Türkmen uny ýene 'gözden uçdy', balkanlylar 'bazar bahalaryny alada edýär'

Çörek nobaty. Arhiw suraty

Türkmenistanda ýerli un meselesi saklanyp galýar, gazak, rus unlary bolsa halkyň aglaba bölegi üçin elýeterli däl diýip, çeşmeler habar berýär. Balkan sebitindäki habarçymyz etrap ýerlerinde ýurtda öndürilen unuň satuwdan ýitendigini habar berýär. Bu maglumat türkmen häkimiýetleriniň azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigi, gallaçy daýhanlaryň bugdaý meýdanlaryndan her 1 million 400 müň tonnadan gowrak hasyl alýandygy baradaky habary sorag astyna alýar.

“Türkmenistanda öndürilen un welaýatyň tas ähli etrabynda satuwdan ýitdi, bahasy 300, 380 manat aralygynda bahalanýan un iki hepdä golaý wagt bäri ýok. Rus we gazak uny hem azaldy, ýöne onuň her gaby 550, 800 manat aralygynda bahalanyp, bu adaty raýatlar üçin elýeter däl” diýip, welaýatdaky un ýagdaýyny ýakyndan synlaýan hünärmen aýtdy.

Galla kärhanalaryndan 'tükmen ununy çykaryp bilýän ýok'

Aýry-aýrylykda gürleşilen telekeçileriň tassyklamagyna görä, Balkanabatda türkmen, gazak, rus unlaryny satýan hususy dükanlaryň eýeleriniň arkasynda MMH işgärleri ýa-da beýleki ýokary derejeli emeldarlar durýar.

Degişli maglumat

Döwletiň gallaçylar bilen hasaplaşyk döwri golaýlady, bankomatlar 'pulsyz', pensiýalar gijikdirilýär


“Arkaly diýilýän telekeçileriň un dükanlarynda ýekeje halta-da türkmen uny ýok” diýip, bu maglumaty ikinji çeşme hem tassyk etdi.

Resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bolmaýan maglumata görä, häzir galla kärhanalaryndan türkmen ununy çykaryp bilýän telekeçi ýok, olara bu işde goldaw berip gelen MMH işgärleriniň ‘demi ýöremeýär’ diýip, telekeçilik bilen meşgullanýan raýat ýerli unuň söwdasynyň doly togtadylandygyny öňe sürdi.

“Häzir galla kärhanalaryndan türkmen ununy çykarmagy hiç kim başarmaýar. Ýörite prezident tarapyndan iberilen gulluklar galla kärhanalaryna gözegçilik edýän MHM ofiserleriniň yzyny derňeýär. Barlag geçirilýändigi sebäpli, ne bazarda, ne kärhanalarda ýerli un söwdasy bar” diýip, ady redaksiýada saklanýan telekeçi emele gelen ýagdaýy prezidentiň buýrugy esasynda geçirilýän barlag bilen baglanyşdyrdy.

Onuň sözlerine görä, ozal döwlete degişli bolan çörek kärhanalary hem hususy taraplara geçirilýär.

“Döwlete degişli pekarnylar hususy taraplara geçirilip başlandy, olar indi bir dänesi 5 manatlyk buhankalary gazak, rus unundan ýapyp satýarlar. 1,5 manatlyk buhankalar satuwdan aýryldy” diýip, söhbetdeşimiz çörek, et önümleriniň söwdasynyň doly bazar şertine geçiriljekdigini öňe sürdi.

Habarçymyz býujet edarasynda işleýän raýat bilen anonimlik şertinde gürleşip, ondan un, çörek ýagdaýy baradaky pikirini sorady.

Buhanka çörekler hem 'ýakasyny tanatdy'

“Indi adaty buhanka [çörek] satyn almak hem görgi. Buhanka çörekler 5 manatdan 15 manada çenli aralykda bahalanýar. Türkmenistanda adaty býujet işgärleri üçin buhanka-da delikates nahar ýaly, öz ýakasyny tanatdy” diýip, balkanly býujet işgäri aýtdy.

Türkmençilikde, hususan-da köp çagaly, goly ýuka maşgalalarda çörek esasy iýmit bolup, oba, etrap ýerlerindäki hojalyklar, hatda şäher ýerlerinde hem, mümkin bolsa, köplenç un satyn alyp, iýjek çöreklerini howluda ýa öýde bişirýärler.

