“Biržada para berseň, nobatyňy öňe süýşürýärler”

Mary şäherinde kölegede oturan zenan.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda ençeme zawod-fabrikleriň açylýandygy, bularyň ilaty iş bilen üpjün etmek meselesine uly goşant goşýandygy wagtal-wagtal türkmen metbugatynda habar berilýär.

Emma Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan käbir türkmenistanlylar bu desgalaryň ýurduň diňe çäkli sebitlerinde gurulýandygyny we döredilýän iş orunlarynyň hem ilaty iş bilen üpjün etmäge ýeterlik däldigini aýdýarlar.

Şeýle ýaşaýjylardan biri Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň ýaşaýjysy bolup, ol öz sebitinde işsizligiň giňden ýaýrandygyny, para bermezden işe ýerleşip bolmaýandygyny aýdýar.

Baýramaly şäherinden özüni Gülsoltan diýip tanyşdyran öý hojalykçy zenan bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa gürrüň berdi.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

“Biržada para berseň, nobatyňy öňe süýşürýärler”