Türkmenabadyň taryhy binasynda ýangyn döredi, MHM waka barada maglumat ýaýradan ýaşaýjylary soraga çekýär

Türkmenistanyň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň ulagy (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Türkmenabat şäheriniň S.A. Nyýazow köçesinde ýerleşýän, öň Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi hökmünde ulanylan, soňky ýyllarda bolsa telekeçilere kireýine berlen taryhy binada 6-njy awgustda ýangyn döredi.

Häkimiýetler wakany ne tassyklaýan, ne-de inkär edýän mahaly, Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýerli işgärleri waka barada maglumat ýaýradan ýaşaýjylary gözleýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we ýerli çeşmelerimiz 10-njy awgustda maglumat berdi.

“Bina tutuşlygyna diýen ýaly ot aldy. Ýangyn söndüriji gullugy bir sagat ýaly giç galdy. Gulluk gelýänçä, binanyň kerpiçden başga ähli bölekleri ýandy. Diňe kerpiç galdy” diýip, waka şaýat bolan türkmenabatly çeşmämiz anonimlik şertinde aýtdy.

Sosial ulgamlarda paýlaşylan wideo maglumatlarda hem, binanyň tutuşlygyna diýen ot alandygyny görse bolýar. Şol bir wagtda, wideolarda ot alýan binanyň töwereginde ýangyn söndüriji gullugyň ulaglary, işgärleri görünmeýär.

Degişli maglumat

Wekilbazardaky nebit bazasynda güýçli ýangyn boldy

“Tiz kömek gullugynyň ulaglary gelmedi. Giç bolsa-da, wakanyň bolan ýerine gelen ýangyn söndürijiler wakada hiç kimiň ölmändigini dilden aýtdylar. Ýöne resmi beýanat edilmedi. Tehniki ekspertizanyň netijeleri hem mälim edilmedi” diýip, türkmenabatly ýene bir çeşmämiz aýtdy.

Ýangyn barada maglumat ýaýradan ýaşaýjylar gözlenýär

Ilat arasynda ozalky Hajy Mälik metjidiniň jaýy hökmünde hem tanalýan we XX asyryň başlarynda gurlandygy aýdylýan binada ýangynyň döremegine nämäniň sebäp bolandygy barada häzirlikçe anyk maglumat ýok.

Azatlyk Radiosynyň bu barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şol sanda sebitiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi. Redaksiýamyzyň 10-njy awgustda eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Ýangyn barada Lebap welaýat häkimliginiň resmi web sahypasynda, şeýle-de döwlet mediasynda we hökümetçi onlaýn media serişdelerinde hem hiç bir maglumat göze ilmeýär.

Bu aralykda, häkimiýetler wakany ne tassyklaýan, ne-de inkär edýän mahaly, Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýerli işgärleri waka barada maglumat ýaýradan ýaşaýjylary gözleýärler.

“Ýangyndan soň MHM-niň işgärleri binanyň töweregindäki ýaşaýyş jaýlaryny birin-birin aýlanyp, ýaşaýjylaryň telefonlaryny barlap başladylar. Ýangyny surata ýa-da wideo düşüren käbir adamlar polisiýa bölümine mejbury äkidilip, soraga çekilýär. Hukuk goraýjy edaralary olary wideolary daşary ýurtlarda ýaşaýan tanyşlaryna we garaşsyz habar beriş serişdelerine ibermekde aýyplaýarlar” diýip, Türkmenabat şäher polisiýasyndaky çeşmämiz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ýangyn bilen baglylykda azyndan iki adam saklandy. Olar häzir Bitarap Türkmenistan köçesinde ýerleşýän wagtlaýyn saklaýyş izolýatorynyň ýerzemininde saklanýar.

"Garaşsyz neşirler bilen aragatnaşyk saklamakda..."

“Iki ýaş ýigit garaşsyz habar beriş serişdeleri bilen aragatnaşyk saklamakda aýyplanýar. Olary häzirlikçe üç gün saklap, soň öýlerine goýbermekleri hem mümkin. Ýa-da Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiň 345-nji maddasy esasynda 15 gije-gündiz administratiw taýdan tussag etmekleri hem mümkin” diýip, çeşme aýtdy.

Degişli maglumat

Çärjewiň 29-njy orta mekdebinde ýangyn döredi

Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 345-nji maddasy “ownuk huligançylygy”, şol sanda jemgyýetçilik tertibini we raýatlaryň asudalygyny bozýan hereketleri göz öňünde tutýar. Madda jerime ýa-da 15 gije-gündize çenli administratiw tussaglyk çäresini bellemäge mümkinçilik berýär. Ýöne ýangyny surata düşürmegiň ýa-da wideony habar beriş serişdelerine ibermek - bu maddada görkezilen hukuk bozulmalaryň arasynda görkezilmeýär.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň häkimiýetlerinden ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada düşündiriş alyp bolmaýar. Bu barada ýerli Polisiýa müdirligi bilen telefon arkaly habarlaşmak synanyşyklarymyz hem oňyn netije bermedi.

Ýykmak barada "karar"

Resmi maglumatlara görä, ýangyn dörän binada 1967-nji ýyldan 2011-nji ýyla çenli Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi ýerleşýärdi. Muzeýiň täze binasy 2011-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda şäheriň demir ýol menziliniň golaýynda açylyp, eksponatlar şol ýere geçirildi. Bu maglumat muzeýiň resmi internet sahypasynda hem görkezilýär.

Şäher häkimligindäki çeşmämiziň aýtmagyna görä, muzeý täze jaýa geçirilenden soň, bu binada Lebap welaýatynyň hem-de Çärjew etrabynyň pensiýa edaralary ýerleşipdir.

“Şeýle-de, soňky döwürde binanyň käbir otaglary ýerli telekeçilere kärendesine berlip, ol ýerde wiza merkezleri we daşary ýurtlarda iş tapmaga ýardam berýän agentlikler işläpdi. Bu edaralar binany 2025-nji ýyla çenli ulanypdylar. Ýerli häkimiýetler 2025-nji ýylda taryhy binany ýykmak barada karar kabul edipdiler” diýip, häkimlikdäki çeşmämiz belledi.

Binada işlän adamlaryň binäçesiniň anonimlik şertide aýtmagyna görä, onuň üçegi birnäçe ýyldan bäri abatlaýyş işlerini geçirmäge mätäçdi.

"Üçekde emele gelen deşiklerden ýagyş suwunyň geçýändigi barada işgärler ençeme gezek zeýrendiler" diýip, lebaply ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.