Türkmenistan ulag, üstaşyr geçirme we logistika boýunça türkmen-azerbaýjan toparynyň işiniň işjeňleşdirilmegini goldaýar diýip, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 22-nji iýunda Bakuwda Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew bilen giňeldilen düzümde geçirilen gepleşiklerde aýtdy.
“Ulag-üstaşyr geçirme pudagyna strategik hyzmatdaşlyk ugurlarynyň biri hökmünde baha beren Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň amatly geografik ýerleşişiniň halkara ulag geçelgelerini ösdürmek nukdaýnazaryndan möhüm artykmaçlyk döredýändigini aýtdy. Şu maksat bilen ol ulag, üstaşyr geçirme we logistika boýunça türkmen-azerbaýjan toparynyň işini mundan beýläk hem işjeňleşdirmegi teklip etdi” diýlip, Azerbaýjan prezidentiniň metbugat gullugynyň beýanatynda aýdylýar.
Mundan başga, 22-nji iýunda döwlet sapary bilen gelen Berdimuhamedow gepleşikleriň netijeleri boýunça geçirilen metbugat ýygnagynyň dowamynda iki ýurduň territoriýasyndan geçýän Gündogar–Günbatar ugry boýunça ulag we üstaşyr geçelgeleri döretmekde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyk gazanylandygyny nygtapdyr.
Hazar deňzi bilen bagly hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Berdimuhamedow howpsuzlyk, ykdysadyýet, ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça hyzmatdaşlygyň Aşgabat we Baku üçin möhüm ähmiýete eýedigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ol Türkmenistanyň Hazar deňzi bilen bagly meseleler boýunça ýokary derejeli duşuşyk geçirmek başlangyjyny öňe sürendigini aýtdy we Hazar ekologiýa başlangyjyny ilerletmekde Azerbaýjanyň goldawyna umyt bildirdi.
Berdimunamedow iki ýurduň Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Rumyniýa ugry boýunça Hazar deňzi bilen Gara deňzi birleşdirýän ulag geçelgesini döretmek başlangyjyny goldaýandygyny aýtdy. Ol Hazar we Gara deňiz sebitleriniň birleşdirilmeginiň ykdysady, söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin gowy mümkinçilikleri açýandygyna ynanýandygyny belledi.
Iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Resminamalaryň çäginde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň hökümetleriniň arasynda energetika babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyga gol goýlandygy mälim edilýär. Ýöne resmi habarlarda bu ylalaşygyň jikme-jiklikleri aýdyňlaşdyrylmaýar.