Türkmenistan syýahatçylyga açylýar: daşary ýurtlular üçin erkinlik, ýerli ilat üçin çäklendirmeler

17-nji martda Aşgabadyň bazarynda aýlanyp ýören bir zenan.

2026-njy ýylyň başynda Türkmenistana barmagynyň öňüsyrasynda kanadaly syýahatçy Elyse Williams öz syýahatçylyk agentliginden awtoritar ýurtda myhmanhanasyndan uzaklaşmazlyk we köçelerde ýeke özi gezip ýören mahaly surata düşürmekden saklanmak barada duýduryş aldy.

Emma ol ýurda baranda, ýagdaý garaşylyşy ýaly berk düzgünleşdirilen däldi. “Suratlarymdan hem görşüňiz ýaly, [surata düşürmek berk çäklendirilen] diýen ýagdaý aç-açan beýle däldi” diýip, ol Azatlyga aýtdy. “Men köp dürli ýerlerde köp surat düşürmäge özümü örän erkin duýdum.”

Günbatar Türkmenistandaky Nohur obasyndaky gonamçylygyň 3-nji aprelde düşürilen suraty.

Türkmenistana saparlary guraýan syýahatçylyk agentlikleri hem soňky döwürde daşary ýurtly myhmanlara bolan resmi garaýyşlarda belli bir ýumşaklygyň duýulýandygyny aýdýarlar.

“Biz hakykatdanam üýtgeşmäni gördük” diýip, Britaniýanyň Lupine Travel syýahatçylyk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Dylan Harris Azatlyga aýtdy. “Wizalar öňkülerden has çalt berlip başlandy, üstesine-de, soňky 12 aýyň dowamynda bizde asla ret edilen ýüz tutma bolmady.”

Syýahatçylyk guramaçysynyň aýtmagyna görä, täze onlaýn ulgam arkaly wiza ýüz tutmalary has ýönekeýleşdirildi. Emma ol ret edilmeleriň azalmagynyň “ýurdy has köp açmak barada kabul edilen karara meňzeýän ýagdaý bilen baglanyşykly bolmagy örän ähtimal” diýip hasaplaýar.

20-nji martda Aşgabatdaky seýilgähde kitabyny okaýan adam.

Sowet Soýuzynyň dargamagyndan bäri Türkmenistan syýahatçylaryň arasynda öňki sowet döwletleriniň içinde sapar etmek üçin iň repressiw we iň kyn ýurt hökmünde tanalypdy. Syýahatçylar wiza ýüz tutmalarynyň esassyz ret edilmegini, şeýle hem ýurda girmegi başaranlar üçin surata düşürmek we hereket etmek babatda berk çäklendirmeleri beýan edipdiler.

Soňky “ýumşaklykdan” öň özlerini syýahatçy hökmünde görkezen fransuz dokumental film topary ýurduň awtoritar häsiýetine sowuk täsir galdyrýan görnüşde şaýat bolupdy: bir adam türkmen dilinde fransuz žurnalistlerini masgaralap, ýylgyryp durşuna özüniň wideosyny düşürdi. Ýurtdaky howpsuzlyk edaralary bilen baglanyşygy bar diýilýän şol ýerli ýaşaýjy Türkiýede ýaşaýan görnükli zenan dissidenti “sesini çykmaz” etmek üçin pul baýragyny wada berýän haýbatly wideolary hem paýlaşypdy.

Aşgabatda Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň altyn ýadygärligini görkezýän 20-nji martda alnan surat.

Syýahatçylyga bolan resmi garaýyşlardaky görünýän üýtgeşme 2025-nji ýylyň başynda elektron wiza ulgamynyň girizilmegi bilen başlandy we 2026-njy ýylyň aprelinde Aşgabatda geçirilen, “Türkmenistanyň halkara syýahatçylyk kartasyndaky ornuny berkitmäge” bagyşlanan maslahat bilen has-da aýdyňlaşdy.

Aşgabatdaky şol çäräniň yz ýanyndan käbir Günbatar žurnalistleri ýurduň içinden öwgüli habarlary çap etdiler. Apreliň başynda meşhur britan YouTube-blogeri Benjamin Riç millionlarça gezek görlen erkin görnüşli wideo ýerleşdirdi. Şol wideoda ol bir pursatda Aşgabadyň içgi satýan barlaryny ýeke özi aýlanyp görmek üçin gözegçiliksiz galdyrylýar.

2-nji aprelde surata düşürilen Türkmenistanyň ady belli bolmadyk sebitindäki bir oba.

Emma ýerli ýaşaýjylar Aşgabadyň daşary ýurtlulara bolan garaýşyndaky üýtgeşmeleriň öz raýatlaryna degişli däldigini aýdýarlar.

“Ýönekeý adamlaryň durmuşynda gowulyga tarap hiç zat üýtgemedi” diýip, gündogardaky Lebap welaýatynyň bir ýaşaýjysy Azatlyga aýtdy.

“Türkmenistanda Internet berk gözegçilik astynda, ähli garaşsyz habar saýtlary petiklenen, adamlar öz nägileliklerini sosial ulgamlarda erkin beýan edip bilmeýärler” diýip, howpsuzlyk sebäpli ady açyk görkezilmeýän ýerli ýaşaýjy sözüniň üstüni ýetirdi.

2025-nji ýylyň ahyrynda bir türkmen blogeri ýurtdaky et bahalaryny tankytlandan soň ýitirim boldy, soňra bolsa syrly ýagdaýda aradan çykdy. Bu waka türkmen häkimiýetleriniň ýurduň içindäki tankydy seslere garşy basyş çärelerini güýçlendirýän döwründe bolup geçdi.

4-nji aprelde Aşgabatdaky Halk Hakydasy Memorial toplumynyň surata düşürilen bölegi.

Şol bir wagtda hem ýerli ýaşaýjylar, hem-de syýahatçylyk pudagyndaky çeşmeler Türkmenistanda syýahatçylara bolan ýumşaklygyň daşary ýurtly myhmanlaryň sanynyň birden artmagyna entek sebäp bolmandygyny aýdýarlar.

Aşgabatly bir ýaşaýjy Azatlyga köçede daşary ýurtly adamy soňky gezek haçan görendigini ýatlamakda kynçylyk çekýändigini aýtdy.

“2017-nji ýyla çenli Aşgabat köçelerinde daşary ýurtly işewürlere, maýadarlara ýa-da ekspatlara duş gelmek, ýa-da daşary ýurtly syýahatçylar bilen gabatlaşmak mümkindi. Emma häzir Türkmenistanda daşary ýurtly işewürleri ýa-da syýahatçylary seýrek görse bolýar” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran bir erkek adam aýtdy.

2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanasynyň 4-nji aprelde düşürilen suraty.

Harris soňky döwürde ýurda bolan gyzyklanmada birdenkä ösüşiň bolmandygyny aýdýar. Ýöne onuň sözlerine görä, ýurt 2023-nji ýylda COVID-19 pandemiýasyndan soň serhetlerini täzeden açany bäri sargytlaryň sany “durnukly ýokary derejede” saklanyp gelýär.