Türkmen prezidenti ABŞ wekilleri bilen sebit howpsuzlygyny, ykdysady meseleleri maslahatlaşdy

ABŞ, Türkmenistan baýdaklary

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 23-nji ýanwarda ABŞ-nyň Türkmenistana sapara gelen goşun ministri Deniýel Driskol, amerikan prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Serjio Gor bilen duşuşyp, sebit howpsuzlygyny we ykdysady meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün ABŞ-nyň Türkmenistana sapara gelen goşun ministri Deniýel Driskoly we amerikan prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, ABŞ-nyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Serjio Gory kabul etdi diýip, TDH 23-nji ýanwarda habar berdi.

Berdimuhamedow Türkmenistanyň ABŞ bilen syýasy, ykdysady, ynsanperwer ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi, geçen ýylyň noýabrynda «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşmak üçin Waşington şäherine amala aşyran saparyny we onuň çäklerinde prezident Donald Tramp bilen geçiren duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Habarda bu formatdaky hyzmatdaşlygyň howpsuzlyk, ykdysady, howa we energetika meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli binýada öwrülendigi bellenilýär.

Degişli maglumat ABŞ wiza üçin girew tölemeli ýurtlaryň sanawyny giňeltdi, Türkmenistan olaryň arasyna goşuldy

ABŞ-nyň Guryýer goşunlarynyň ministri Deniel Driskol türkmen hyzmatdaşlaryna myhmansöýerlik we açyk dialog üçin minnetdarlyk bildirdi diýip, türkmen metbugaty onuň sosial ulgamlardaky hasabyna salgylanyp ýazýar.

Deniel Driskol Aşgabat şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda, ABŞ-nyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Serjio Goryň gatnaşmagynda, Türkmenistanyň prezidenti, Goranmak ministrliginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy.

Duşuşyklaryň dowamynda taraplar howpsuzlyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar we Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge umumy ygrarlylygy tassykladylar.

Degişli maglumat Türkmen DIM-niň başlygy ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçisi bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Serjio Gor bir gün öň, 22-nji ýanwarda daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşypdy.

Habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň maglumatyna görä, taraplar sebit durnuklylygy bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Habarda amerikan tarapynyň Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklara ýokary baha berýändigi bellenýär.

Şeýle-de, Türkmenistanyň goranmak ministri Begenç Gündogdyýewiň ABŞ-nyň Guryýer goşunlarynyň ministri Deniel Driskol we Birleşen Ştatlaryň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Serjio Gor bilen duşuşyp, sebit howpsuzlygy meseleleri boýunça pikir alşandyklary habar berilýär.

Degişli maglumat Türkmenistan Trampyň ABŞ-a girişi bölekleýin çäklendirýän kararyna “alada” bildirdi, munuň “gyssagly ädim” bolandygyny aýtdy

Söhbetdeşler syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň meselelerine degip geçip, soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda işjeň syýasy dialogyň alnyp barylýandygyna ünsi çekdiler.

Söwda-ykdysady ulgam iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Habaryň soňunda taraplaryň özara düşünişmäge, ynanyşmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edendikleri aýdylýar.

Şeýle-de, türkmen metbuagty Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň amerikan prezidentiniň wekili Serjio Gor bilen duşuşandygyny habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.