykgynsyz ýagdaýa salýandygyny aýdýar.

“Olar çykdajylarynyň ýele sowrulandygyny aýdyp, häkimiýetlere aç-açan nägilelik bildirýärler. Olar çäklendirmäniň näme üçin öň, entek çagalar ÝOJ-lara resminamalaryny tabşyrmazdan ozal çykarylmandygyny aýdýarlar” diýip, balkanly ene anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda Balkanyň bilim we bank resmilerinden teswir alyp bilmedi.

Täze çäklendirme barada ýurduň Bilim ministrliginiň resmi web sahypasynda hem haýsydyr bir maglumat ýa bildiriş göze ilmeýär. Bu barada Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH) we “Türkmenistan Altyn Asyr” web sahypalarynda hem haýsydyr bir habar çap edilmändir.

Degişli maglumat

Daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentlerine pul geçirmekde täze bökdençlik döredi

Alternatiw çözgüt: ÝOJ-y we ýurdy çalyş...

Ýöne bu çäklendirmäni TikTok we Instagram sosial ulgamlaryndaky hökümete tarapdar sahypalar tassyklap, bu barada maglumatlary paýlaşyp başladylar.

Şu hepdäniň başynda paýlaşylan wideolaryň birinde daşary ýurt ÝOJ-laryna okuwa girmäge kömek edýän ýarym-resmi agenstwanyň wekili ähli müşderilerine kanuna we düzgüne laýyklykda alternatiw çözgütleri taýýarlaýandyklaryny aýdyp, olara [saýlan] uniwersitetini we ýurduny çalyşmagy maslahat berýär.

“Sebäbi [okuw tölegleri] hökmany suratda bank arkaly amala aşyryljak uniwersitetleriň sanawy Bilim ministrliginiň resmi internet sahypasyndaky sanawyň her bir reýtinginde ilkinji 1000-lige hökman girmeli” diýip, agenstwanyň wekili aýdýar.

Türkmenistanly ýaşlaryň müňlerçesi daşary ýurtlarda, hususan-da, Russiýanyň we Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýar.

Soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanlylaryň okuw tölegini geçirmek meselesine tapgyrlaýyn esasda çäklendirmeleri girizip gelýär.

Ene-atalar bu meselede dürli bökdençlikleriň döredilýändigini, şol sanda talap edilýän resminamalaryň sanynyň artdyrylýandygyny, özlerine kanun taýdan rugsat berlen bu tölegleri geçirmek üçin köplenç para bermäge mejbur bolýandyklaryny aýdyp gelýärler.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.