Türkmenistan açyk gaz ýatagyny ýapmak üçin taslama taýýarlady

Türkmenistanda 50 ýyl bäri açyk ýanyp duran gaz ýatagyny, Derweze gaz kraterini öçürmek boýunça taslama taýýarlandy diýip, TASS habar gullugy türkmen resmisine salgylanyp habar berýär.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň laboratoriýa ýolbaşçysy Irina Lurýewanyň rus habar gullugyna aýtmagyna görä, Garagum çölündäki Derweze gaz kraterini öçürmek boýunça taýýarlanan taslamanyň basym tassyklanylmagyna garaşylýar.

“Biz taslamany taýýarladyk we onuň esasy manysy bu adatdan daşary guýuda gaz akymyny çäklendirmek bolup durýar. Häzirki wagtda bu taslama amaly durmuşa geçiriş tapgyrynda” diýip, Irina Lurýewa aýdypdyr.

Ylmy-barlag institutynyň alymlary krateriň oduny öçürmek meselesini öwrenip, açyk gaz ýatagynyň golaýynda guýy burawlamaly diýen netijä geldiler diýip, habarda aýdylýar.

Aşgabatdan 266 kilometr uzaklykda, Merkezi Garagumda ýerleşýän Derweze gaz ýatagy 1971-nji ýylda, sowet geologlarynyň guýy burawlap, gazuw-agtaryş işleriniň geçirýän wagtynda açyldy.

Degişli maglumat Gaza baý Marynyň oba ilaty peçlerde odun we sygyr tezegini ýakyp ýylynýar