Degişli maglumat

Balkanabatda 'türkmen uny' satylmaýar. Ýaşaýjylar un we ýag 'paýoklaryna' garaşýarlar


“Türkmen uny 300 manatdan bolsa-da, öýünde duhowkada çörek bişirip iýýän maşgalalara ýeňillik bolardy, emma indi oda ýok. Galla borçnamasyny artygy bilen ýerine ýetirýän Türkmenistanda türkmen uny bugdaý oragy tamamlananyndan kän wagt geçmänkä satuwdan aýrylýar” diýip, bir ýaşaýjy bu ýagdaýyň her ýyl diýen ýaly gaýtalanýan adat zat bolandygyny belledi.

Onuň sözlerine görä, türkmen ununyň satuwdan aýrylmagy ýa bolmazlygy her ýyl adamlaryň 1,4 million tonna bugdaýyň diňe kagyz ýüzünde öndürilendigi barada edýän ýaňsyly gürrüňlerini köpeldýär.

Balkanly ykdysatçy häkimiýetleriň ilatyň un, çörek aladalaryna, şol sanda et önümleriniň nyrhlarynyň yzygiderli ýokarlanmagy baradaky gürrüňlerine açyk reaksiýa bildirmeýändigini aýtdy. Ýöne, onuň pikiriçe, belli bir derejede ýeňillikli bahadan satylýan önümleriň bahalarynyň basym bazar nyrhlaryna deňleşmegi gaty mümkin we Halk maslahatynyň öňde duran mejlisinde şeýle teklibiň edilmegi mümkin.

'Ýalandan doly döwletdäki öňegidişlik'

“Ýalandan doly döwletde öňegidişlik bolmajagy görnüp dur. Aslynda, bugdaý, un, et önümleriniň bazar şertinde satylmagy dogry. Ýöne raýatlaryň girdejileri hem şoňa laýyk bolmaly” diýip, ykdysatçy ýurtda azat bazar gatnaşyklaryna geçmegiň dürli bahanalar bilen yza çekilendigini we önüm öndürjek, iş açynjak adamlar üçin döredilen emeli kynçylyklaryň ýurdy, ilaty yza çekip, şu günki kyn ýagdaýa getirendigini öňe sürdi.

Onuň pikiriçe, eger döwlet hakykatdan hem çözgüt gözleýän bolsa, iş orunlaryny döredip bilmeýändigini, guramaçylyk, kanuna gözegçilik ukybynyň pesdigini boýun alyp, daşary ýurtlara gidip işlemek isleýänlere şert döretmeli.

“Döwlet edaralarynda berilýän zähmet haky, pensiýalar bazardaky baha bilen gabat gelenok. ‘Men näme diýýän, dutarym mäme diýýär’ diýen ýaly. 1 kg göle eti 195, 205 manat bahalanýar, arassa ýerli etiň bahasy indi, adamlaryň edýän çen-çakyna görä, kilogramy 300 manat bolar” diýip, balkanly ykdysatçy köp adamyň Halk maslahatynyň geçiriljek gününe alada bilen garaşýandygyny aýtdy.

Onuň sözlerine görä, adamlar et dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem gymmat, kilogramy 15, 20 dollar, ýöne daşary ýurtlarda aýlyklar hem ýokary, ‘olar, köp türkmenistanly ýaly, 30 dollar pensiýa, 75 dollar aýlyga ýaşamaýarlar’.

Degişli maglumat

Türkmenabatda adam başyna iki buhankadan köp satylmaýar, nobat köpelýär


Azatlyk Türkmenistandaky un, çörek, azyk ýagdaýlary, bahalar we ilatyň aýlyk, gazanç mümkinçilikleri barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda çuňlaşýandygy aýdylýan ykdysady kynçylyklary, agyr işsizligi resmi taýdan boýun almaýar we zähmet migrantlarynyň öňünde döredilýän emeli kynçylyklar, düşündirişsiz girizilýän hereket çäklendirmeleri, ‘açyk gapylaryň ýapyklygy’ saklanyp galjaga meňzeýär diýip, synçylar aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.