Türkmenbaşyda dilegçilere garşy reýd geçirilýär, pensiýa, kömek pullary gijikdirilýär

Köçede dilegçilik edýän ene. Arhiw suraty

Türkmenbaşy şäherinde dilegçilik edýän maýyplara, çagalara garşy reýd geçirilip başlandy, şol bir wagtda, pensiýalar, kömek pullary gijikdirilýär, bankomatlarda pul ýok, howpsuzlyk gulluklary internete surat, wideo syzdyrylmak ähtimallygyndan alada galýar diýip, Balkan sebitindäki habarçymyz habar berýär.

Türkmenistandaky aýlyklaryň köpeldilmezligi, işsizlik bilen bagly ýagdaýlar bir tarapdan raýatlaryň daşary ýurtlara işlemäge gitmegini artdyrsa, ikinji tarapdan, döwletden pensiýa, kömek pullaryny alýan adamlaryň hem ýakynlaryna ýa-da dilegçilik edilip alynýan serişdelere mätäçligini artdyrýar diýip, ýerli ýaşaýjylar Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýdýarlar.

Baýlar bilen garyplaryň aratapawudy 'gaty ulalýar'

Resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bolmaýan habarlara görä, soňky ýyllarda gowy gazanç edip, dollarda millioner bolan, daşary ýurtlarda emläk edinýän adamlar, ‘düşewüntli orunlarda’ işleýän emeldarlar we olaryň çagalary bilen adaty adamlaryň we olaryň maşgalalarynyň durmuş-ýaşaýyş şertleriniň arasyndaky tapawut has ulalýana meňzeýär.

Degişli maglumat

Häkimiýetleriň basyşy astyndaky dilegçiler gün görmegiň 'başga ýollaryny' gözleýär


Dilegçilik edýän maýyplaryň ‘kän göze ilmegi’ häkimiýetleri hem barha kän rahatsyz edýär, olar çaga diýmän, ýaşuly, ýarawsyz adam diýmän, mätäçlere edilýän basyşy dowam etdirýär diýip, synçylar aýdýar.

Balkandaky habarçymyzyň 6-njy noýabrda beren habaryna görä, Türkmenbaşyda dilegçilik edýän maýyplara garşy täze reýdler geçirilip başlandy.

“Şu gün, 6-njy noýabrda Kenar bazarynda we beýleki marketleriň öňünde dilegçilik edýän adamlara garşy reýd geçirilip başlandy” diýip, anonimlik şertinde gürleşen bazar işgäri habarçymyza aýtdy.

Onuň sözlerine görä, dilegçilere ýardam bermek, mätäçleriň derman we çörek almak mümkinçiligi bilen gyzyklanmaga derek, häkimlik olary jerime bilen gorkuzmak kararyna gelene meňzeýär.

“Jerime ýazyp, 6 aýda alýan döwlet kömek puluna barabar jerime töletdirip, düzgün bozmakda günäläp, olary bujagaz günlerinden hem aýyrmak isleýärlermikä” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Dermanlar gymmat, durmuş gymmat...

Azatlyk bilen aýry-aýrylykda, anonimlik şertinde gürleşen birnäçe ýaşaýjynyň tassyklamagyna görä, dermanlaryň gymmatlamagy, durmuş, bazar sebedi döwlet kömek puluny alýan maýyplary, pensiýadaky adamlary bu ýyl öňki ýyllardakysyna garanda hem ‘has kyn günde goýýar’.

Bu aýdylýany adynyň aýdylmazlygyny soran hukuk hünärmeni hem tassyklady.

“Türkmen häkimiýetleri köpçülik ýerlerindäki dilegçilere garşy görýän çärelerini wagtal-wagtal, ýokary derejeli resmileriň ýa myhmanlaryň saparlary ýa-da ýokardan berlen görkezme sebäpli güýçlendirýärler, adatça mätäçlik çekýän adamlaryň gününi kynlaşdyrmakdan saklanmaga çalyşýarlar.”

Ýaşaýjylar ýetim ýa-da mätäç çagalaryň dilegçilik etmegine hem garşy görülýän basyş çäreleriniň hem güýçlenýändigini, sebäbi bu hili çagalary ýörite internatlara ýerleşdirmegiň kynlaşandygyny aýdýarlar.

