Türkmenistanda milli puluň daşary ýurt walýutalary babatyndaky resmi nyrhy 10 ýyl bäri üýtgedilmän galýan hem bolsa, onuň gara bazardaky nyrhy üýtgäp durýar. Soňky günlerde amerikan dollarynyň resmi kursdan bäş esseden ýokary bolan gara bazardaky nyrhy uzak wagtdan soň birden peselipdir.
Bir ýyla golaý wagtlap 20 manat derejesinde bahalanan amerikan dollarynyň nyrhy 26-njy dekabrda irden 19,2 manat, agşamyna 18 manat we şenbe güni 17,6 manada barabar boldy. Ýekşenbe güni dollaryň nyrhy ýene-de 19 manada bardy. Bu barada Azatlygyň Aşgabatdaky we Balkan welaýatyndaky habarçylary maglumat berdiler.
Bu ýagdaý türkmenistanlylarda alada döredipdir. Esasan-da, zähmet migrasiýasynyň hasabyna ýaşaýan maşgalalar hossarlarynyň daşary ýurtlarda işläp, dollarda ugradýan puluny gara bazarda çalyşýarlar.
Degişli maglumat Gara bazarda dollar gymmatlap başlady"Daşary ýurtda işläp öýlerine pul ugradýanlar dollaryň düşmegine gynandylar. Dollaryň gara bazardaky bahasynyň peselen wagtynda iki günläp adamlar howsala düşdüler. Daşary ýurtlarda işläp pul iberyänleriň hossarlarynyň arasynda dollaryň has pese düşmeginden gorkup barja bolan dollarlaryny manada bölenler hem gaty kän boldy" diýip, aşgabatly çeşme gürrüň berdi we dollary alyp-satýanlaryň ony satman, diňe satyn alandygyny belledi.
Habarçylaryň sözlerine görä, 29-njy dekabrda dollar gara bazarda 19,4 manatdan satylýar we 19 manatdan satyn alynýar. Bu nyrh amerikan dollaryň türkmen manady babatynda Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň kesgitlän bahasyndan 5 esse ýokary. 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri resmi kurs 3,5 manat 1 amerikan dollaryna barabar diýlip kesgitlendi, emma bu kurs diňe nagt däl pul çalyşygy üçin ulanylýar. 2016-njy ýylda nagt walýuta çalyşygy gadagan edildi.
'Balkanda hem aşaklaýar'
Balkan welaýatynda dollaryň bahasy 20 manatdan pese düşüp, birden 16 manat bolupdyr, soňra biraz ýokarlanyp, 18 manat we 17,5 manat aralygynda üýtgäp durupdyr. Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky çeşmeleriniň bu barada beren maglumatyna görä, dollaryň gazar bazardaky nyrhynyň aşaklamagy harytlaryň nyrhyna häzirlikçe täsir etmändir.
"Azyk önümleriniň, awtoşaýlaryň, öý hojalyk tehnikalarynyň, gurluşyk harytlarynyň bahasy öňküligine galýar, käbirleri gymmatlaýar" diýip, balkanly çeşme aýtdy.
Degişli maglumat Balkanyň häkimiýetleri manadyň galp kupýuralary “köpelýärkä”, walýuta söwdagärlerini we telekeçileri berk derňeýärAşgabatdaky we Balkandaky çeşmeleriniň sözlerine görä, dollaryň nyrhynyň soňky günlerde yzygiderli üýtgäp durmagy dowam edýär.
"Dollaryň nyrhy gara bazarda täze ýyldan soň belli bolar diýip, çaklanylýar" diýip, habarçymyz bank işgärlerine salgylanyp, habar berdi we näbelliligiň adamlarda howsala döredip, tassyklanmadyk çaklamalaryň öňe sürülmegine sebäp bolandygyny belledi.
"Dürli çaklamalar bar. Döwletiň 26-njy ýylyň başyndan walýutany bankda erkin çalyşyp başlar diýen tassyklanmadyk maglumatlar köpeldi. Dollaryň türkmen manady babatyndaky resmi bahasy ýokarlandyrylar diýýänler bar. Bu bolsa daşary ýurtlarda okaýan türkmen raýatlaryň okuw tölegine täsir eder diýip, alada edýän bar bolsa, benzin hem gymmatlar diýilýär" diýip, bank işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Degişli maglumat Türkmenabatda elden walýutany alyp satýanlara garşy reýd geçirilýärTürkmenistanyň gara bazarynda daşary ýurt walýutasynyň çalyşyk kursunyň nädip kesgitlenýändigi we oňa nämäniň täsir edýändigi belli däl. Nagt walýuta çalyşygy legal däl bolsa-da, dollaryň gara bazary 10 bäri hereket edýär.
Bu mesele boýunça resmi teswir bermeýän häkimiýetler dollar söwdagärlerine wagtal-wagtal basyş görkezýär, dollar alyp-satýanlara garşy reýd geçirilýär, käbirleri tussag edilýär, käte döwlet TW-si bikanun walýuta söwdasynda tutulandygy aýdylan adamlaryň toba edýän çykyşlaryny görkezdi, emma gara bazar we goşa çalyşyk kursy saklanyp galýar.
Halkara walýuta fondy Türkmenistanda durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin manadyň konwertasiýa mümkinçiliklerini ösdürmegiň zerurdygy birnäçe gezek nygtady we walýuta edilýän döwlet gözegçiliginiň gowşadylmagyny yzly-yzyna maslahat beripdi.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Azat Adalga: Pul – milli we daşary ýurt walýutasy (1-nji bölüm)
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.