Türkmen resmisi aýallara sürüjilik rugsatnamasynyň berilmezligini 'düşündirdi'

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekili G.Weliýew ýurtda ygtyýarnamasyz maşyn sürýän köp sanly aýalyň tapylandygyny, howpsuzlygy üpjün etmek üçin derňew başlanyp, şol döwürde aýallaryň ulag sürmek ukybynyň wagtlaýyn togtadylandygyny aýtdy. Türkmen resmisi BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 6-njy noýabrda Ženewada geçirilen maslahatynda çykyş etdi.