Degişli maglumat

Maryda aç adamlar bazardaky zibilden azyk gözleýärler


“Mätäç çagalary ýatymlyk okuwa ýerleşdirmek üçin hem uly para soralýar, sebäbi internat mekdeplerinde ýer ýok. Daşary ýurtda işleýän ene-atalaryň käbiri para berip, çagalaryny internatlara ýerleşdirýärler. Ýetimler öýlerinde, bolmalysyndan ençeme esse kän çaga bardygyny aýdyp, eltilen ýetimleri kabul etmeýärler” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, durmuş gitdigiçe kynlaşýar, baý adamlar toýhanalarda 1 we 5 million manat aralygynda çykdajy edip, ogul-gyzynyň toýuny edýär, doglan günlerini belleýär, garyplar, maýyplar 5 manatlyk buhanka çörek tapman, köçede dilegçilik edýär.

Prezidente berilýän hasabatlarda hemme zat 'gül ýaly'

Türkmen hökümetiniň mejlislerinde prezidente hasabat berýän resmiler ilatyň aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň wagtynda tölenýändigini aýdýarlar. Emma habarçylarymyz bu meseledäki bökdençlikleriň ýyllar boýy gaýtalanýandygyny habar berýärler.

Şu aý ýene pensiýalar, döwlet kömek pullary hasaplara wagtynda geçirilmedi, bank hünärmenleri nagt puluň 10-njy noýabrdan soň boljakdygyny aýdýarlar diýip, habarçymyz öz çeşmelerine salgylanyp ýazdy.

Aýdylmagyna görä, häzir pensiýa, kömek pullarynyň hasaplaryna geçirilmegine garaşýan adamlar bankomatlaryň öňünde gije-gündiz ýatyp garaşýarlar, bu ýagdaý howpsuzlyk gulluklaryny rahatsyz edýär.

“Nobata duranlaryň suratlarynyň we wideo ýazgylarynyň internetde peýda bolmazlygy üçin, pensiýalar nagt pul bolanda geçiriler” diýip, çeşme aýtdy.

Azatlyk bu aýdylýan resmi taýdan ne tassykladyp, ne-de inkär etdirip bildi.

“Döwletiň elektrik togy, tebigy gaz we suw tölegi üçin algysy bolsa, her aýyň 1-i bolan badyna gapyňy kakyp, pul alyp gidýärler. Emma, näme üçindir, soňky ýyllarda pensionerlere berilýän üns pese gaçdy. Häzirki inflýasiýa şertlerinde, berilýän pensiýa kommunal töleglere hem ýetmeýär” diýip, türkmenbaşyly pensioner, öňki lukman aýtdy.

Onuň sözlerine görä, köp adama ogul-gyzdan hem peýda ýok, sebäbi olar öz güzeranyny zordan aýlaýar.

Degişli maglumat

Mollalar Gurbanlyk sadakalarynyň ‘dilegçilere däl-de, metjitlere berilmegini’ ündeýär


'Pensiýalar ýokarlansa gowy bolardy'

“Ene-atalar çagalaryna ýük bolmaz ýaly, döwlet pensiýalary galdyryp berse gowy bolardy. Ýogsa, dilegçilik edäýmesek, başga ýol göremizok” diýip, öňki saglyk işgäri aýtdy.

Türkmen hökümetiniň mejlislerinde, döwlet eýeçiligindäki metbugatda ilatyň durmuş, ýaşaýyş şertleriniň ýokarlanýandygy tekrarlanýar. Şu aralykda hukuk goraýjy işgärleriň raýatlaryň döwlet baştutanlaryna ýazýan şikaýat hatlarynyň aragatnaşyk ulgamlary arkaly iberilmezligini üpjün etmäge çalyşýandygy, sosial mediada nägilelik bildirýän ýaşaýjylara edilýän basyşlaryň güýçlenýändigi habar berilýär.

Türkmen häkimiýetleri ‘gürelýändigi’ aýdylýan tankydy pikirlere açyk reaksiýa bildirmekden we garaşsyz neşiriň žurnalistlerine resmi düşündiriş bermekden saklanmagy dowam etdirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.