“Türkmenistan” awiakompaniýasy Dubaýa we Abu-Dabä (Birleşen Arap Emirlikleri) amala aşyrylýan yzygiderli howa gatnawlarynyň wagtlaýyn togtadylmagyny 2026-njy ýylyň 15-nji iýunyna çenli uzaltdy.
Awiakompaniýanyň 5-nji iýunda beren maglumatyna görä, bu Eýranyň howa giňişligindäki çäklendirmeler hem-de uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen geçirilen töwekgelçilik seljermesiniň netijelerine laýyklykda kabul edilipdir.
Ýatyrylan gatnawlaryň ýolagçylarynyň awiabiletlerini tutumsyz ýagdaýda doly yzyna gaýtaryp ýa-da iň ýakyn mümkinçilik bar bolan senelere tutumsyz ýagdaýda üýtgedip biljekdigi aýdylýar.