Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaza baý Marynyň oba ilaty peçlerde odun we sygyr tezegini ýakyp ýylynýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Gaza baý Mary welaýatynyň oba ýaşaýjylary öýlere gazyň we elektrik togunyň kadaly berilmeýändigi sebäpli, peçlerde odun we sygyr tezegini ýakyp, ýylynmaga mejbur bolýarlar.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän maryly habarçylarynyň biri bu ýagdaýy Murgap etrabynyň “Hyrlsan Juma” we “Türkmenistan” daýhan birleşikleriniň ilatynyň başdan geçirýändigini aýdýar.

“Marynyň oba ýaşaýjylary gazyň pesliginden şikaýat edýärler. Käbir adamlar odun, sygyr tezegini ýakyp, käbiri solýarka peç gurnap, öýlerini ýylatmakçy bolýar. Emma bu öýüň içini gara gurumdan doldurýar we ýakymsyz ys çykarýar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde maglumat beren habarçy 15-nji noýabrda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, hojalyklaryň köpüsinde odun, sygyr tezegini ýa-da solýarka satyn alyp, öýi ýylatmaga-da maddy mümkinçiligi ýok. Howanyň temperaturasy gijelerine nol gradusdan hem aşaklaýan şu günlerde, sowuk jaýlarda adamlaryň, hususan-da, çagalaryň kesellemegi bilen bagly ýagdaý ýygy-ýygydan ýüze çykýar.

“Adamlaryň köpüsiniň derman satyn alamaga ýagdaýy ýok. Olar gapysyndaky mallaryny satyp, derman almaly bolýarlar. Bu mallaryň, ýagny sygyrlaryň süýdi hojalygyň bar eklenji bolup durýar. Olar süýt satyp, hojalygyň gerek zatlaryny, çörek satyn alýarlar” diýip, habarçy aýtdy.

Habarçy gazsyzlykdan kösenýän oba aýallarynyň ençemesiniň arz etmek üçin Murgap etrap gaz edarasyna barandygyny hem belledi.

“13 aýal ‘biziň gazymyz pes, bizi mejbur edip, gaz hasaplaýjylary dakdyrdyňyz we gazyň tölegini her aý aýlanyp ýygnaýaňyz, ýöne gazymyzy gataltmaýaňyz. Obada gaz turbamyz deşilse, özümiz bejertýäris. Gazymyz gatalmasa, biz başga ýere arz etjek’ diýdiler” diýip, habarçy bu wakadan habarly oba ýaşaýjylaryna salgylanyp gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, aýallaryň bu şikaýatyna Murgap etrap gaz edarasynyň ýolbaşçysy ‘biziň tebigy gazymyz hapa bolany sebäpli hasaplaýjylaryň torlary dykylýar, şol sebäpli olary açyp görmeli” diýmek bilen çäklenipdir.

Ýöne oba ýaşaýjylary öýlere gazyň kadaly berilmezligi bilen bagly kynçylyklaryň indi ençeme ýyl bäri, ýagny gaz hasaplaýjylary oturdylmazdan öň hem dowam edýändigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň ýokarda aýdylanlar barada Mary welaýat we Murgap etrap gaz edaralaryndan kommentariý almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Gaz gorlarynyň göwrümi boýunça dünýäde ilkinji orunlary eýeleýän Türkmenistanyň Mary welaýatynda ýurtdaky iň uly gaz ýataklaryň biri bolan “Galkynyş” käni ýerleşýär. Bu gaz ýatagy diňe Mary welaýatyny däl, eýse tutuş ýurdy gaz bilen üpjün etmäge ukyply.

Muňa garamazdan, Mary welaýatynda we ýurduň beýleki regionlarynda gaz hem-de elektrik energiýasynyň üpjünçiliginiň pesdigi barada Azatlyk Radiosy ýylyň-ýylyna habar berýär. Bu ýagdaý ilatyň gyş aýlarynda ýylynmak, tomus paslynda yssy howadan goranmak meselelerinde dürli kynçylyklary döredýär.

Munuň bilen bir wagtda, ýurduň dürli regionlaryndaky ýaşaýyş jaýlarynda, döwlet edaralarynda, şol sanda çagalar baglarynda, mekdeplerde we hassahanalarda ýyladyş ulgamlary hem kadaly işlemeýär. Çagalar we näsaglar sowuk otaglarda okamaga ýa-da saglyk bejergisini alamaga mejbur bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG