Türkmenistanda lukmanlar we mugallymlar işini terk edýär, pensiýadaky işgärler işe çagyrylýar

Döwlet edarasy, Türkmenistan. (Arhiw suraty)

Türkmenistanyň býujet edaralarynda işgär ýetmezçiligi emele geldi, ýaş we orta ýaşly işgärleriň işden meýletin çykmagyna degişli ýagdaýlarynyň köpelmeginiň we ýurduň daşyna zähmet migrasiýa akymynyň güýçlenmeginiň arasynda käbir edaralarda zähmet pensiýasyna çykan öňki işgärleri işe çagyrmak ýaly çäreler görülýär. Bu barada Azatlygyň Balkandaky we Lebapdaky çeşmeleri habar berýärler.

Balkanyň döwlete degişli edaralaryndaky ýagdaýdan habarly çeşmäniň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, saglyk we bilim pudagynda pensiýadaky ýaşy uly kadrlary işe yzyna çagyryp başlapdyrlar.

"10 ýyl ozal pensiýa giden ýaşy 70-den aşan mugallymlardan we lukmanlardan bilim hem-de saglygy goraýyş resmileri bolmanda 2 ýyl işläp bermeklerini soraýarlar. Şeýlelikde, pensiýadaky lukmanlaryň we pedagoglaryň ençemesini işe gaýtardylar. Soňky iki aýda pensiýadaky onlarça adam täzeden işläp başlady" diýip, ýerli çeşme 10-njy fewralda habar berdi.

Balkanly çeşmeler mundan öň pensiýa ýaşy dolan mugallymlara we saglyk işgärlerine işlemäge rugsat berilmändigini, olaryň işden çykmagy talap edilip, "ýaş kadrlaryň zerurlygy" bilen düşündirilendigini bellediler.

Degişli maglumat Maryda işgärlerden pul almagyň täze usuly döredi, býujetçiler işden çykýar

Býujet edaralarynda dörän kadrlar ýetmezçiligi Türkmenistanda resmi derejede boýun alynmaýan uzaga çeken ykdysady çökgünliligiň we ilatyň durmuş derejesiniň pese gaçmagynyň arasynda emele geldi.

"Balkanabatda 25-50 ýaş aralygyndaky lukmanlar, şepagat uýalary, şeýle-de mugallymlaryň tas ählisi daşary ýurtlara Russiýa, Germanýa, Polşa ýaly döwletlere gitdiler ýa-da gitmegini dowam etdirýärler. Bu bolsa onsuzam ýetmezçilik edýän medisina we bilim işgärleriniň sanynyň göz-görtele azalmagyna getirdi" diýip, ýerli çeşme aýtdy.

Hususan-da, bilim edaralarynda mugallymlar ýetmezçilik edýär. Ýerli häkimiýetler çäre görmäge mejbur bolup, pedagogiki okuw jaýlarynda bilim alýan studentleri okatmak işine çekmek çäresine hem seredýärler diýip, çeşme belledi.

"Balkan welaýat bilim müdirligi Bilim ministrliginden Aman Kekilow we Beki Seýtäkow mugallymçylyk mekdeplerinde bilim alýan balkanly ýaşlary we Magtymguly uniwersitetiniň 2-nji we 3-nji ýyl talyplaryny okuwlary gutarýança iş tejribesi hökmünde işletmegi sorady, ýöne onuň bu haýyşlary kanagatlandyrylmady" diýip, çeşme aýtdy.

Şeýle-de, balkanly çeşmeleriň sözlerine görä, sebitiň energetika pudagynda, gaz we agyz suw edaralarynda, awtotransport hyzmaty kärhanalarynda ýiti kadr ýetmezçiligi döräpdir. "Işden gidýänleriň sany aý saýyn köpelýär" diýip, çeşme 10-njy fewralda aýtdy.

Azatlygyň habarçylary Türkmenistanda saglyk, bilim işgärleriniň, harbylaryň, gurluşykçylaryň we beýleki kadrlaryň işden çekilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň köpelendigini soňky iki ýyl bäri yzygiderli habar berýärler. Emma olaryň sözlerine görä, şu ýylyň başyndan bäri kadrlar ýetmezçiligi has-da köp göze ilýär.

Býujet işgärleriniň eline düşýän ortaça aýlyk 2000 manat töwereginde bolup, bu Merkezi Bankyň kursy boýunça 571,4 amerikan dollaryna, gara bazaryň nyrhy boýunça 100 amerikan dollaryna barabar. Ýurtda harytlar we hyzmatlar gymmatlaýarka, hökümet ilat üçin öňden bolan sosial ýeňillikleri ýatyrdy, şu ýyl ozalky ýyllardan tapawutlylykda aýlyklar we pensiýalar 10% ýokarlandyrylmady.

'Aýlyk hiç zada ýetmeýär'

Lebap welaýatynyň mugallymlary hem ýaşaýyş derejesiniň peselmeginden zeýrenýärler. Azatlyk Radiosy bilen gepleşen ýerli mugallymlar, işlerini taşlap daşary ýurtlara gitmegi meýil edýändigini aýdýarlar.

“Üstümize ýüklenýän tölegsiz borçlaryň sany gün saýyn artýar. Etrapda zähmet çekýän bolsaň hepde-de azyndan üç gezek diýen ýaly pagta gitmeli. Täze ýyldan ähli zatlar gymmatlady, aýlyklar hem indi göterilmeýär. Mal-garamy satyp, daşary ýurda işe gitjek” diýip, köýtendagly mugallym aýdýar.

Degişli maglumat Lebaply mugallymlar goşmaça gazanç etmek mümkinçiliginden mahrum edilýändiklerini aýdýarlar

Lebabyň Darganata etrabynda işleýän ýaş mugallym goşmaça sagat alyp işlese-de, aýlygyna gün görüp bolmaýandygyny gürrüň berdi: "Uzak etraplarda mugallymlaryň azlygy üçin, aýlyga goşmaça pul goşulyp berilýärdi. Hepdelik 36 sagatdan artyk sagat alyp bolardy. Emma häzirki ýaşaýyş derejesinde gazanjyň iýmite zordan ýetýär.”

Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen ýene bir lebaply pedagog özüniň ýokary derejeli mugallymdygyny we aýlygynyň ýokary hasaplanýandygyny, emma onuň gün görmek üçin ýetmeýändigini aýtdy:

“Aýlygym 3300 manat, bir hepdede bu pul ýok bolýar. Hökümet nirä seredýär? Onsuz hem durmuş gymmat, indi aýlyklaryň ýokarlandyrylmagy hem ýatyryldy. Bu syýasat adamlary horlaýar, hökümetiň habary ýokmy?".

'Ýolbaşçylaryň habary bar'

Lebap welaýatynyň bilim müdirligindäki ýagdaýdan habarly çeşmeler welaýat resmileriniň mugallymlaryň arasyndaky nägilelikden habarlydygyny, emma ony Bilim ministrligine ýetirmek beýle-de dursun, ýagdaýy hatda agzamagyň gadagan edilýändigini aýtdylar.

“Edarada aýlyklaryň galdyrylmajaklygy hem-de mugallymlaryň işlerini taşlap gitmekçi bolýandyklary hakynda edilýän özara gürrüňleriň binanyň çäginde edilmezligi tabşyryldy. Bolýan panikany merkeze ýetirmekden geçen, hat-da gürleşmegi hem gadagan edýärler. 'Beýle gürrüňleri merkeze ýetirmek gadagan' diýip ýygnakda başlyk bize aýtdy” diýip, çeşme anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Ol Türkmenabat şäheriniň çäginde 41 sany mekdebiň barlygyny we her mekdepden şu ýylyň başyndan bäri azyndan 2 adamyň işden çykanlygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosy Lebap welaýatynyň bilim müdirliginden we Türkmenistanyň Bilim ministrliginden resmi görnüşde teswir alyp bilmedi.

Degişli maglumat Giň ýaýran işsizligiň arasynda, býujet işini taşlap, iş gözleginde daşary ýurtlara gidýän adamlar köpelýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.