Türkmenistan Eýranyň heläkçilige uçran gämisindäki 14 adamy halas etdi

Bezeg suraty

Türkmenistanyň Hazar deňzindäki kenar gulluklary 14-nji ýanwarda Eýranyň “Rona” atly ýük gämisinden SOS signalyny, betbagtçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolmak habaryny aldylar diýip, Türkmen DIM-niň metbugat üçin ýaýradan habarynda aýdylýar.

Türkmen tarapy gämi häläkçiliginiň sebäbini anyklaşdyrmady.

Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň netijelerini aradan aýyrmak bilen bagly döwlet edaralary, deňiz gatnawynyň düzgünlerini kadalaşdyrýan halkara kadalaryna laýyklykda, gämidäki adamlary halas etmek boýunça ähli zerur çäreleri gördi diýip, DIM ýazýar.

Resmi maglumata görä, öz wagtynda geçirilen işler gämidäki 14 adamyň ählisini halas etmek bilen tamamlandy.

Deslapky maglumatlara görä, olar Eýranyň we Hindistanyň raýatlary bolup durýar.

Şeýle-de, türkmen tarapynyň häzir halkara kadalarynda göz öňünde tutulan degişli çäreleri görýändigi habar berilýär.

Degişli maglumat Tramp protestlerde ölenleriň sany artýarka eýranlylara "kömek ýolda" diýýär

“Важные истории” bu ýük gämisiniň ozal “Oban” ady bilen ýüzendigini belleýär.

Yzarlaýyş maglumatlaryna görä, gämi 2024-nji ýylyň oktýabryndan 2025-nji ýylyň dekabryna çenli Eýranyň Amirabad we Anzali portlaryndan Astrahan, Mahaçgala we Azow portlaryna 20 gezek gelipdir.

Häzirki wagtda ol Astrahana iň soňky saparyny amala aşyrýardy diýip, habarda bellenýär.

CNN, “The Wall Street Journal”, şeýle-de “Meduzanyň” žurnalistleri mundan öň Eýrandan Russiýa deňiz arkaly ýarag daşamak üçin ulanylýan esasy ýoluň Astrahan bilen Amirabadyň arasyndan geçýändigini habar beripdiler.

Ukrainanyň Ýaragly güýçleri dekabr aýynda Hazar deňzinde "Kompozitor Rahmaninov" we "Askar-Sarija" gämilerine zarba urandygyny habar berdi.

Ukrain tarapynyň aýtmagyna görä, bu gämiler harby maksatlar üçin ulanylýar we Eýran bilen Russiýanyň arasyndaky harby ýükleriň daşalmagyna gatnaşanlygy üçin ABŞ sanksiýalaryna sezewar bolýar.

Bu habar Eýranda geçen ýylyň aýagynda başlanan köpçülikleýin protestleriň basylyp ýatyrylmagynyň arasynda internetiň baglanan wagtyna gabat geldi.

Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary türkmen häkimiýetleriniň soňky hepdelerde Eýran bilen araçäkleşýän sebitlerdäki howpsuzlyk çärelerini berkidendigini habar berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.