30-njy awgustda ýerli wagt bilen takmynan agşam sagat 5:20-de Türkmenistanyň tas ähli territoriýasynda elektrik üpjünçiligi kesildi. Azatlygyň çeşmeleriniň biriniň makala çap edilen pursadynda beren maglumatyna görä, elektrigiň giň gerimli kesilmegine Mary döwlet elektrik stansiýasynda ýüze çykan uly näsazlyk sebäp boldy. Ýöne bu maglumaty heniz beýleki çeşmelere tassyklatmak başartmady.
Azatlyk Radiosynyň Balkan we Daşoguz welaýatlaryndaky habarçylary elektrik togunyň kesilendigini ýerli wagt bilen agşam sagat 5:50 töwereginde habar berdiler. Olaryň aýtmagyna görä, iki sebitde elektrik togy eýýäm iki sagat töweregi wagt bäri kesik bolmagynda galýar. Soňra biz Aşgabat şäherindäki, Ahal we Lebap welaýatlaryndaky habarçylar bilen habarlaşdyk, olar hem öz sebitlerinde agşam sagat 5:20 töwereginde elektrik üpjünçiliginiň kesilendigini habar berdiler.
Aşgabatdaky habarçymyz tutuş paýtagtyň diňe elektriksiz galmak bilen çäklenmän, eýsem suw üpjünçiliginde hem kynçylyklaryň döräp başlandygyny aýtdy.
Degişli maglumat
Ahalda hem tok üpjünçiliginde bökdençlikler saklanýar, hem-de bergili hojalyklaryň togy kesilýär"Eýýäm iki sagat bäri elektrik togy ýok. Tutuş şäher elektrik toksuz galýar. Gaudan etrapçasynda kwartiralaryň suw üpjünçiligini hem kesdiler. Şäheriň beýleki ýerlerinde hem kynçylyklar başlandy. Adamlar gyzgyn howa sebäpli köçä çykdylar. Ýollarda swetoforlar işlemeýär, polisiýa bolsa ulaglaryň hereketini düzgünleşdirýär. Arkadag şäherinde hem elektrik togy ýok. Hemme zat togtady. Lukmançylyk edaralary elektrik we suw üpjünçiliginiň kesilmegi bilen göreşip bilmeýärler. Söwda merkezleri, dermanhanalar we restoranlar öz işini togtatdy" diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.
Türkmen paýtagtynyň merkezindäki Parahat-2 etrapçasynyň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosyna elektron poçta arkaly iberen maglumatynda şeýle diýdi:
"Bütin şäher köçelere çykyp, pikir alyşýan ýaly duýulýar. Parahat etrapçalarynyň ählisinde elektrik togy ýok. Meniň Awazadaky, Baýramalydaky, Marydaky, Daşoguzdaky we beýleki sebitlerdäki tanyşlarym hem elektriksiz oturandyklaryny habar berýärler. Bu eýýäm giň gerimli bir zat".
Azatlygyň habarçysy öz çeşmesine salgylanyp, elektrik üpjünçiliginiň kesilmegine "Mary GRES" diýilýän Mary döwlet elektrik stansiýasynda bolan uly näsazlygyň sebäp bolup biljekdigini habar berýär.
"Sebit administrasiýasyndaky bir resminiň aýtmagyna görä, Mary döwlet elektrik stansiýasynda adatdan daşary ýagdaý, näsazlyk ýüze çykypdyr. Energiýa bloklarynyň birinde çynlakaý näsazlyk bolmagy mümkin" diýip, habarçymyz aýtdy.
Ýöne makalanyň çap edilen pursadyna çenli bu maglumaty beýleki çeşmelere tassyklatmak başartmady.
Degişli maglumat
Narmanly ýaşaýjylar bäş ýyl bäri toksuz oňuşmaly bolýarAzatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan aşgabatly bilermeniň aýtmagyna görä, Tükmenistanda elektrik üpjünçiliginiň şeýle giň gerimli derejede kesilmegi bilen bagly ýagdaý ilkinji gezek bolýar.
14-nji awgustda Merkezi Aziýanyň dört ýurdunda - Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda we Özbegistanda elektrik üpjünçiliginiň bir wagtyň özünde köpçülikleýin kesilmegi bilen bagly waka boldy. Resmiler şonda elektrik üpjünçiliginiň kesilmegine Gyrgyzystandaky gidroelektrik generatorlarynyň öçmeginiň sebäp bolandygyny aýtdylar.
Ýerli wagt bilen agşam sagat 8:00 töwereginde gelip gowşan maglumatlarda habarçylarymyz Aşgabatda, Arkadagda, Balkanabatda, Ahalyň Gökdepe etrabynda elektrik üpjünçiliginiň heniz-de dikeldilmändigini habar berdiler.
"Elektrik üpjünçilik kärhanalarynyň telefon belgileri hem işlemeýär. Olara jaň edip, jogap alyp bolmaýar. Hassahanalaryň, tiz kömek merkezleriniň telefon belgileri hem öçürilen. Ýangyç guýujy beketlerde agşamara isleg artýan wagty benzin satylmaýar" diýip, habarçymyz aýtdy.
Howanyň temperaturasy gündizlerine 40 gradusa ýetýän şu günlerde elektrigiň köpçülikleýin kesilmegi ilata, hususan-da, gartaşan adamlara we näsag raýatlara has-da oňaýsyz täsir ýetirýär.
"Ne jaýlardaky kondisionerler, ne-de liftler işleýär. Adamlar uly kösençlik çekýär" diýip, habarçymyz belledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.